ÝAŞLARA YNAM BEÝGELÝÄNDIR, ARKADAGLY SERDAR BILEN
28-12-23

Gahryman Arkadagymyzyň döwletli ýoluny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda ýetilýän belent sepgitler Ata Watanymyzy arzuwlaryň hasyl bolýan diýaryna öwürdi. Ýaşlar ýurdumyzyň geljegi, jemgyýetimiziň ygtybarly hereketlendiriji güýjüdir. Hut şonuň üçin döwletimiz tarapyndan ýaşlaryň ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy we medeni durmuşyndaky ornuna uly ähmiýet berilýär.
Ýurdumyzda bagtyýar ýaşlaryň döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuş-ykdysady, syýasy hem medeni durmuşyna doly gatnaşmagyna, olarda ruhy-ahlak gymmatlyklara, sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlylygy, watansöýüjiligi, ynsanperwerligi we zähmetsöýerligi terbiýelemäge hem-de döwrebap zähmet şertlerini üpjün etmäge gönükdirilen ýaşlar syýasaty alnyp barylýar. “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, kabul edilen ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2015-2020-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasynda hem-de bu Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynda berkarar döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna ýaşlaryň doly derejede gatnaşmagy üçin zerur bolan şertleri döretmek göz öňünde tutulýar.
Ýurdumyzda ýaşlarymyzyň halk hojalygynyň ähli ulgamlarynda sazlaşykly we döredijilikli zähmet çekmegi üçin döredilýän giň mümkinçilikler döwletimizde ýaş nesil barada edilýän aladanyň aýdyň mysalydyr. Agzybirlik we ruhubelentlik bilen amala aşyrylýan beýik işlerde ýaşlarymyzyň hem mynasyp paýynyň bolmagy örän guwandyryjydyr. Ýaş zehinleri ýüze çykarmak, ruhy-medeni gymmatlyklarymyzy, milli aýdym-saz sungatymyzy ösdürmek babatda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan birnäçe döredijilik bäsleşikleri geçirilýär.Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilýän “Talyp joşguny”, “Berkarar döwletiň zehinli ýaşlary”, “Berkarar döwletiň bagtyýar gerçekleri”, “Talyp gözeli”, dokmaçy gyzlaryň arasynda geçirilýän “Bagtyýarlyk döwrüniň ezber gözeli”, mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän “Iň eýjejik gyzjagaz”, “Merdana nesil”, “Bagtyýarlyk döwrüniň ylham joşguny” ýaly bäsleşikler, şeýle hem ýaş estrada we höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda geçirilýän “Ýylyň parlak ýyldyzy” bäsleşigi aýratyn ähmiýete eýedir.
Ýaşlaryň ylymly-bilimli bolmagy üçin edilýän işler bimöçberdir. “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2015-2020-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynda” göz öňünde tutulan wezipelere laýyklykda, şeýle hem Ýaşlar maslahatynda ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanynda Ýaş alymlaryň merkezini, ylym we bilim edaralarynda Ýaş alymlaryň geňeşlerini döretmek we onuň işini talabalaýyk ýola goýmak babatynda, Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynyň başynda Ýaş alymlar merkezi döredildi we onuň Düzgünnamasy tassyklanyldy. Munuň özi döwletimiziň ylym-bilim kuwwatyny yzygiderli ýokarlandyrmagyň ýolunda örän möhüm wakadyr. Halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen ägirt uly maksatnamalary mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirmäge gönükdirilen il bähbitli, döwlet ähmiýetli çözgütler ýaşlary yhlas bilen zähmet çekmäge we bilim almaga ruhlandyrýar.
Döwletimiz tarapyndan ýaşlara uly üns berilmegi ýaş nesillerimizde başarnygy we erk-islegi terbiýelemäge, halkara derejesinde geçirilýän sport, bilim we döredijilik bäsleşiklerinde ýokary netijeleri gazanmaga, durmuş ýolunda belent sepgitlere ýetmäge höwes döredýär.
Ýokary okuw mekdebimizi tamamlan ýaşlarymyz döwletimiz tarapyndan edilýän uly aladalardan ruhlanyp, geljekde-de ýurdumyzy ösdürmek ugrunda zehinini, yhlas ukybyny, zähmetini, başarnygyny gaýgyrmajakdygyna Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimizi ynandyrýarys. Ýaşlara döwrebap kämil terbiýe, ylym-bilim bermekde, eşretli, bagtyýar durmuşy üpjün etmekde ägirt uly işleri durmuşa geçirýändigi üçin Arkadagly Serdarymyza sagbolsun aýdýarys!
Merjen SUMBAROWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň "Inžener ulgamlary we torlary" fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.

AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY
Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.

BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.

ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY
Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.

DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.