Bilim ulgamy döwrebap ösdürilýär

14-11-24

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda durmuşyň ähli ugurlary boýunça uly ösüşler gazanylýar. Aýratyn hem bilim ulgamyny kämilleşdirmek we sanly bilimi has-da ösdürmek maksady bilen düýpli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Häzirki döwürde umumybilim berýän orta mekdepleriň, ýokary we ýörite orta hünärment mekdepleriniň ähli bilim, ylym ojaklarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagy ýaşlarymyzyň kämil hünärmenler bolup ýetişmeginde uly goldaw boldy. Bularyň hemmesi asyrlara barabar beýik işlerdir. Bilim ulgamyna degişli täze binalar häzirki wagtda ýaş nesli okatmagyň ähli tapgyrlarynda giňden ulanylýan kämil we internete aralaşmaga mümkinçilik berýän innowasion tehnologiýalar, şol sanda kompýuter, multimedia enjamlary bilen üpjün edilen döwrebap okuw-terbiýeçilik merkezleri bolup hyzmat edýär.

Ýurdumyzyň dürli derejeli okuw mekdeplerinde päk zähmeti bilen tapawutlanýan mugallymlardyr bilim edaralarynyň beýleki hünärmenleri özleriniň hünärlerini kämilleşdirýärler, mugallymçylyk ussatlygyny ýokarlandyrýarlar, innowasion tejribelerini yzygiderli ösdürýärler. Munuň özi bilimi döwrebap ösdürmekde, sanly ulgamy has-da ýokary derejede durmuşa ornaşdyrmakda aýratyn ähmiýetlidir.

Döwrebap bilimiň binýady diňe kompýuter enjamlary bilen däl-de, eýsem, dünýä dillerini bilmekde hem jemlenýändir. Ýaş nesilleriň türkmen, iňlis, rus dillerinde erkin sözläp bilmekleri has-da ýakymlydyr. Olaryň diňe ene dilimizi däl, eýsem, dünýä dillerini suwara bilýändikleri biziň her birimizi diýseň buýsandyrýar. Daşary ýurt dillerini bilýän ýaşlar dünýäniň ylmy edebiýatyny özleşdirmäge, türkmen diline terjime etmäge, edebiýatymyzy has-da baýlaşdyrmaga giň mümkinçilik tapýarlar. Şonuň üçin hem dil öwrenmegiň ähmiýeti ýokarydyr. Dil öwrenmek bilen bir hatarda kompýuterlere, döwrebap enjamlara erk edip bolýar.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli ulgamlary bilen bir hatarda, bilim ulgamy uly ösüşlere eýe bolýar. Eşretli döwrümizde ylym, bilim edaralarynyň işini kämilleşdirmek, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron maglumatlar bilen üpjün etmek maksady bilen «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edildi. Bu Konsepsiýa maglumat bilim ulgamyny döretmäge we bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmäge, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmaga, hilini ýokarlandyrmaga we okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmäge gönükdirilendir. Geçen ýyllaryň içinde ýurdumyzda sanly bilim uly ösüşlere eýe boldy. Bilim ojaklarynda sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde, ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda, şol sanda bilim babatda hyzmatdaşlyk edilýän daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri, ylym-bilim merkezleri bilen uzak aralykdan sapaklar, wideoşekilli maslahatlar guralýar. Şonuň bilen bir hatarda bolsa, ähli bilim edaralarynda sanly bilim tehnologiýalaryny ornaşdyrmak bilen, dersler boýunça döwrebap elektron okuw-usuly kitaplar, gollanmalar, wideo-audio materiallar, interaktiw-multimedia maksatnamalary, okuw-görkezme esbaplary, maglumat kitapçalary döredilýär.

Ýurdumyzyň senagat taýdan ösen döwletleriň birine öwrülmeginde, dünýäde berk binýatly ykdysadyýete eýe bolan döwlet hökmünde tanalmagynda häzirki zaman ösen tehnologiýaly ulgamlar düzüminiň emele gelmegi uly ähmiýete eýedir. Halk hojalygynyň ähli pudaklaryny, ykdysadyýetiň ähli düzümlerini diwersifikasiýalaşdyrmak usullary giňden alnyp barylýar. Innowasion tehnologiýalar ynsan durmuşyny ýeňilleşdirýär. Tehnologiýanyň günsaýyn ösmegi, täze innowasiýalaryň peýda bolmagy bilen döwrüň talaby özgerýär. Häzirki zaman bazar ykdysadyýetinde wagt esasy gymmatlykdyr. Wagty tygşytly ulanyp, meýilnamany takyk ýerine ýetirmek bazar gatnaşyklarynyň baş şertidir. Elektron resminamalaryň elýeterliligi, olaryň gorag üpjünçiliginiň berkligi, ýurduň islendik künjeginden zerur resminamalary edinmek mümkinçiligi ýaly şertler raýatlarymyz üçin amatly maglumat gurşawyny emele getirýär.

Belent we asylly maksatlar myrada ýetirýär. Watanymyzyň şan-şöhraty äleme dolýar, ýurdumyz pajarlap ösýär, adamlaryň bagtyýarlygy, abadançylygy bu gün wysal bolýar. Ýaşlarymyzyň giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmegi üçin ähli şertler we mümkinçilikler döredilýär, sanly bilim ulgamy ösdürilýär. Şeýle belent üstünlikler bilim ulgamynda hem aýdyň netijelerini berýär. Biz muňa iň döwrebap ugurlarda, ýagny sanly bilimiň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde aýdyň göz ýetirýäris. Häzirki ylym-bilimiň ösýän döwründe innowasion tehnologiýalara, sanly ulgama aýratyn ähmiýet berilýär. Innowasion tehnologiýalar dürli ugruň kämilligini, ösüşiň tizligini üpjün edýär. Hut şonuň üçin hem häzirki Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrümizde sanly ulgama aýratyn üns berilýär. Ylym-bilimi ösdürmekde ähli mümkinçilikleri döredýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadag Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Işan IŞANOW,
Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.

16828e9089dae2.jpeg
GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.


16828e872d720e.jpeg
AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY

Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.


16828e79d0aab4.jpeg
BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem  dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.


16828e4589b060.jpeg
ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY

Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.


16828e2f1b58f9.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.