ÝAŞLAR – ÝURDUŇ BEÝIK YKBALY

29-12-23

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynyň dowamynda ýurdumyzyň ýaşlaryna uly mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyzyň taryhy çykyş etmegi, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşine gol çekmegi we ýaşlar bilen bagly ähli meselelerde öňde durýan wezipeleri kesgitläp bermegi türkmen halkynyň ýagty geljegi üçin ädilen ýene bir möhüm ädim boldy.

Türkmen ýaşlarynyň dünýäde iň bagtyýar ýaşlar bolmagy üçin gije-gündiz uly aladalar edýän Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen ýaşlary bilen bolan duşuşygynda hem ýurdumyzda ýaşlar bilen bagly meselelere örän içgin seredilýändigi, olar üçin ähli şertleriň döredilendigi, geljekde ýaş nesil bilen bagly meselelerde ýene birnäçe täzelikleriň boljakdygy hakynda belläp geçipdi. Gahryman Arkadagymyzyň başlan belent başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň rowaç ädimlerinde ýaşlar baradaky şeýle aladalar aýdyň görünýär.

Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş beren «Ömrümiň manysy» atly kitabynda ýurdumyzda ýaş nesil hakyndaky atalyk aladalara ýugrulan jümleler getirilýär: «Ata-babalarynyň ýörelgelerine ygrarly bolmak, olary baýlaşdyrmak, geljek nesillere ýetirmek her bir halkyň öňünde durýan wajyp meseleleriň biridir. Kähalatlarda şular dogrusynda, durmuş pelsepesi hakynda, ynam, ynanç, mukaddes ýörelgeler, olaryň durmuşymyzdaky orny, nesillerimiziň bagtyýar ýaşamaklary üçin indiki edilmeli işler barada oýlara berleniňi duýman galýarsyň. Durmuş tejribäň artdygyça-da bulara has içgin aralaşýarsyň». «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 38-nji, 54-nji maddalarynda bolsa döwletimizde ýaşlara halkara ýaşlar hyzmatdaşlygy babatda ýardam bermek, ylym, bilim, medeniýet, syýahatçylyk, sport we beýleki çygyrlarda dostlukly we işewür gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, tejribe alşylmagyna ýardam edýän halkara ýaşlar iş saparlarynyň guralmagyna we çäreleriň geçirilmegine berilýän goldaw hakynda bellenilip geçilýär.

Biz – ýaşlar döwletimiz tarapyndan edilýän taýsyz aladalardan ruhlanyp, şeýle-de hormatly Prezidentimiziň guramamyzyň öňünde: ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek, olaryň ýokary hilli bilim almagy, döredijilik we sport bilen meşgullanmagy, ukyp-başarnyklaryny doly ýüze çykarmagy üçin ähli şertleri döretmeli; ýaşlarda raýat jogapkärçiligini we zähmete söýgini ösdürmeli; ýaşlaryň şahsy-jemgyýetçilik başlangyçlaryny goldamaly we höweslendirmeli; ýaşlarymyzda öz hukugyny goramak başarnygyny ýokarlandyryp, olaryň jemgyýetçilik birleşmelerine işjeň gatnaşmagyny üpjün etmeli; giň gözýetimli, ösen tehnologiýalardan oňat baş çykarýan hünärmenleriň neslini kemala getirmek biziň alyp barýan işlerimiziň esasy maksady bolmaly; ýaşlaryň dünýä dillerini düýpli öwrenmegi, edebiýat we sungat bilen giňden meşgullanmagy üçin hem ähli şertleri döretmeli. Olaryň arasynda döredijilik bäsleşiklerini yzygiderli geçirip durmaly; halallyk we maşgala gymmatlyklaryna ygrarlylyk ýaşlaryň baş ýörelgesine öwrülmelidir.

Ýaş ynsanda şeýle häsiýetleri terbiýelemek Ýaşlar guramasynyň belent borjy we baş maksady bolmalydyr diýip öňde goýan aýdyň weziplerini üstünlikli durmuşa geçirmekde, geljekde-de ýurdumyzy ösdürmek ugrunda zehinimizi, yhlas-ukybymyzy, zähmetimizi, başarnygymyzy gaýgyrmajakdygymyza Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimizi ynandyrýarys. Ýaşlara döwrebap kämil terbiýe, ylym-bilim bermekde, eşretli, bagtyýar durmuşy üpjün etmekde ägirt uly işleri durmuşa geçirýändigi üçin türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadag Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Şirmuhammet RAHMANBERDIÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

16828e9089dae2.jpeg
GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.


16828e872d720e.jpeg
AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY

Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.


16828e79d0aab4.jpeg
BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem  dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.


16828e4589b060.jpeg
ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY

Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.


16828e2f1b58f9.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.