Magtymguly Pyragynyň döredijiligi - paýhas mekdebi

01-05-24

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli baştutanlygy netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli ugurlar bilen bir hatarda ýurdumyzyň medeni ulgamynda ägirt uly ösüşler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda ýetilýän belent sepgitler, gazanylýan üstünlikler bagtyýar halkymyzda çuňňur kanagatlanma duýgularyny oýarýar. Milli Liderimiziň “Ajaýyp şygyrlary bilen ynsan kalbyny ýagşylyk nuruna bezän türkmeniň akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň mertebesi türkmen halky üçin iň belentde goýulýan mukaddeslikleriň biridir. Ýurdumyzda onuň pähim-paýhasly şygyrlaryny has düýpli öwrenmek we ýörelge edinmek, şu günki kämil türkmen jemgyýetinde has-da rowaçlandyrmak, geljekki nesillere ýetirmek barada möhüm işler amala aşyrylýar” diýen parasatly sözleri bu günki gün biziň durmuş ýörelgämize öwrüldi.    

Magtymguly Pyragy ylmyň, edebiýatyň, dünýä medeniýetiniň özünden öňki gazananlaryny akyl eleginden geçirip, dürdäne eserleri döretdi. Beýik şahyr türkmen şygryýetiniň we türkmen diliniň taryhynda uly özgerişleriň başyny başlady. Onuň umumy adamzat medeni-ruhy hazynasyna giren şygyrlary bu gün dünýä dilleriniň köpüsinde ýaňlanýar. Magtymguly Pyragynyň danalyga püre-pür şahyrana eserleri türkmen şygryýetini dünýä tanatdy. Adamzat ruhunyň arzyly oý-hyýallaryny jahana ýaýan şahyr bu gün ynsanlaryň buýsanjyna öwrüldi. Onuň ynsan kalbynda inçe duýgulary oýarýan şygryýet dünýäsi bu gün türkmen jemgyýetiniň, şu günki we geljekki nesillerimiziň ruhy kämilligini, ruhy sagdynlygyny üpjün edýän täze aňyýetimiziň ruhy binýatlarynyň biridir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen topragynyň hakyky watançysy hem-de onuň joşgunly waspçysy, beýik  akyldar şahyr, filosof  Magtymguly Pyragynyň edebi pähim-parasady, baky taglymy bolan şygyr diwanlary halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşynyň joşgunly aýdymy bolup ýaňlanýar. Magtymguly  ene toprakdan güýç-kuwwat, gujur-gaýrat alypdyr. “Gaýry Watany islemedik” akyldar şahyr Watany halys ýürekden söýüpdir. Watan, watan söyjülik şahyr üçin iň gymmatly beýiklik bolupdyr. Watanyň mähribanlygyny jany-teni bilen syzan akyldar şahyr Magtymguly Pyragy üçin Watandan beýik zat bolmandyr. Şahyryň döredijiliginde agzybirligiň, asudalygyň waspyny ýetirmek, mert, batyr ýigitleri taryplamak, uly orun tutýar.

Garaşsyzlygymyzy alanymyzdan soň ruhy gymmatlyklarymyz külli türkmeniň göwnüni galkyndyryp, ylhamyna ylham goşýar,  diňe wakalary barada maglumatlary bermek  bilen çäklenmän, olaryň ruhy manysyny, pelsepesini aňymyza guýýar. Diňe bir taryh geçmişi däl, eýsem taryhy hakydany hem dikeldýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ajaýyp edebi mirasymyz nesillerde watansöýüjiligi terbiýelemegiň belent nusgasy bolup hyzmat edýär. Hormatly Prezidentimiziň “Türkmen edebiýatynda çuňňur halk parasatlylygy-ny beýan edip, ajaýyp eserleri peşgeş beren ussatlar az däl. Men Magtymgulynyň, Andalybyň, Azadynyň, Keminäniň… öňünde baş egýärin” diýen dana sözlerini ýatlamak has-da buýsançlydyr.

Türkmen halkynyň beýik ogly, beýik akyldar hem milli şahyry Magtymguly Pyragy öz halkyna we bütin adamzada hyzmatlary bilen türkmenleriň hem beýleki halklaryň kalbynda çuňňur orun alýar. Magtymguly öz döredigiliginde halkynyň egsilmez baýlygy bolan ata-babalarymyzyň gözel mirasyndan ylham we kuwwat alýar, hut şonuň üçin hem onuň goşgulary bütin halk köpçüligi üçin örän düşünikli hem ýakymly, täsirli bolup, olaryň ruhuna ornaşýar.

Her bir döwür jemgyýetçilik aýratynlygyna laýyklykda öz edebi taglymatyny öňe sürýär. Edebiýatymyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döreýän edebi taglymat hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary we içeri syýasatyndan gözbaş alýar. Durmuşa ornaşdyrylýan täze ylym-bilim özgertmeleriniň, bagtyýarlyk döwründe täze aňyýetiň özenini bolsa Magtymguly atamyzyň arassa paýhas mekdebine öwrülen giň döredijiligi we hormatly Prezidentimiziň halk bähbitli uly aladalary düzýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň edebi taglymaty öz ideýasyny şol ahlakdan hem uly aladadan süzüp alýar we türkmen edebiýatynyň täze bir zamanasyny kemala getirýär. Magtymguly Pyragynyň döredijiligi dünýä edebiýatynda hem uly öwrülişik döretdi. Ol öz şygyrlarynyň mizemez ideýasyny halk ykbaly bilen berk baglady we halk durmuşyny, onuň arassa ahlagyny öz döredijiliginiň hamyrmaýasy edip ýugurdy. Şeýlelikde ol öz döwrüniň özboluşly häsiýetleri bilen halkyň geljekki ykbalynyň arasynda hemişelik ruhy köpri gurmagy başardy.

Beýik Magtymguly diňe bir Gündogar edebiýatynda däl, eýsem dünýä edebiýatynda uly hadysadyr. Edebiýaty öwreniş ylmynyň “Millilik”, “Edebi ýazuw dili” ýaly möhüm meseleleri bilen ýüzbe-ýüz bolanyn-da, munuň jedelsizdigine ymykly göz ýetirýärsiň. Öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan türkmen edebiýaty juda çylşyrymly taryhy tapgyrlary öz başyndan geçirdi. Beýleki goňşy halklaryň edebiýatlary bilen berk baglanyşykda ösen türkmeniň orta asyr çeper söz sungatyny özünde jemlän Pyragynyň döredijiligi elýetmez derejä göterlip, hemmeler üçin nusgalyk edebi mekdep bolup hyzmat edýär.

Magtymguly türkmen ruhy dünýäsiniň, özboluşly ýaşaýyş medeniýetiniň, ruhy gymmatlyklarynyň, şol sanda döwletlilik we Garaşsyzlyk pelsepesiniň kemala gelmegine ägirt uly goşant goşan hakdan halatly danadyr. Türkmen halkynyň milli häsiýetlerinde, urp-adatlarynda özboluşly ýoly bar. Şu jähetden hem edebiýat meýdanynda-da beýleki milletleriňkä meňzemeýän öz aýratynlyklary bar. Türkmen edebiýatynyň ägirtleri barada gürrüň edilende ilki bilen Magtymgulynyň döredijiligine ýüzlenmezlik mümkin däl. Sebäbi Magtymguly durmuşyň ähli meselelerinden, ähli ugurlaryndan baş alyp çykan şahyr. Magtymgulynyň goşgulary ölmez-ýitmezdir. Sebäbi şol goşgularda watansöýüjilik, söýgi, ýaşlyk, joşgun bar.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap asuda Diýarda beýik özgertmeleri bilen, bütin dünýäniň öňünde ähli umumy adamzat ösüşiniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýik akyldar şahyr Magtymgulynyň arzuwlan zamanyna eýe bolup, beýik şahyryň beýik döredijiligi hakynda buýsanç bilen söz açmak uly bagtdyr.

Seýrangeldi BORJAKOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.