SANLY BILIM ULGAMY — ÖSÜŞLERIŇ GIREWI
09-11-24
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde Türkmenistanyň bilim ulgamy düýpgöter täze derejelere göterilýär. Bu özgertmeleriň hereketlendiriji güýji bolsa häzirki zaman kompýuter tehnologiýasynyň, ýagny sanly bilim ulgamynyň ösmegidir. Hormatly Prezidentimiziň: «Siz dünýädäki ylmy täzeliklerden, ösen tehnologiýalardan habarly bolmalysyňyz» diýen parasatly sözlerinden ugur alnyp, dünýä tejribesiniň häzirki zaman ylmynyň we tehnikasynyň durmuşa giňişleýin ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Şonuň bilen baglylykda bolsa täze tehnologiýalar ýurdumyzyň ähli pudaklaryna giňişleýin ornaşdyrylýar.
Bilim ojaklarynda sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde bilim babatynda hyzmatdaşlyklar ösdürilýär, ylym-bilim merkezleri bilen uzak aralykdan sapaklar, wideoşekilli maslahatlar guralýar. Şonuň bilen bir hatarda ähli bilim edaralarynda sanly bilim tehnologiýalaryny ornaşdyrmak bilen dersler boýunça döwrebap, elektron okuw kitaplary, gollanmalary, wideo-audio materiallary, interaktiw-multimediýa maksatnamalary, okuw görkezme esbaplary, maglumat kitapçalary döredilýär. Şeýle-de sanly ulgama esaslanyp, teleköpri arkaly okuw sapaklary alnyp barylýar.
Uzak aralykdan bilim almaga täze mümkinçilikleriň açylmagy, talyplaryň okuw maglumatlaryny okuw kitaplary görnüşinde däl-de, elektron görnüşinde alyp bilmegi uly mümkinçiliklere ýol açýar. Bu ugurlarda elektron maglumat gorlary döredilýär. Döredilen maglumat gorlary zerur bolan okuw maglumatlary, kitaplar, gollanmalar, widioýazgylar bilen baýlaşdyrylýar. Ýurdumyzyň ähli mekdeplerinde sanly bilim ulgamyna geçilýär. Sanly ulgamyň durmuşymyza ornaşdyrylmagy bilen, bilim ulgamynyň mümkinçilikleri artýar, talyplaryň döwrebap bilim almaklary üçin orta we ýokary okuw mekdeplerde bilim portaly hem-de elektron okuw ulgamy döredilýär.
Bilim ulgamyna ornaşdyrylýan innowasion tehnologiýalar örän çaltlyk bilen kabul edilýär. Bu ugurda mugallymlaryň taýýarlyk derejeleriniň ýokarydygy hem bellenilmäge mynasypdyr. Şonuň ýaly-da, ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde bilim işgärleri we mugallymlar, terbiýeçiler üçin ýörite okuwlar guralýar. Bu işler bilim işgärleriniň hünär derejesiniň ýokary bolmagyny gazanmaga ýardam edýär.
Ýurdumyzda soňky ýyllaryň dowamynda dünýä ülňüleriniň talaplaryny doly ödeýän ýokary okuw mekdepleri gurlup ulanylmaga berildi. Olaryň okuw otaglary dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň abzallary bilen enjamlaşdyryldy. Hormatly Prezidentimiziň ýörite Permany esasynda häzirki zaman abzallary bilen enjamlaşdyrylan, dünýä ülňülerine laýyk gelýän Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi döredildi. Bu bolsa geljekde ylmy-derňew işlerini geçirmek boýunça biziň alymlarymyza dünýäniň ösen ylmy derejesinde işlemäge ýardam berer.
Häzirki döwürde mekdeplerde oturdylan multimediýa serişdeleri dürli görnüşdäki maglumatlary özleşdirmäge mümkinçilik berýär, sapagyň netijeli bolmagyny üpjün edýär. Talyplaryň temalary düýpli özleşdirmeklerinde, olaryň gözýetiminiň giňemeginde, bilim bermegiň hilini ýokarlandyrmakda multimediýa serişdeleriniň hyzmaty uludyr. Okuw mekdeplerinde her bir tema boýunça sanly maglumatlary, tekstleri, işjeň oýunlary özünde jemleýän okuw gollanmalary giňden ulanylýar. Taýýarlanan slaýdlarda şekilleriň san maglumatlarynyň berilmegi talyplarda okuwa gyzyklanma döredýär.
Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmekde alyp barýan tutumly işlerine Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýtmak bilen, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyňy aman bolmagyny dileg edýäris!
Hezret AHMEDOW,
Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.
HAÝRAN GALDYRÝAN ULAGLAR
Awtoulagy bellenen tizlikden ýokary dolandyrýandygy üçin ýazylan iň köp jerime töleginiň möçberi 1 million amerikan dollaryna barabardyr. Bu jerime ulagyny sagatda 288 km tizlik bilen dolandyran şweýsariýaly sürüjä degişlidir. Ýeri gelende bellesek, bu ýurtda jerimeler gazanylan girdeji bilen baglanyşykly bolup durýar.
Dünýädäki iň täsin howa menzilleri
Singapur adaty bolmadyk binagärlikden we haýwanlary iň tebigy mekanynda görkezýän meşhur haýwanat bagyndan, ajaýyp seýilgähleri we baglary bilen bütin dünýäde meşhurdyr. Çangi - howa menzili Singapuryň ähli aýratynlyklarynyň bir görnüşidir. Dünýäniň iň gowy howa menzili hökmünde ençeme gezek ykrar edildi. Çangide menziliň ýokary gatlaryna münüp, menziliň içinde döredilen tropiki baglara tomaşa edip, onda gezelenç edip, hatda 40 metrlik şarlawuga haýran galyp, üçek howuzunda dynç alyp bolýar.
Watanyň daýanjy, geljegi ýaşlar
Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli kabul edýän çözgütleri, berýän tabşyryklary eziz Watanymyzyň rowaçlanmagyna, halkymyzyň eşretli durmuşynyň hatyrasyna gönükdirilýär, ylym-bilim ulgamyna berýän ägirt ünsi zehinli ýaşlaryň ýüze çykmagynda, bilim ulgamynda täze-täze oýlap tapyşlaryň döremeginde, türkmen ylmynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginde oňyn netijeleri berýär.
Goýberiliş №42 (17.10.2020 ý.)
Goýberiliş №41 (10.10.2020 ý.)
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.