Garaşsyzlyk — ganatym, hemişelik Bitaraplyk — päk bagtym
25-09-25
Şanly Garaşsyzlygymyzyň nurana baýdagynyň astynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda halkymyz özüniň bagtyýar geljegini gurýar. Çekilýän döredijilikli zähmetiň netijesinde ata Watanymyz jenneti mekana öwrülip, mähriban topragymyz gülläp ösýän künjege öwrülýär. Agzybir halkymyz hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýetilen sepgitlere buýsanyp, täze ösüşlere sary ynamly gadam goýýar. Taryh üçin gysga döwürde ýurdumyz dünýäniň sazlaşykly ösýän döwletleriniň birine öwrüldi. Garaşsyz döwletimiziň halkara giňişligindäki abraýy barha ýokarlanýar, asudalygyň, parahatçylygyň we deňhukukly hyzmatdaşlygyň berkidilmegine gönükdirilen netijeli hem-de parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlary giň goldawa eýe bolýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap ata Watanymyzyň parahatçylyga, döredijilige, ösüşe gönükdirilen içeri we daşary syýasaty, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet, halk, umumadamzat bähbitli beýik işleri, üstünlikli durmuşa geçirýän halkara ähmiýetli taslamalary, düýpli özgertmeleri beýik maksada — Garaşsyz döwletimizi hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmäge hem-de halkymyzyň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmaga gönükdirilendir. Şu nukdaýnazardan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň binýady has-da berkidilýär.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Ýer ýüzünde parahatçylygy we ylalaşygy pugtalandyrmaga, içerki ösüşi hem-de dünýä giňişliginde milli bähbitleri üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlary öňe sürýär. Elbetde, dünýä bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp bolýan eziz Diýarymyzyň ähli üstünlikleriniň binýady ata Watanymyzyň Garaşsyzlygy hem-de Bitaraplygydyr. Çünki mukaddes Garaşsyzlygymyz bilen hemişelik Bitaraplygymyz parahat, asuda we gülläp ösýän durmuşy beren mukaddesliklerimizdir.
Ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleriň her biri türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň alyp barýan adyl hem-de ynsanperwer syýasatynyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň abraýyny dünýäde has-da ýokary belentliklere göterýändiginiň, halkara jemgyýetçiliginiň uly hormatyna hem-de giň goldawyna eýe bolýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiziň syýasy ýörelgesi halkymyzy, ýurdumyzy bagtyýarlyga besläp, ýeňişlerden ýeňişlere alyp barýan bagtyýarlyk eýýamymyzyň beýik hem-de röwşen geljegini kesgitleýän parasatly ýörelgedir.
Garaşsyzlyk, bitaraplyk – ösüşiň goşa ganaty. Çünki ata Watanymyz Türkmenistanyň öz garaşsyzlygyny hem-de hemişelik Bitaraplygyny gazanyp, beýik ösüşler bilen ýagty geljege barýandygynyň aýdyň nyşanydyr. Hawa, parasatly Milli Liderimiziň we Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň ajaýyp başlangyçlary netijesinde garaşsyzlyk, bitaraplyk ýyllary içinde ýurdumyzyň ähli pudaklary tanalmaz derejede gülläp ösdi. Halkymyzyň erkin, asuda, bagtyýar durmuşda ýaşamaklary üçin bimöçber işler üstünlikli amala aşyryldy. Ajaýyp gülleýişlere beslenýän ýurdumyzda durmuşa geçirilýän her bir beýik işiň düýp özeninde adam, halkymyzyň has bagtyýar we bolelin durmuşda ýaşamagy, ýaş nesliň geljegi hakyndaky aladalaryň bolmagy dünýä nusgalyk bolup durýar. Eziz watanymyz öz garaşsyzlygyna eýe bolanyndan bäri hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» şygaryna eýerip ýaşaýan türkmen döwleti, häzirki wagtda dünýäde ähli ugurlar boýunça ösýän kuwwatly döwletleriň biri hökmünde tanalýar.
Berkarar döwletimizde yglan edilen 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda şeýle ösüşler bilen şanly garaşsyzlygymyzy gazananymyza 34 ýyl dolýar. Ösüşiň goşa ganaty bolan garaşsyz, baky bitarap watanymyzda okamaga, döretmäge giň mümkinçilikleriň döredilmegi, bilim işgärlerini, talyp ýaşlary belentden belent sepgitlere ýetmäge ruhlandyrýar. Geçen 34 ýylyň dowamynda ýurdumyzyň näderejede özgerendigine göz aýlap, ýurt Baştutanymyza çäksiz alkyşlar aýdasyň gelýär. Goý, bizi şeýle ösüşlere getiren Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Seýdi ÖWEZGULYÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Lukmançylyk gullugynyñ guralyşy we usulyýeti kafedrasynyň uly mugallymy.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär.
Milli demokratiýanyň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdy hemmetaraplaýyn özgertmekde, jemgyýeti jebisleşdirmekde Halk Maslahatynyň ähmiýeti uludyr.
Merkezi kazyýet lukmançylygynyň belent sepgitleri
Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde kazyýet lukmançylygy gullugy hem täze ösüş ýoluna düşdi. 2016-njy ýylyň 21-nji iýulynda açylan Morfologiýa merkeziniň Merkezi kazyýet lukmançylygy edarasy geçen on ýylyň dowamynda özüni ýokary derejeli ylmy-amaly merkez hökmünde tanatdy.
TÄZE TEJRIBE – KÄMILLIGE ÝOL
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim binýadyny ýokarlandyrmak ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda talyplaryň bilim almagy diňe nazaryýet bilen çäklenmän, eýsem, olary amaly tejribe ýoluna ugrukdyrmak zerur bolup durýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.