SANLY BILIM — DÖWREBAP BILIMIŇ NUSGASY

23-12-25

Watanymyzyň  bedew batly gadamlary hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary esasynda döwrüň täze gazananlary bilen depginli dowam edýär. Muny häzirki wagtda ýurduň ösüşi üçin wajyp bolan ugurlaryň esasy orunda goýulýanlygy hem subut edýär. Çünki şu günüň gözi bilen dünýäniň häzirki ösüş derejesine nazar aýlanyňda, tehnologiýanyň döredýän mümkinçiliklerini amatlyklar üçin peýdalanmak zerury ýagdaý bolup ör-boýuna galýar.

Bu zerurlygyň häzirki döwürde dünýä tejribesiniň öňdäki basgançagy bolan sanly ulgamyň şertleri bilen çözülmegi ýurdumyzda baş ösüş ugurlarynyň biri bolup, mynasyp alnyp barylýar. Bu bolsa ýurdumyzda kabul edilen «Türkmenistanda 2026 — 2028-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» esasynda amala aşyrylyp, gysga döwrüň içinde görnetin netijelerini berdi. Munda bilim ulgamynyň hem kämillik derejesi täze ösüş döwrüne gadam basdy. Sebäbi öňden hem ýurdumyzda kompýuterleşdirilen şertlerde kämil usullaryň, interaktiw synp tagtalarynyň esasynda alnyp barylýan okuw sapaklarynyň has-da ösen tehnologiýalara esaslanyp guralmagy ýeňillikleri döretdi.

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesillere ýokary derejede bilim berilýär, hünär öwredilýär. Türkmenistanyň halkara taslamalara barha giň gerimde gatnaşmagy, döwletara hyzmatdaşlygynyň batly depginlerde ösdürilmegi, beýleki hünärler bilen bir hatarda, daşary ýurt dilleriniň öwrenilmegine, öwredilmegine, bu ugurdan kämil hünärmenleriň taýýarlanmagyna hem zerurlyk döredýär. Şundan ugur alnyp, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň hatarynda tassyklanan «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» we «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny» mysal getirmek bolar. Bu wajyp resminama bilim işgärleri, ylaýta-da, dilleri okadýan mugallymlar üçin aýdyň ýörelge boldy. Konsepsiýalarda sanly bilim ulgamyny kämil özleşdirmek, internet ulgamyny ulanmak, dilleri okatmak boýunça dünýä tejribesini öwrenmek, professor-mugallymlaryň bäsleşige ukyply neslini ýetişdirmek we beýleki wajyp okuw-usuly çäreler göz öňünde tutulýar.

Sanly bilimi ösdürmek üçin, ilkinji nobatda, bilim ulgamynda zähmet çekýän mugallymlardyr hünärmenleriň, şeýle-de bilim alýanlaryň häzirki zaman kompýuter tehnologiýalaryndan baş çykarmaklarynyň zerurdygy öz-özünden düşnüklidir. Ýagny institutymyzda döredilen sanly bilim portalynda her bir mugallymyň öz şahsy sahypasy bolup, şol ýerde mugallym okadýan dersleri boýunça okuw kitaplaryny, okuw iş maksatnamalaryny, sapaga degişli maglumatlary ýerleşdirýär. Şonuň ýaly-da, portalda sapaga degişli ähli sapak ýazgylarynyň, okuw maksatly tekstleriň we testleriniň yzygiderli ýerleşdirilip durulmagy maglumat üpjünçiligi babatda talyplara ýeňillikler döredýär hem-de mugallym-talyp gatnaşyklarynyň has ysnyşykly bolmagyna getirýär.

Bilim ulgamynyň çalt depginde ösdümegi esasynda ýaşlaryň bilim başarnyklaryny kämilleşdirmäge ýeňillik döredi, olaryň okamak üçin gerek bolan şertlerden peýdalanmagynda wagtlaryny tygşytlaýjy hyzmatlar ýola goýuldy. Häzirki wagtda ýurdumyzyň orta hem ýokary okuw mekdeplerinde okap, bilim alýan ýaşlaryň ýaş aýratynlyklaryna garamazdan, ählisi üçin maglumatlar bilen tanyşmaga, elektron kitaplary, gollanmalary we beýleki edebiýatlary okamaga şertler açylýar. Bu bolsa şu günki günüň sanly bilim ulgamynyň kemala gelýänliginiň görkezijisidir.

Sanly bilim — halkymyzyň şu günki ýaş nesliniň aladasy esasynda ýurdumyzyň ýagty geljeginiň üpjün edilmegidir we onuň ösüşli ýollarynda bolsa ýaşlaryň aň-düşünjesiniň, bilim gorunyň, başarnyklarynyň özgerip, intellektual jemgyýetiň kemala gelmegidir. Şu ugurdan seretsek, biziň her birimiziň sanly ulgamyň mümkinçiliklerini öz işimizde peýdalanmakdaky şertlerimizi ýeterlik derejede öwrenmegimiz zerury ýagdaýdyr.

Hä­zir­ki wagt­da san­ly bi­li­miň ös­dü­ril­me­gi bi­len okuw sa­pak­la­ryn­da san­ly ul­ga­myň müm­kin­çi­lik­le­rin­den giň­den peý­da­la­nyl­ýar. Bu bol­sa bi­li­miň kä­mil gör­nü­şi­niň iň döw­re­bap usul­dy­gy­ny aň­lad­ýar. Mu­nuň özi ýaş­la­ryň bi­lim­le­ri tiz öz­leş­dir­mek­le­ri­ne we kä­mil hü­när­men bol­mak­la­ry­na oňat ýar­da­my­ny ber­ýär. Esa­san hem san­ly ul­ga­myň müm­kin­çi­lik­le­rin­den peý­da­lan­mak gel­jek­ki ösüş­le­re iter­gi ber­ýär. Çün­ki ösüş­le­ri­miz döw­rüň iň kä­mil en­jam­la­ry, teh­no­lo­gi­ýa­la­ry, komp­ýu­ter­le­ri bi­len berk bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Şo­nuň üçin bu gün­ki ýaş­lar san­ly ul­ga­ma oňat dü­şü­nip, ýur­du­my­zyň ösüş­le­ri­ne my­na­syp go­şant­la­ry­ny goş­ýar­lar. Ýaş­la­ryň ylym­ly, bi­lim­li, kä­mil dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly bol­ma­gy üçin be­ýik iş­le­ri dur­mu­şa ge­çir­ýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Ar­ka­dag­ly Gahryman Ser­da­ry­my­zyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Tawus DURDYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyñ Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniñ Şöhle bilen anyklaýyș, bejeriş we onkologiýa kafedrasynyñ assistenti.

16828e9089dae2.jpeg
GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.


16828e872d720e.jpeg
AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY

Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.


16828e79d0aab4.jpeg
BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem  dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.


16828e4589b060.jpeg
ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY

Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.


16828e2f1b58f9.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.