Döwrüň derwaýys işleri
21-12-23
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiziň häzirki ýeten sepgitleri barada söz açmak ýüreklerimizde buýsanç duýgusyny oýarýar. Arkadagly Serdarymyzyň öňyn başlangyçlarynyň netijesinde, şeýle-de ýurdumyzda edilýän her bir işiň häzirki döwrüň talaplaryna kybap gelmegini gazanmak babatda öňe sürýän pikirleriniň esasynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklary günsaýyn özgerdilýär. Bu işleri amal etmäge, häzirki zaman ösüşiň zerur şertlerini gurnamaga ukyply bolan ýurdumyz ähli babatda önümçilik, işjeňlik kuwwatyny has-da güýçlendirmegiň geljekki maksatnamalaryny yzygiderli işläp taýýarlaýar.
Soňky ýyllaryň netijeleri bilen öňki iş dolandyrylyşynyň arasyndaky tapawudyň örän uludygyny görmek bolýar. Mysal üçin, soňky ýyllarda tehnologiýanyň köpgyraňly, täze önümleri bilen adamzadyň durmuşy örän ýeňilleşdi, adamlaryň gündelik işine sarp edýän wagty köp derejede tygşytlandy. Munuň esasynda durýan dolandyryş ulgamynyň çäginde hyzmatlaryň sany barha artdy. Bu milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary babatda hem şeýle. Olaryň elektron resminama dolanyşygyny öz işleriniň baş ugruna öwürmegi netijesinde, birinjiden, işiň mazmunynda we ýerine ýetirilişinde amatlyklar döredi, ikinjiden bolsa, raýatlarymyz elektron resminama dolanyşygynyň, sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň amala aşyrylmagy bilen her günki durmuşymyzda has çuňňur ornaşýar.
Häzirki sanly ykdysadyýete geçiş döwründe täze programmalaryň, her pudagyň öz resmi saýtynyň döredilmegi, Sanly.tm milli elektron poçtamyzyň, tmchat messenjeriniň, uly ýeňillikli hyzmatlaryň ýörite internet goşundylarynyň köp sanly görnüşiniň ulanylyşa girizilmegi bilen maglumat üpjünçiligimiz, şol sanda oňa bolan isleglerimiz artdy. Sanlylaşdyrmagyň köptaraplaýyn bähbitlerini nazara alýan hormatly Prezidentimiz bu möhüm işe köpçülikleýin çemeleşilmegini esasy talap hökmünde öňde goýýar. Bu bolsa häzir ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda giňden alnyp barylýar.
Diýarymyzyň edara-kärhanalarynyň düzüminde zähmet çekýän hünärmenlere, işçilere hem sanly ulgamyň döredýän şertlerinden peýdalanmagy başarmak yzygiderli öwredilýär we bu iş barha özleşdirilýär. Bu halkymyzyň her bir nesliniň bitewülikde döwrebap aňly-düşünjeli jemgyýeti kemala getirmeginde wajypdyr. Halkymyzyň, türkmen jemgyýetiniň ýaşaýyş-durmuşynyň has-da gowulanmagynyň bähbidine şunuň ýaly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda amala aşyrylýan işleriň ählisi bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak baradaky taýsyz tagallalarynyň netijesidir. Şeýle mümikinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadag Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, dünýä ähimýetli alyp barýan işleriniň elmydama rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!
Daniýar BAHTIÝAROW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Demir ýol ulaglary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.
HAÝRAN GALDYRÝAN ULAGLAR
Awtoulagy bellenen tizlikden ýokary dolandyrýandygy üçin ýazylan iň köp jerime töleginiň möçberi 1 million amerikan dollaryna barabardyr. Bu jerime ulagyny sagatda 288 km tizlik bilen dolandyran şweýsariýaly sürüjä degişlidir. Ýeri gelende bellesek, bu ýurtda jerimeler gazanylan girdeji bilen baglanyşykly bolup durýar.
Dünýädäki iň täsin howa menzilleri
Singapur adaty bolmadyk binagärlikden we haýwanlary iň tebigy mekanynda görkezýän meşhur haýwanat bagyndan, ajaýyp seýilgähleri we baglary bilen bütin dünýäde meşhurdyr. Çangi - howa menzili Singapuryň ähli aýratynlyklarynyň bir görnüşidir. Dünýäniň iň gowy howa menzili hökmünde ençeme gezek ykrar edildi. Çangide menziliň ýokary gatlaryna münüp, menziliň içinde döredilen tropiki baglara tomaşa edip, onda gezelenç edip, hatda 40 metrlik şarlawuga haýran galyp, üçek howuzunda dynç alyp bolýar.
Watanyň daýanjy, geljegi ýaşlar
Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli kabul edýän çözgütleri, berýän tabşyryklary eziz Watanymyzyň rowaçlanmagyna, halkymyzyň eşretli durmuşynyň hatyrasyna gönükdirilýär, ylym-bilim ulgamyna berýän ägirt ünsi zehinli ýaşlaryň ýüze çykmagynda, bilim ulgamynda täze-täze oýlap tapyşlaryň döremeginde, türkmen ylmynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginde oňyn netijeleri berýär.
Goýberiliş №42 (17.10.2020 ý.)
Goýberiliş №41 (10.10.2020 ý.)
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.