Elektron kitaphanalar – bilim ulgamynyň ygtybarly daýanjy
13-11-24

Sanly bilim ulgamy ykdysadyýetiň möhüm bölekleriniň biridir. Ýurdumyzyň ýokary we ýörite orta okuw mekdeplerinde hem sanly ulgamy ornaşdyrmakda uly öňegidişlikler gazanylýar. Bilim edaralarynda sanly ykdysadyýeti ösdürmäge gönükdirilen wezipeleri ýerine ýetirmekde, ylym-bilimiň, innowasiýalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak, ylmy-barlag işleriniň ykdysady bähbitliligini artdyrmak boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar.
Hereket edýän ulgamyň ýerli toruna müňden gowrak kompýuter, printer, ýöriteleşdirilen tehniki enjamlar birikdirilendir. Bu bolsa maglumat tehnologiýalaryny giňişleýin ornaşdyrmaga, peýdalanmaga amatly şert döredýär. Bu maglumat ulgamy birnäçe terebaýt ölçegi eýelemek bilen, onda professor mugallymlarymyzyň türkmen dilinde taýýarlan okuw kitaplarynyň, gollanmalarynyň, şeýle hem umumy we amaly okuwlaryň ýazgylary, daşary ýurtlarda neşir edilen edebiýatlaryň elektron görnüşleri, sapaga degişli wideoşekiller, animasiýalar, suratlar jemlenendir. Maglumatlar dersler boýunça tertipleşdirilendir. Şeýle hem, institutymyzda elektron kitaphana-da hereket edýär.
Kitaphanamyzyň gaznasy ylmy-tehniki neşirlerinden, okuw kitaplardan, çeper edebiýatlardan, syýasy-jemgyýetçilik, gazet-žurnallardan ybarat. Kitaphananyň gaznasy Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň “Bilim” Merkezi bazasyndan alynýan syýasy, çeper, okuw kitaplary bilen yzygider doldurylýar. Kitaphanada talyplaryň okamaklary üçin ähli zerur şertler döredilen. Ýokary okuw mekdebimiziň okuw we ylmy-barlag işlerinde maglumat - kitaphana üpjünçiligi:ulanyjylara okalgalarda we kitap sargyt edilýän otaglarda resminamalar we elektron çeşmeler, elektron resurslar we maglumat-bibliografiki hyzmatlar, bilimiň we neşirleriň dürli görnüşleri boýunça netijeli hyzmat etmek;ulanyjylara maslahat bermek, sargytlaryň ähli görnüşlerini ýerine ýetirmek;hyzmatlar, kitaphananyň çeşmeleri we hyzmatlaryň tizlenmegi, şeýle hem bilim, innowasiýa we ylmy işleriň maglumat goldawy barada maglumat bermek maksady bilen, institutyň fakultetleri, kafedralary we ylmy-barlag işlerini alyp barýan bölümleri bilen özara gatnaşygy saklamak;mugallymlaryň, hünärmenleriň, alymlyk derejesine dalaşgärleriň we aspirantlaryň şahsy maglumat hyzmatlary; kitaphana täze gelip gowşan, kitaphanada ozal bar bolan elektron çeşmeler, olary ulanmak üçin ygtyýar almagyň tertibi barada maglumat bermek;beýleki kitaphanalardan resminamalary elektron görnüşde bermek we maglumat goruny ulanmak hyzmatlary.
Elektron kitaphanalar kitaphana işinde gabat gelýän: neşirleriň az mukdarda çap edilenligi, maglumatlary saklar ýaly meýdanyň ýetmezçiligi, kitaplaryň aýawly saklanylmagy ýaly meseleleriň hem çözgüdini ýeňilleşdirýär. Bulardan başga-da ýiten, zaýalanan kitaplary, resminamalary täzeden dikeltmek mümkinçiliklerini döredýär. Bu bolsa elektron kitaphanalardan kitaplary, maglumatlary dürli görnüşde almagyň elýeterligini üpjin edýär. Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň kitaphansynda hem elektron neşirleriň sany gün-günden köpelýär. Ýokary okuw mekdebimiziň mugallymlarydyr talyplary institutymyzyň we paýtagtymyzdaky beýleki kitaphanalaryň baý edebi gorundan giňişleýin peýdalanýarlar. Kitaphanalardaky elektron kitaplary özleriniň ýan kompýuterlerine, elektron maglumat göterijilere ýükläp alyp, islendik pursatda olardan peýdalanýarlar.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda innowasiýa işiniň ýerlikli hem-de döwrebap gurnalmagy we ösdürilmegi netijesinde halkymyzyň hususan-da ýaşlaryň bilim almak, ylym öwrenmek mümkinçiliikleri barha ýokarlanýar.Berkarar Diýarymyzda halkymyza, aýratyn-da, biz ýaşlara halal zähmet çekmäge, döwrebap bilim almaga ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza jan saglyk, uzak ömür arzuw edýäris!
Täjigül ÝUSUPOWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 3-nji ýyl talyby.

GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.

AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY
Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.

BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.

ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY
Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.

DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.