Döwrüň derwaýys işleri

28-12-23

Milli ykdysadyýetimiziň häzirki ýeten sepgitleri barada söz açmak ýüreklerimizde buýsanç duýgusyny oýarýar. Arkadagly Serdarymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlarynyň netijesinde, şeýle-de ýurdumyzda edilýän her bir işiň häzirki döwrüň talaplaryna kybap gelmegini gazanmak babatda öňe sürýän pikirleriniň esasynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklary günsaýyn özgerdilýär. Bu işleri amal etmäge, häzirki zaman ösüşiň zerur şertlerini gurnamaga ukyply bolan ýurdumyz ähli babatda önümçilik, işjeňlik kuwwatyny has-da güýçlendirmegiň geljekki maksatnamalaryny yzygiderli işläp taýýarlaýar.

Soňky ýyllaryň netijeleri bilen öňki iş dolandyrylyşynyň arasyndaky tapawudyň örän uludygyny görmek bolýar. Mysal üçin, soňky ýyllarda tehnologiýanyň köpgyraňly, täze önümleri bilen adamzadyň durmuşy örän ýeňilleşdi, adamlaryň gündelik işine sarp edýän wagty köp derejede tygşytlandy. Munuň esasynda durýan dolandyryş ulgamynyň çäginde hyzmatlaryň sany barha artdy. Bu milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary babatda hem şeýle. Olaryň elektron resminama dolanyşygyny öz işleriniň baş ugruna öwürmegi netijesinde, birinjiden, işiň mazmunynda we ýerine ýetirilişinde amatlyklar döredi, ikinjiden bolsa, raýatlarymyz elektron resminama dolanyşygynyň, sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň amala aşyrylmagy bilen her günki durmuşymyzda has çuňňur ornaşýar.

Häzirki sanly ykdysadyýete geçiş döwründe täze programmalaryň, her pudagyň öz resmi saýtynyň döredilmegi, Sanly.tm milli elektron poçtamyzyň, tmchat messenjeriniň, uly ýeňillikli hyzmatlaryň ýörite internet goşundylarynyň köp sanly görnüşiniň ulanylyşa girizilmegi bilen maglumat üpjünçiligimiz, şol sanda oňa bolan isleglerimiz artdy. Sanlylaşdyrmagyň köptaraplaýyn bähbitlerini nazara alýan hormatly Prezidentimiz bu möhüm işe köpçülikleýin çemeleşilmegini esasy talap hökmünde öňde goýýar. Bu bolsa häzir ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda giňden alnyp barylýar.

Diýarymyzyň edara-kärhanalarynyň düzüminde zähmet çekýän hünärmenlere, işçilere hem sanly ulgamyň döredýän şertlerinden peýdalanmagy başarmak yzygiderli öwredilýär we bu iş barha özleşdirilýär. Bu halkymyzyň her bir nesliniň bitewülikde döwrebap aňly-düşünjeli jemgyýeti kemala getirmeginde wajypdyr. Halkymyzyň, türkmen jemgyýetiniň ýaşaýyş-durmuşynyň has-da gowulanmagynyň bähbidine şunuň ýaly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Ýakupbaý ÝANGIBAÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

16828e9089dae2.jpeg
GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.


16828e872d720e.jpeg
AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY

Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.


16828e79d0aab4.jpeg
BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem  dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.


16828e4589b060.jpeg
ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY

Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.


16828e2f1b58f9.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.