SANLY BILIM — DÖWREBAP BILIMIŇ NUSGASY
09-11-24

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň bedew batly gadamlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly başlangyçlary esasynda döwrüň täze gazananlary bilen depginli dowam edýär. Muny häzirki wagtda ýurduň ösüşi üçin wajyp bolan ugurlaryň esasy orunda goýulýanlygy hem subut edýär. Çünki şu günüň gözi bilen dünýäniň häzirki ösüş derejesine nazar aýlanyňda, tehnologiýanyň döredýän mümkinçiliklerini amatlyklar üçin peýdalanmak zerury ýagdaý bolup ör-boýuna galýar.
Bu zerurlygyň häzirki döwürde dünýä tejribesiniň öňdäki basgançagy bolan sanly ulgamyň şertleri bilen çözülmegi ýurdumyzda baş ösüş ugurlarynyň biri bolup, mynasyp alnyp barylýar. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» esasynda amala aşyrylyp, gysga döwrüň içinde görnetin netijelerini berdi. Munda bilim ulgamynyň hem kämillik derejesi täze ösüş döwrüne gadam basdy. Sebäbi öňden hem ýurdumyzda kompýuterleşdirilen şertlerde kämil usullaryň, interaktiw synp tagtalarynyň esasynda alnyp barylýan okuw sapaklarynyň has-da ösen tehnologiýalara esaslanyp guralmagy ýeňillikleri döretdi.
Bilim ulgamynyň çalt depginde ösdümegi esasynda ýaşlaryň bilim başarnyklaryny kämilleşdirmäge ýeňillik döredi, olaryň okamak üçin gerek bolan şertlerden peýdalanmagynda wagtlaryny tygşytlaýjy hyzmatlar ýola goýuldy. Häzirki wagtda ýurdumyzyň orta hem ýokary okuw mekdeplerinde okap, bilim alýan ýaşlaryň ýaş aýratynlyklaryna garamazdan, ählisi üçin maglumatlar bilen tanyşmaga, elektron kitaplary, gollanmalary we beýleki edebiýatlary okamaga şertler açylýar. Bu bolsa şu günki günüň sanly bilim ulgamynyň kemala gelýänliginiň görkezijisidir.
Sanly bilim — halkymyzyň şu günki ýaş nesliniň aladasy esasynda ýurdumyzyň ýagty geljeginiň üpjün edilmegidir we onuň ösüşli ýollarynda bolsa ýaşlaryň aň-düşünjesiniň, bilim gorunyň, başarnyklarynyň özgerip, intellektual jemgyýetiň kemala gelmegidir. Şu ugurdan seretsek, biziň her birimiziň sanly ulgamyň mümkinçiliklerini öz işimizde peýdalanmakdaky şertlerimizi ýeterlik derejede öwrenmegimiz zerury ýagdaýdyr.
Diýarymyzda durmuşa geçirilýän innowasion özgertmeler, häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary bilen doly üpjün edilen döwrebap desgalar hünärmenlerden ýokary ussatlygy, has anyk aýtsak, ylmy, bilimi, hünär taýýarlygy ýokary derejede bolan hünärmenleriň täze neslini ýüze çykarýar. Bilim ulgamy nyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagy bolsa, öz gezeginde, ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaga, ösdürmäge, ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryndan doly baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamaga mümkinçilik berýär.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzyň bilim ulgamy dünýä tejribesi we täze tehnologiýalar bilen ösüşli menzillere gadam goýýar. Dünýäniň ösen tejribeleriniň bilim ulgamyna ornaşdyrylmagy bilimli, terbiýeli, tejribeli şahsyýetleriň taýýarlanmagyna we kemala gelmegine oňyn täsir edýär. Şoňa jogap edip, biz talyplar ýaş nesliň Watanymyza, hormatly Prezidentimize wepaly bolup ýetişmegi hem-de dünýä ülňülerine laýyk bilim almagy üçin ähli şertleri döredýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Tylla ÇÄŞEMOWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň talyby.

GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.

AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY
Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.

BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.

ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY
Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.

DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.