Sanly ulgamyň ýaş hünärmenleri
21-11-24
Eziz Diýarymyzda ýaşlara ylym-bilim, terbiýe bermek, şeýle hem bilim bermegiň iň täze döwrebap usulyýetinden peýdalanmak işleri ýokary derejede alnyp barylýar. Bu babatda döwrebap mümkinçiliklerden peýdalanyp, sanly bilim giňden ösdürilýär. Hormatly Prezidentimiz şeýle belleýär: «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», beýleki milli maksatnamalarda bilim ulgamyny kämil derejede ösdürmek, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak ugrunda kesgitlenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirýäris». Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, bilim ulgamyny has-da ösdürmekde, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamakda giň mümkinçilikler döredilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen ýaşlary dünýä derejesindäki bilimleri özleşdirip, ylym-bilim babatdaky başarnyklary ussatlyk bilen ele alýarlar. Olaryň dil öwrenmekde, täze tehnologiýalary özleşdirmekde hem ýokary ussatlyk görkezýändiklerini bellemek gerek. Täze enjamlar bilen enjamlaşdyrylan okuw otaglary, sanly serişdelerden peýdalanyp, bilim bermegiň täze usullary okatmagyň okuw işini işjeňleşdirýär. Ýaşlaryň ylym we tehnika babatdaky başarnyklary uly ähmiýete eýe bolup durýar. Häzirki wagtda ýaş alymlaryň ylym-bilime höweslidigi, olaryň täzeçe garaýyşlary döwrebaplykdan, ösüşlerden habar berýär. Şonuň üçin hem bu günki gün sanly bilim ulgamyny ösdürmekde maksatlaýyn işler durmuşa ornaşdyrylýar. Häzirki wagtda sanly bilim ulgamyna daýanyp, dünýä tejribesi özleşdirilýär, iň peýdalysy bolsa durmuşa ornaşdyrylýar.
Sanly bilim ulgamynda dil öwretmegiň täze usullary, sapak geçmegiň döwrebap görnüşleri kemala gelýär. Irki döwürlerde görkezme esbaplar bilen sapak geçmek usuly ulanylan bolsa, häzirki ösen döwürde kompýuter enjamlaryň kömegi bilen dürli şekilleri, gepleşikleri talyplara hödürlemek mümkinçiligi artdy. Şunda lingafon okuw otaglarynyň hem ähmiýetini belläp bolar. Bu ýerde sözleri diňlemek we ýat beklemek, gerek ýerinde ulanmak bolýar. Sanly bilim ulgam arkaly ýokary okuw mekdepleri bilen göni sapak geçmek mümkinçiligi-de işjeňleşdirilýär. Bu talyplaryň ukyp-başarnygyny kämilleşdirmäge kömek edýär. Şeýle hem sapak mahaly dürli kitaphanalardan peýdalanmak, kitaplary elektron görnüşde talyplara hödürlemek ýaly görnüşleriniň bardygy hem bellärliklidir. Umuman, häzirki ylmyň ösen döwründe okatmagyň we bilim bermegiň dürli görnüşleri öwrenilýär.
Eziz Diýarymyz ösýär, durmuş öňe tarap özgerýär, jemgyýetimiz kämilligiň röwşen ýolundan batly gadamlar bilen öňe barýar. Şunda ösüp gelýän ýaş nesilleriň kämil bilim almaklary, giň dünýägaraýyşly bolmaklary esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Durmuşa geçirilýän her bir beýik işlerde ýaşlaryň geljegi hakyndaky aladany görmek bolýar. Şonuň üçin hem sanly bilim ulgamyny ösdürmekde ýurdumyzda alnyp barylýan depginli işler şu asylly maksatlardan ugur alýar. Bularyň aýdyň netijeleri bolsa, geljegimiziň röwşen we ösüşli bolmagyny üpjün eder.
Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ösüşi dünýäniň öňdebaryjy tejribesiniň esasynda sanly bilim ulgamyna doly geçilmegi, okatmagyň innowasion usullary bilen utgaşdyrylyp, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagy bilen pugta baglanyşyklydyr. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitleýär. Bilim edaralarynyň arasynda özara ýeke-täk bilim toruny döretmek, ýaşlara berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hilini ýokarlandyrmak, okuw işinde uzak aralykdan berilýän bilimiň täze tehnologiýalaryny ulanmak konsepsiýanyň esasy wezipeleridir. Şonuň bilen birlikde-de, bu resminama tehnologik täzeçilligi döretmäge we ýaýratmaga, bilim edaralarynyň tehnologiýa taýdan ösmeginiň çaltlandyrylmagyna, şeýle hem bilimiň ähli derejeleri üçin zerur elektron maglumatlar gorunyň döredilmegine we olaryň tor arkaly elýeterliligini üpjün etmäge gönükdirilendir. Bu tehnologiýalaryň ulanylmagynyň işjeňleşdirilmegi bilimiň hilini ýokarlandyrmaga we berilýän bilimleri yzygiderli berkitmäge ýardam edýär. Konsepsiýanyň durmuşa geçirilmegi bilim edaralaryny ýokary tizlikli, giň zolakly tor aragatnaşygy bilen üpjün edip, ýokary hilli bilim hyzmatlaryny almak üçin giň mümkinçilikleri döredýär.
Sanly bilim ulgamy döwrüň talaby bolup durýar. Ylmyň we tehnikanyň gazananlaryndan, dünýäniň öňdebaryjy tejribelerinden netijeli peýdalanylmagy esasynda milli bilimiň ýokary derejesiniň üpjün edilmegi berkarar Watanymyzyň hemmetaraplaýyn ösmegine, ykdysady taýdan dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň hataryndaky ornuny pugtalandyrmagyna şert döredýär.
Biz ýaşlaryň başarnykly, giň dünýägaraýyşly, ylym-bilimden ýüki ýetik kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri ugrunda örän uly tagallalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadag Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Mährijemal EMIROWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Mehanika-tehnologiki fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.
Halypa mugallymy: Leýla REJEPOWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary fakultetiniň mugallymy.
HAÝRAN GALDYRÝAN ULAGLAR
Awtoulagy bellenen tizlikden ýokary dolandyrýandygy üçin ýazylan iň köp jerime töleginiň möçberi 1 million amerikan dollaryna barabardyr. Bu jerime ulagyny sagatda 288 km tizlik bilen dolandyran şweýsariýaly sürüjä degişlidir. Ýeri gelende bellesek, bu ýurtda jerimeler gazanylan girdeji bilen baglanyşykly bolup durýar.
Dünýädäki iň täsin howa menzilleri
Singapur adaty bolmadyk binagärlikden we haýwanlary iň tebigy mekanynda görkezýän meşhur haýwanat bagyndan, ajaýyp seýilgähleri we baglary bilen bütin dünýäde meşhurdyr. Çangi - howa menzili Singapuryň ähli aýratynlyklarynyň bir görnüşidir. Dünýäniň iň gowy howa menzili hökmünde ençeme gezek ykrar edildi. Çangide menziliň ýokary gatlaryna münüp, menziliň içinde döredilen tropiki baglara tomaşa edip, onda gezelenç edip, hatda 40 metrlik şarlawuga haýran galyp, üçek howuzunda dynç alyp bolýar.
Watanyň daýanjy, geljegi ýaşlar
Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli kabul edýän çözgütleri, berýän tabşyryklary eziz Watanymyzyň rowaçlanmagyna, halkymyzyň eşretli durmuşynyň hatyrasyna gönükdirilýär, ylym-bilim ulgamyna berýän ägirt ünsi zehinli ýaşlaryň ýüze çykmagynda, bilim ulgamynda täze-täze oýlap tapyşlaryň döremeginde, türkmen ylmynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginde oňyn netijeleri berýär.
Goýberiliş №42 (17.10.2020 ý.)
Goýberiliş №41 (10.10.2020 ý.)
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.