Biz — ýaşlar Siziň bilendir, Arkadagly Serdarymyz!

06-01-24

Ýurdumyzda giň gerimli ýaşlar syýasaty üstünlikli amala aşyrylýar. Durmuşyň, ýaşaýşyň gözelligi ýaşlykda, ýaşlyk joşgunynda jemlenendir. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly şeýle joşgunly ýyllaryň biri boldy. Düýn paýtagtymyzda ýokary ruhubelentlikde şanly ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen halkara ylmy maslahat hem-de sergi muny aýdyňlygy bilen tassyklady. Golaýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda ýaşlaryň gazanýan üstünlikleriniň örän guwandyrýandygyny belledi we «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň çapdan çykandygyny aýtdy. Onda ýurdumyzyň ýaşlarynyň häzirki döwürde ýeten sepgitleriniň, gazanan üstünlikleriniň jeminiň jemlenýändigini nygtady.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe watansöýüji, ukyp-başarnykly, beden taýdan sagdyn hem-de terbiýeli ýaş nesilleri kemala getirmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan anyk kesgitlenen Türkmenistanyň ösüşiniň strategik wezipeleriniň biridir. Ýurdumyzy mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde uly orny eýeleýändigini, dünýä derejesindäki öňdebaryjy ornuny göz öňünde tutanyňda, ýaşlar syýasaty milli döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan ýaşlar syýasaty hem ýaşlaryň şahsyýet taýdan kemala gelmegine, ösmegine, ukyp-başarnyklarynyň ýokarlanmagyna, jemgyýetiň hem-de döwletiň bähbitlerine, ýaşlaryň aň-paýhas, döredijilik, ruhy mümkinçiliklerini has doly amala aşyryp bilmekleri üçin mümkinçilikleri giňeltmäge has oňaýly şertleri döretmäge gönükdirilendir.

Ýaş raýatlaryň hukuk we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, türkmen halkyna gadymdan bäri mahsus bolan ruhy-ahlak hem-de medeni gymmatlyklary dünýä ýaýmak, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ýaşlarda watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, raýat jogapkärçiligini terbiýelemek, olaryň başlangyçlaryny goldamak we höweslendirmek milli strategiýanyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň jemlerini alamatlandyrýan halkara ylmy-amaly maslahat we sergi şu ýylda öňdebaryjy ýaşlaryň gazanan üstünliklerini bir ýere jemledi. Bu halkara ylmy-amaly maslahatyň we serginiň çäklerinde ýaşlarymyzyň birnäçesine hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň adyndan sowgatlaryň gowşurylmagy dabaralaryň ähmiýetini has-da artdyrdy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çykyş edip, örän ähmiýetli we anyk wezipeleriň toplumyny, bu jemgyýetçilik birleşiginiň ýaşlar barada döwlet syýasaty hem-de milli ösüş strategiýalary babatda ýerine ýetirmeli esasy işiniň ugurlaryny kesgitledi. Şolaryň hatarynda ýaşlaryň hukuk we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, ýaşlaryň arasynda ruhy-ahlak, medeni gymmatlyklary, milli däp-dessurlary, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, watansöýüjiligi, raýat jogapkärçiligini, zähmetsöýerligi, döredijilik ukyplaryny terbiýelemek, olaryň şahsy başarnyklarynyň ýokarlanmagyny, jemgyýetçilik birleşiklerine gatnaşmaklaryny goldamak, ýaşlaryň telekeçilik bilen birlikde beýleki başlangyçlaryny hem höweslendirmek wezipeleri durýar.

“Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Kanunyň rejelenen görnüşiniň taslamasyny işläp taýýarlamaga Türkmenistanyň Milli Geňeşi ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekillerini çekdi. Giň jemgyýetçiligiň, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň ýaş nesliniň pikirleri, teklipleri nazarda tutuldy. Täze Kanunyň baş maksady ýaşlaryň Garaşsyz Watanymyzyň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna işjeň gatnaşmagyny üpjün etmekden, ýaş nesilleri halkymyzyň gadymy ruhy-ahlak däpleriniň, hakyky watansöýüjilik, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek üçin oňaýly hukuk şertlerini üpjün etmekden ybaratdyr. Täze kanunçylyk resminamasynyň kabul edilmegi ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar syýasatynyň hukuk binýadyny ep-esli derejede pugtalandyryp, ýaşlar üçin döredilýän mümkinçilikleri giňeltmäge ýardam bermäge gönükdirilendir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda milli ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler halkymyzyň, aýratyn-da, ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlaryň durmuşynda uly özgerişlikleri girizjek täze açyşlara badalga berdi. Şoňa görä-de, häzirki bilimiň özgerýän zamanasynda ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösmegine goşant goşjak ýaş hünärmenleri, ýaş alymlaryň täze neslini kemala getirmäge uly goldaw berilýär. Döredilýän şeýle ajaýyp mümkinçilikler biz — ýaşlaryň kämilleşmeginde, ukyp-başarnyklarymyzy doly derejede açyp görkezmekde örän möhüm ähmiýete eýedir. Şeýle mümikinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadag Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, dünýä ähimýetli alyp barýan işleriniň elmydama rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!

Merjen HALLYÝEWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň "Ulaglar" fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Halypa mugallymy: Jeren BADYROWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Diller kafedrasynyn müdiri.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.