Beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň döredijiligine belent sarpa
02-05-24
Aslynyň kimlerdendigini şahyryň özüniň aýdyp geçmegine görä Magtymgulynyň ýaşlyk, ýetginjek ýyllary Etrek, Gürgen derýasynyň boýunda Soňydag, Gyzylbaýyr sebitlerinde tebigatyň gözel ýerlerinde geçipdir. Şol döwürlerde Eýran hanlyklarynyň çozuşlarynyň häli-şindi gaýtalanyp durmaklygy sebäpli şahyryň nebereleri öz ildeşleri bilen bilelikde, ilki Soňydaga, soňra bolsa Garrygala taraplara göçmäge mejbur bolupdyrlar. Şeýle göçe-göçlükler soňam ýygy-ýygydan gaýtalanyp durupdyr. Astrabat hanlarynyň Soňydagyň üstüne bolan çozuşynda gökleňler dagyň depesindäki Gyzylbaýyr diýip atlandyrylaýan ýerlere göçüpdirler. Şonda Tersakaryň güzerinden geçjek bolanlarynda, şol döwür bahar aýlary bolansoň güýçli ýagyşyň ýagmagy zerarly Magtymgulynyň ähli goşlaryny sil alypdyr. Şol siliň alyp giden zatlarynyň arasynda şahyryň birnäçe eserleriniň golýazmalaram bar eken. Şonda Magtymgula ol eserleriň diňe bir ujypsyzja bölegini alyp galmak başardypdyr.
Magtymguly Pyragy başlangyç terbiýäni kakasy Döwletmämmet Azadydan alýar. Ol bu barada: "Ylym öwreden ussat-kyblam pederdir" - diýip ýazýar. Magtymguly ilki oba mekdebinde okaýar. Onuň ilkinji mugallymyna Nyýazsalyh diýer ekenler. Magtymguly örän zehinli we ýiti akylly bolupdyr. Ol dürli kitaplary çenden aşa köp we irginsiz okapdyr. Magtymguly ýaş wagty kakasyndan, ejesinden we obanyň garry adamlaryndan köp-köp halk rowaýatlary, goşgy-gazallary, erteki we nakyllary höwes bilen diňleýär eken. Ol kakasy Döwletmämmet Azadynyň döreden eserleriniň köpüsini ýatdan öwrenipdir.
Magtymgulynyň zehinliligine, okuwa höwesliligine göz ýetiren Döwletmämmet onuň ylymly adam bolup ýetişmeginiň aladasyny edipdir. XVIII asyrda Etrek, Ahal, Mary sebitlerinde güýçli medreseler bolmandyr. Şonuň üçinin hem Döwletmämmet Azady öz oglyny ilki Halajyň Gyzylaýak obasynda ýerleşýän, sol wagt güýcli hasap edilen Idris babanyň medresesine okuwa berýär. Magtymguly bu medresede birnäçe wagt okaýar. Soňra ol Buhara gidýär, Buharadaky Gögeldaş atly medresä okuwa girýär we onda iki ýyl okaýar. Magtymguly esasy bilimi Hywadaky «Şirgazy» medresesinde alýar. Ol «Şirgazy» medresesinde üç ýyl okaýar.
Medresede berilýän dersleriň daşyndan hem Gündogaryň görnükli şahyrlary: Nyzamynyň, Nesiminiň, Fizulynyň, Nowaýynyň we başgalaryň eserlerini irginsiz okaýar we medresede okaýanlaryň arasynda özuni derrew tanadyp, zehinli talyplaryň hataryna goşulýar. Okuwyň ilkinji ýylynda Magtymguly talyplaryň halypasy bolýar. Soňky ýylda bolsa, mugallym özi ýok wagty ders geçirmegi-de Magtymgula ynanýar ekeni. Magtymguly öz döwrüniň iň bilimli we düşünjeli adamy bolup ýetişipdir. Magtymguly Pyragy XVIII asyrda ýaşan, türkmen klassyky edebiýatynyň kämilleşmegine örän uly goşant goşan, türkmen edebi dilini ösdürmekde uly işler bitiren şahyrdyr.
Magtymguly Pyragy şol bir wagtyň özünde jahankeşde adam bolupdyr. Dünýäniň köp ýerlerine syýahat etmek duýgusy onda ýaşlykda döreýär. Ol medresede okan döwründe-de, soňra-da Orta aziýa, Gazagystan, Owganystan, Hindistan, Yrak, Siriýa we Kawkaz ýaly birnäçe ýerlere syýahat edipdir. Ol ýerlerde birnäçe gadymy golýazmalary we kitaplary tapyp Gündogar halkynyň dürli ylymlaryny öwrenipdir. Magtymguly arap, pars dillerini gowy bilipdir. Sebäbi şol döwürde hat, ýazuw we terjime işleriniň ählisi bu dillerde ýöredilipdir. Şeýle syýahatlar şahyryň dünýägaraýşyny giňeldipdir. Magtymguly oglan okatmakdan başga, şeýle hem tanymal zergär bolupdyr we kümüşden, altyndan dürli bezeg şaýlaryny ýasapdyr. Magtymgulynyň maşgala ýagdaýy jedelli meseleleriň biri bolup durýar. Goşgularyna esaslanyp, onuň Meňli diýen gyzy söýendigini, ýöne käbir sebäplere görä onuň bilen maşgala gurup bilmändigi hakda alymlar netijä gelýärler.
Berkarar döwletimizde yglan edilen 2024-nji ýylda – «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyndaGahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň ylym-bilime, edebi mirasymyza uly sarpa goýmagy netijesinde Magtymguly Pyragynyň döredijiligi giňden öwrenilýär. Onuň şygyrlaryndaky Watana bolan söýgi, il güne bolan mähir watançylyk duýgularyna öwrülip ynsan kalbyna dolýar.
Merdan ÇÜRIÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň 4-nji ýyl talyby.
HAÝRAN GALDYRÝAN ULAGLAR
Awtoulagy bellenen tizlikden ýokary dolandyrýandygy üçin ýazylan iň köp jerime töleginiň möçberi 1 million amerikan dollaryna barabardyr. Bu jerime ulagyny sagatda 288 km tizlik bilen dolandyran şweýsariýaly sürüjä degişlidir. Ýeri gelende bellesek, bu ýurtda jerimeler gazanylan girdeji bilen baglanyşykly bolup durýar.
Dünýädäki iň täsin howa menzilleri
Singapur adaty bolmadyk binagärlikden we haýwanlary iň tebigy mekanynda görkezýän meşhur haýwanat bagyndan, ajaýyp seýilgähleri we baglary bilen bütin dünýäde meşhurdyr. Çangi - howa menzili Singapuryň ähli aýratynlyklarynyň bir görnüşidir. Dünýäniň iň gowy howa menzili hökmünde ençeme gezek ykrar edildi. Çangide menziliň ýokary gatlaryna münüp, menziliň içinde döredilen tropiki baglara tomaşa edip, onda gezelenç edip, hatda 40 metrlik şarlawuga haýran galyp, üçek howuzunda dynç alyp bolýar.
Watanyň daýanjy, geljegi ýaşlar
Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli kabul edýän çözgütleri, berýän tabşyryklary eziz Watanymyzyň rowaçlanmagyna, halkymyzyň eşretli durmuşynyň hatyrasyna gönükdirilýär, ylym-bilim ulgamyna berýän ägirt ünsi zehinli ýaşlaryň ýüze çykmagynda, bilim ulgamynda täze-täze oýlap tapyşlaryň döremeginde, türkmen ylmynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginde oňyn netijeleri berýär.
Goýberiliş №42 (17.10.2020 ý.)
Goýberiliş №41 (10.10.2020 ý.)
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.