Dana Pyragynyň pähim paýhasy

03-05-24

Adamzat kalbynyň şahyry Magtymguly Pyragynyň arzu­wy Garaşsyzlyk ýyllarynda amala aşdy. Şahyr, ilkinji nobatda, berkarar döwleti isläpdir. Berkarar döwleti gurmagyň ilkinji synmaz sütüniniň agzy­birlikdedigine düşünip, erkin-azat ýaşamagyň sakasy bolan agzybirligi arzuw edipdir. Arzuwlaryny özüniň ölmez-ýitmez eserlerine siňdiripdir. Ýaşan ömründe adamzat kalbynyň çuňluklaryna aralaşmagy başaran, şahyr Magtymguly Pyragynyň filosofiki pikirleriniň, kämil dünýägaraýşynyň  diňe bir türkmen poeziýasyna däl, eýsem bütin dünýä poeziýasyna, medeniýetine ýetiren täsiri çäksizdir. Onuň many goýazylygy ýetik, özboluşly teoretiki garaýyşlara baý bolan şygyrlary bu günki gün bütin dünýäde söýlüp okalýar.

Gahryman Arkadagymyzyň “Mähriban  topragynyň  hakyky watançysy  we onuň joşgunly  waspçysy  Magtymguly Pyragy  ýüzlerçe  ýyl mundan öň  öziniň  şygyrlarynda  halkymyzyň  agzybirligi we  jebisligi, watanymyzyň  azatlygy we bagtyýarlygy  barada arzuw  edipdi” diýip belleýşi ýaly,  bu gün şahyryň  ajaýyp  şygyrlary  öz ähmiýetini, çeperçilik  gymmatyny,  akyl  paýhasa  baý  many-mazmunyny  birjik-de egsenok.  

Arkadagly Serdarymyzyň şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden bellenip geçilmelidigi hakynda belläp geçmegi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe onuň ynsanperwerlige ýugrulan beýik ýörelgeleriniň bütin adamzadyň gymmatlygy hökmünde ykrar edilýändiginiň ajaýyp subutnamasydyr. Halkymyz  geçen  asyrlarda  hem Magtymgulynyň  şygyrlarynda  öňe sürülýän paýhasy  durmuşyň  beýik kanuny  hökmünde  diýseň  aýawly  hem  berk  tutupdyr. Ony öziniň  esasy ýörelgesine öwrüpdir. Magtymgulynyň  öňe süren  ruhy-ahlak garaýyşlary, ýagny  ynsap, päklik, erkinlik, adalatlylyk  ýörelgeleri  türkmen halky  üçin  şu günem  juda gymmatly  bolmagynda  galýar.

Bilşimiz ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň ýörite çykaran Karary esasynda 2014-nji ýylda edebiýatymyzyň parlak ýyldyzy bolan  Magtymgulynyň doglan gününiň 290 ýyllygy halkara derejesinde uly dabara bilen bellenip geçildi. Şeýle hem ussada goýulýan hormat hökmünde “Magtymguly adyndaky Halkara baýragy”, “Magtymguly Pyragy” medaly döredildi. Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzda Magtymgulynyň ynsaplylyk, adamkärçilik ruhy halkymyzyň ýürekleriniň aýdymyna öwrüldi.

Şahyr:

- Jeýhun bile Bahry-Hazar arasy,
Çöl üstünden öser ýeli Türkmeniň.

- diýen goşgy setirleriniň üsti bilen göze görünip duran şekilinde ýurdumyzyň Döwlet kartasyny çekip görkezýär. Bu bolsa Magtymgulynyň jahankeşde adam bolandygyndan habar berýär. Ol umumadamzat şahyry, dünýäniň akyldarydyr. Şonuň üçin-de ol ähli döwürleriň, ähli göwünleriň şahyry hasaplanylýar.

Berdimyrat EGEMOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

16828e9089dae2.jpeg
GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.


16828e872d720e.jpeg
AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY

Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.


16828e79d0aab4.jpeg
BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem  dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.


16828e4589b060.jpeg
ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY

Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.


16828e2f1b58f9.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.