Ylym-bilim — täze üstünliklere badalga

11-11-24

Ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly, halkara ölçeglerine laýyk gelýän çuňňur bilimli, ruhy we beden taýdan sagdyn, kämil hünärmen bolup ýetişmekleri üçin Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda hem uly işler alnyp barylýar. Talyplara berilýän bilimiň halkara ölçeglerine laýyk gelmegi, ylma we önümçilige innowasiýalary ornaşdyrmak ýaly talaplary ýörelge edinýän institutyň mugallymlary özleriniň yhlasly zähmetleri bilen ýaşlara halypaçylyk edýärler.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ählumumy ösüşlere we ylym ulgamynyň gurluşyna, ýurdumyzyň ylymda-bilimde gazanýan ösüşlerine, täze innowasiýalardan baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamak üçin alnyp barylýan işlere aýratyn ähmiýet berilýär.

Diýarymyzyň ähli künjeklerinde hereket edýän döwlet edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň we gurluş, inženerçilik çözgütleriniň döwrebaplygy, olarda tehnologiýanyň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylmagy netijesinde oňa erk edip we dolandyryp bilýän, täze taslamalary işläp düzmegi başarýan hünärmenleri ýetişdirmek işi döwletiň üns merkezinde saklanýar.

Berkarar döwletimiziň ýokary we ýörite orta okuw mekdeplerinde bilimiň halkara ölçeglerine, milli bilim ulgamynyň ýörelgelerine, döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryna laýyklykda ýüzlerçe talyba ýokary hünär bilimi berilýär. Ýurdumyzyň ykdysady, ylym, bilim, senagat, nebit, gaz kuwwatyny dünýä derejesinde ösdürmek üçin zerur bolan ugurlar we hünärler boýunça degişli fakultetlerde ýokary bilim-terbiýeçilik, ylmy-önümçilik işleri alnyp barylýar.

Ähli fakultetlerde hem ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça talyp ýaşlara tejribeli mugallymlar hünär öwredýärler. Sapaklar sanly ulgamda, şol sanda daşary ýurt dillerinde hem özleşdirilip, onda bilim usulyýetiniň soňky gazananlary işjeň peýdalanylýar. Soňra amaly we umumy görnüşde bolmak bilen, tejribeler arkaly berkidilýär. Öwrenilenleri özleşdirmek, tejribeleri baýlaşdyrmak maksady bilen hünär ugurlaryna laýyklykda göçme okuw sapaklary, teleköpri arkaly baglanyşyk we önümçilik tejribelikleri hil we mazmun taýdan baýlaşdyrylýar.

Biz ýaşlar sözüň doly manysynda sowatly we ýokary terbiýeli nesil bolup ýetişmegini, dünýä ylmynyň, tehnikasynyň we medeniýetiniň gazananlarynyň genji-hazynasyna mynasyp goşant goşmaklaryny gazanmak maksady bilen, ähli şertleri döredip beren mähriban Prezidentimize buýsanjymyz artýar. Ylma we bilime daýanyp, türkmen halkynyň gadymdan gelýän däpleriniň we umumadamzat gymmatlyklarynyň esasynda ýaşlara bilim we terbiýe bermek boýunça alnyp barylýan işleri  kämilleşdirmelidiris.

Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu asylly ýoly dowam etdirýän döwlet gurluşy strategiýasynda, milli maksatnamalarda, ykdysadyýeti innowasion taýdan ösdürmäge we sanly ulgama geçirmäge, inženerçilik çözgütlerine daýanmaga uly orun berilýär. Bagtyýar nesilleriň eşretli durmuşda ýaşamagy, sagdyn ösmegi, oňat okamagy, Watanymyza, halkymyza abraý getirjek ökde hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin ähli zerur şertler döredilýär. Hut şonuň üçin hem Watana, halka wepaly, merdana pederlerimiziň mukaddes däplerine eýerýän, ylym-bilime teşne, ruhubelent, zähmetsöýer ýaşlar kemala gelýär. Ýurdumyzda döwrebap orta, orta hünär, ýokary okuw mekdeplerini gurmak, iň täze bilim usullaryny, maglumat tehnologiýalaryny özleşdirmek, jemgyýetimiziň aň-bilim derejesini hem-de döredijilik işjeňligini ýokarlandyrmak babatda uly tejribeler toplanylýar.

Türkmen halkynyň nurana ertirleriniň eýeleri bolan şu günki nesillerimiziň döwrebap bilimli, Watanymyza wepaly, ata-babalarymyzyň mizemez ruhuna mynasyp gözel ahlakly, edep-terbiýeli bolup ýetişmekleri ugrunda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwletli işleriniň hemişe üstünliklere beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris!

Miwe AGYŞOWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.