MILLI BILIM ULGAMYNY KÄMILLEŞDIRMEK DÖWRÜŇ MÖHÜM TALABYDYR
02-01-25

Berkarar döwletimizde yglan edilen 2025-nji — «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» ýurdumyzda bilim syýasaty halkymyzyň ruhy durmuşynyň kämilleşmegine, ýaş nesliň hemmetaraplaýyn sagdyn kemala getirilmegine gönükdirilip, ol döwletimizi ösdürmegiň berk hukuk binýatly, kuwwatly hereketlendiriji güýjüne öwrülýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Gahryman Prezidentimiziň tagallasy bilen milli ýörelgelere we dünýäniň ösen tejribesine laýyklykda, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň kanunçylyk binýadynyň berkidilmegine bilimi ösdürmegiň esasy şertleriniň biri hökmünde uly üns berilýär. Rejelenen görnüşde kabul edilen «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanuny ýurdumyzda bilim ulgamynyň işiniň guralyşyny, bilim babatdaky gatnaşyklaryň hukuk esaslaryny düzgünleşdirýär. Şeýle-de bilim işini dolandyrmagyň guramaçylyk esaslaryny we döwlet bilim syýasatynyň ýörelgelerini, bu ulgamyň maksatlaryny, ýerine ýetirýän wezipelerini kesgitleýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurt başyna geçen ilkinji gününden, beýleki pudaklar bilen bir hatarda, bilim ulgamyny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berip, düýpli özgertmeleri amala aşyrdy. Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmäge bagyşlanan kanunçylyk namalary işlenilip düzüldi we kabul edildi. Şeýle resminamalar milli bilim ulgamynyň hukuk binýadyny has-da berkitdi. Kabul edilen resminamalara laýyklykda, doly orta bilim berýän mekdepleriň mugallymlarynyň hepdelik, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň ýyllyk iş ýükleri azaldyldy, iş haklary köpeldildi. Ýurdumyzda okuw möhletiniň dowamlylygy halkara ülňülerine laýyklykda kadalaşdyryldy, mekdebe çenli bilim edaralarynyň, orta we ýokary okuw mekdepleriniň okuw maksatnamalary täzeden taýýarlanyldy. Şeýlelikde, düýpli özgertmeleriň barşynda mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, mugallymlaryň netijeli işlemeklerine, bilimiň ähli derejelerinde okatmagyň we terbiýelemegiň usulyýet ulgamynyň kämilleşdirilmegine giň ýol açyldy.
«Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanuny özünden öňki kabul edilen Kanuna üýtgetmeleriň girizilmegi bilen rejelenildi. Bilim almak Türkmenistanyň raýatlarynyň konstitusion hukugydyr. Çünki bilim bolsa jemgyýetiň durmuş-ykdysady we medeni-ruhy taýdan kämilliginiň esasy şerti bolup, onuň üstünlikli ösüşine itergi berýär. Kanunda bilim edaralaryny esaslandyrmagyň, döretmegiň we olaryň işini ýöretmegiň düzgünleri bellenilýär. Hususan-da, döwrebap talaplara laýyklykda, bilimiň gurluşynda, mazmunynda, dolandyrylyşynda, iş ýöredilişinde täzelikler babatdaky kadalar Kanunyň rejelenen görnüşinde beýan edilendir.
Soňky birnäçe ýylyň dowamynda ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ornaşdyrmakda ep-esli işler edildi. Bilim bermek we bilim öwrenmek işinde sanly ulgamdan peýdalanmak bilim-terbiýeçilik işiniň has janly we häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede gurulmagyna mümkinçilik berýär. Sanly ulgam bilim beriş ulgamynda oýlanylyp tapylan, işlenilip düzülen täze-täze usullary, tärleri netijeli peýdalanmaga, sapaklarda wagty tygşytlamaga we oňa derek bilim maglumatlaryny talybyň, okuwçynyň aňynyň kabul edijilik derejesine laýyklykda, mümkin boldugyça, artyk we çuňlaşdyryp bermäge şertleri döredýär.
Häzirki döwürde milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak üçin döwlet tarapyndan goýberilýän serişdeleriň möçberi dünýä nusgalykdyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aladalary netijesinde bilim bermek işini dünýä ülňülerine laýyk getirmek ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirýär. Berilýän bilimiň halkara talaplaryna laýyk we milli ruhy galyplarymyz göz öňünde tutulyp berilmegi ýaşlaryň aňynda watansöýüjiligi, ata-baba dowam edip gelýän ruhy köklerimize sarpany terbiýelemäge ýardam berýär.
Bilim ulgamynyň döwrebap mazmuny ýaş nesil aň-düşünjesini häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyklykda kämileşmekdedir. Kämil nesil kemala getirmek bilim ulgamynyň öňünde durýan döwlet derejesindäki baş aladalaryň biridir.Sanly ykdysadyýeti ösdürmek baradaky wezipelerden ugur alnyp, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary boýunça täze hünärleri girizmegi dowam etmek, has köp isleg bildirilýän hünär ugurlary, esasan- da, inžene-rtehnik we tehnologiýa ugurlary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegi dowam etdirmek boýunça işler hem türkmenistanly ýaşlara bagtly geljegiň garaşýandygyndan habar berýär. Ýurdumyzda bilim edaralarynyň işini kämilleşdirmek, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron maglumatlar bilen üpjün etmek, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, onuň hiliniň dünýä derejesine laýyk bolmagyny üpjün etmek maksady bilen, 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary esasynda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edildi. Şeýle hem ony durmuşa geçirmegiň Meýilnamasy tassyklanyldy. 2018-nji ýylda «Türkmenistanda 2019–2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny durmuşa geçirmekde-de toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Ýüreklerinde Watana bolan çuňňur söýgüsi joş urýan türkmen ýaşlary özleri üçin edilýän hemişelik aladalara ak ýürekden alkyş aýdýarlar. Goý, bilim ulgamyny kämilleşdirmekde taýsyz tagallalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Serdar ESENOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.
Halypa mugallymy: Merjen SEÝIDOWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ulaglar fakultetiniň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.

GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.

AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY
Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.

BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.

ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY
Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.

DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.