Inženerleriň we tehnologlaryň täze nesli kemala gelýär
23-12-23

Ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly, halkara ölçeglerine laýyk gelýän çuňňur bilimli, ruhy we beden taýdan sagdyn, kämil hünärmen bolup ýetişmekleri üçin Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda hem uly işler alnyp barylýar. Talyplara berilýän bilimiň halkara ölçeglerine laýyk gelmegi, ylma we önümçilige innowasiýalary ornaşdyrmak ýaly talaplary ýörelge edinýän institutyň mugallymlary özleriniň yhlasly zähmetleri bilen ýaşlara halypaçylyk edýärler.
Diýarymyzyň ähli künjeklerinde hereket edýän döwlet edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň we gurluş, inženerçilik çözgütleriniň döwrebaplygy, olarda tehnologiýanyň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylmagy netijesinde oňa erk edip we dolandyryp bilýän, täze taslamalary işläp düzmegi başarýan hünärmenleri ýetişdirmek işi döwletiň üns merkezinde saklanýar.
Bu ugurda alnyp barylýan tehniki ylmy syýasatynyň rowaçlanýandygyny bolsa Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň döredilmeginiň mysalynda hem görmek bolýar. Bu ýokary okuw mekdebiniň döredilmeginiň esasy maksady ýurdumyzyň ulag we kommunikasiýa ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjün etmek, bilim, ylym, önümçilik, senagat pudaklaryny toplumlaýyn bir ýere jemlemek bilen baglydyr.
Ýokary okuw mekdebimizde bilimiň halkara ölçeglerine, milli bilim ulgamynyň ýörelgelerine, döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryna laýyklykda ýüzlerçe talyba ýokary hünär bilimi berilýär. Institutymyzda ýurdumyzyň ykdysady, ylym, bilim, senagat kuwwatyny dünýä derejesinde ösdürmek üçin zerur bolan ugurlar we hünärler boýunça degişli fakultetlerde ýokary bilim-terbiýeçilik, ylmy-önümçilik işleri alnyp barylýar.
Ähli fakultetlerde hem ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça talyp ýaşlara tejribeli mugallymlar, uly mugallymlar, ylymlaryň kandidatlary, doktorlary, dosentler we professorlar hünär öwredýärler. Sapaklar sanly ulgamda, şol sanda daşary ýurt dillerinde hem özleşdirilip, onda bilim usulyýetiniň soňky gazananlary işjeň peýdalanylýar. Sapaklar amaly we umumy görnüşde bolmak bilen, tejribeler arkaly berkidilýär. Öwrenilenleri özleşdirmek, tejribeleri baýlaşdyrmak maksady bilen hünär ugurlaryna laýyklykda göçme okuw sapaklary, teleköpri arkaly baglanyşyk we önümçilik tejribelikleri hil we mazmun taýdan baýlaşdyrylýar.
Ýokary okuw mekdebimiziň toplumlaýyn binalary kaşaňlygy, okuw otaglarynyň ýokary hilliligi, kitaphana, naharhana, umumy ýaşaýyş jaýy, sport merkezi we beýlekiler bu ýerdäki işleriň sazlaşykly ösüşini üpjün edýär. Okuwlary we ylmy-barlag işlerini ýokary derejede alyp barmak üçin institutyň ýanynda ýörite Ulag-logistika ylmy merkezi hem hereket edýär. Onda ýaş alymlaryň hem ylmy işleri, täze taslamalary alyp barmaklary, inženerçilik we tehnologiýa boýunça işläp-düzmek boýunça tejribeleri geçirmek üçin giň mümkinçilik açylýandygyny hem bellemek gerek. Ylmy tejribe bilen utgaşdyrmak talyplaryň alan bilimlerini önümçilikde ulanmak başarnyklaryna eýe bolmak mümkinçiliklerini artdyrýar. Institutymyzyň mugallymlarynyň alyp barýan tutanýerli işleri hem-de talyplarymyzyň bilim almakdaky erjelligi ýaşlarymyzyň döwletiň ykdysady ösüşlerine özleriniň goşantlaryny goşjak hünärmenler bolup ýetişjekdiklerine ynam bildirmäge esas berýär.
Şeýle mümkinçilikleriň netijesinde Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda tehnologlaryň we inženerleriň täze nesli kemala gelýär. Bu bolsa ykdysady, syýasy we medeni taýdan kuwwatly ösýän döwletimiziň häzirkizaman gadamlarynyň diňe öňe ilerleýändiginiň alamatydyr. Watanyň kuwwatyna kuwwat goşjak, ýurdumyzda ulag we kommunikasiýa pudagyny ösdürmäge öz mynasyp goşantlaryny goşup biljek hünärmenleri kemala getirmek mugallymlarymyzyň baş maksadydyr. Ýurdumyzyň ýaş nesilleri üçin uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Merjen SEÝIDOWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.

GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.

AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY
Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.

BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.

ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY
Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.

DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.