Ýaş nesillere terbiýe bermekde Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň ähmiýeti

12-01-26

Hormatly Prezidentimiz döwlet durmuşynyň ähli ugurlary bilen bilen bir hatarda bilim-terbiýe meselesine, ýaş nesilleriň ruhy-ahlak medeniýetini kemala getirmek, kämilleşdirmek, ýaşlaryň ahlak sypatlaryny ösdürmek, olary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek ýaly wajyp meseleleri üns merkezinden düşürmeýänligi ýaş nesli ruhy taýdan terbiýelemek işini irginsiz alyp barýan kitaphanaçylary has-da buýsandyrýar.

Ýaş nesli kitabyň, çeper eserleriň üsti bilen terbiýelemek çagalar kitaphanalarynyň işgärleriniň öz öňlerinde goýýan asylly maksatlarynyň biri bolup durýar. Çeper eserleriň – kyssadyr şygyrlaryň üsti bilen çagalara Watançylyk terbiýesini, estetiki terbiýäni, zähmet terbiýesini, ruhy-ahlak terbiýesini bermegiň, olarda ata Watana, ene Topraga bolan söýgüni döretmegiň, ene-ata bolan sylag-hormaty kemala getirmegiň, ylyma-bilme, kitaba sarpa goýmagy öwretmegiň özi kitaphanaçylaryň mukaddes borjudyr.

Nusgawy edebiýatyň ynsan aňyna, hususan-da, şahsyýet hökmünde kemala gelýän ýaş nesliň aňyna örän netijeli täsir edýändigine şübhelenýän megerem ýok bolsa gerek. Mysal üçin, şygryýet dünýäsi Jemşidiň jamyna deňelýän beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde durmuşy, watançylyk-gahrymançylyk, öwüt-nesihat, at-bedew, söýgi-tebigat temalary eriş-argaç bolup geçýär. Watan, gahrymançylyk, il-ýurt, agzybirlik, jebislik hakyndaky şygyrlary bolsa onuň döredijiliginde iň bir görnükli orunlaryň birini eýeleýär. Hormatly Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, “Magtymguly Pyragy synmaz, özygtyýarly Türkmen döwletini, agzybirligi, jebisligi arzuw eden hakyky watançydyr”.

Magtymguly türkmen halkynyň guwanjy we buýsanjy hasaplanýar, ol geçmişiň, şu günüň, geljegiň şahyry hökmünde ykrar edilendir. Akyldar şahyrymyz diňe bir türkmen halkynyň däl-de, eýsem dünýä halklarynyň arasynda hem türkmen edebiýatyny ýer ýüzüne äşgär eden ussatdyr.

“Magtymguly, garyp göwnün baý edip,
Kanagat ülkesin bendi-jaý edip,
Her kim öz ýaryny dogan aý edip,
Aýyn gözlär, özge aýa seretmez”

diýen setirleriniň üsti bilen göwnüň, ruhuň baý bolmagyny, sabyr-kanagaty özüňe ýaran edinmelidigini, söýgüňe wepaly bolmalydygyny öwredýär.

Öz bilim alan ýeriňe sylag-hormat goýmagyň görelde mekdebi bolup durýan setirleri bolsa ýaşlarda ylyma-bilime, okaýan mekdebine, gatnaýan kitaphanasyna sarpa goýmagy ündeýär:

“Daýym unutmaz men tylla gapysyn,
Gider boldum, hos gal, gözel Şirgazy!”

diýmek bilen, nusgawy şahyrymyz “mekan eýläp, üç ýyl duzuny iýen”,  okap bilim alan ýerine özüniň hormatyny, sylag-sarpasyny parasatly setirleriniň üsti bilen mälim edýär.   

Ýaş ýetginjekler goşgy setirlerini sesli, labyzly okamak bilen, okan goşgy setirleriniň mynysyna düşünmeklige, hem-de ony mugallymlaryna, ene-atalaryna, ýa-da bolmasa biri-birlerine gürrüň bermeklige synanyşýarlar. Nusgawy şahyrlaryň eserlerini okamaklyk has aýdyň ýagdaýda bolup geçýär. Çünki nusgawy şahyrlarymyz göräýmäge ýönekeý bolup görünýän setirleriň üsti bilen çuňňur many-mazmuny açyp görkezmegi, “gysga, emma şerhi köp” sözleriň üsti bilen umman ýaly giň, daglar ýaly belent paýhas-pikirleri beýan etmegi ussatlyk bilen başarypdyrlar. Bu eserleri okap çagalar özleriniň söz baýlyklaryny hem artdyrýandyklaryny, düşünmedik sözlerini sözlüklerden gözläp tapýandyklaryny aýratyn bellemek gerek. Bu bolsa olaryň kitaphanadan, maglumat çeşmelerinden özbaşdak peýdalanmak, özbaşdak pikirlenmek endiklerini kemala getirýär.   

“Pyragynyň ajaýyp şygyrlary ähli nesiller üçin beýik taglymatdyr” diýip şahyra belent sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, ata-babalarymyzyň goýup giden akyl-paýhas mirasyny mynasyp sarpalamak, olary öwrenmek, nesil terbiýesinde netijeli peýdalanmak üçin uly mümkinçilikler döredildi.

Aýnagözel ATAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Endokrinologiýa kafedrasynyň assistenti.

16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16ab37a9ec6d0b.jpeg
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY

Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.


16ab3788b244a0.jpeg
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY

Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.


16ab17f92b86fe.jpeg
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM

Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.