SANLY YKDYSADYÝET — döwrebap ÖSÜŞIŇ BINÝADY

20-11-24

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly we öňdengörüjilikli baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlary, öňdebaryjy halkara tejribeleri hem-de döwrebap tehnologiýalar giňden ornaşdyrylyp, ýokary ykdysady netijeler gazanylýar.

Sanly ykdysadyýetiň işjeň ösdürilmegi, sanly tehnologiýalaryň ykdysady işe ýokary derejede aralaşmagy hem-de bäsdeşlik artykmaçlygyny üpjün etmek bilen, dünýäniň bazar giňişliginde ýurduň eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga ýardam berýär. Ykdysady we durmuş gatnaşyklarynyň täze ulgamynyň depginli ösmegi dünýä senagat önümçiliginde bolup geçen özgerişliklerden oňyn netije çykarmaga mümkinçilik berýär. Şu nukdaýnazardan, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny sanly esasda ösdürmek boýunça Türkmenistanda badalga berlen işler giň gerimde alnyp barylýar.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» halkara ülňülere laýyk gelýän döwrebap maglumat aragatnaşyk tehnologiýalaryna esaslanýan sanly ykdysadyýeti yzygiderli ornaşdyrmagyň hasabyna milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak boýunça giň gerimli çäreler göz öňünde tutulandyr. Bu Konsepsiýada ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak we ony ösdürmek bilen bagly wezipeler tapgyrlara bölünip kesgitlenendir.

Döwlet Baştutanymyzyň ulag we aragatnaşyk pudaklaryny ösdürmek boýunça geçiren iş maslahatynda ýurdumyzyň ykdysadyýetini sanlylaşdyrmak boýunça ýerine ýetirmeli anyk wezipeleri orta goýdy. Hormatly Prezidentimiziň tassyklan «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, ähli pudaklarda sanly ulgamlary giňden ornaşdyrmak arkaly ýokary tehnologiýaly we bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek bellenildi.

Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça ygtyýarly edara bolan «Türkmenaragatnaşyk» agentligi ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, edaralar, kärhanalar, guramalar hem-de hususy telekeçiler tarapyndan sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak boýunça geçiriljek işleri utgaşdyrmak bilen, gözegçiligi amala aşyrar. Şeýle hem ylmyň we tehnologiýanyň soňky gazananlaryna, öňdebaryjy halkara tejribelere esaslanyp, ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň, şol sanda edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň ýeke-täk sanly ulgama birikdirilmegini hem-de sazlaşykly işledilmegini üpjün etmek hem  sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça ygtyýarly edaranyň esasy wezipeleriniň hatarynda bellenilýär.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ähli ugurlarda sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy ilatyň häzirki zaman tehnologiýalaryndan netijeli peýdalanyp, zähmet öndürijiligini artdyrmaga-da ýardam berer. Adam hakynda irginsiz aladalar edýän, onuň parahat we döwrebap ýaşaýşy üçin belent maksatlar esasynda netijeli işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Laçyn BABAJANOWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 2-nji talyby.

169cca6530dddb.jpeg
Türkmenistan bilen Gazagystanyň portlary Hazar sebitinde ulag-logistika ugurlaryny ösdürmegi meýilleşdirýärler

Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň ýolbaşçylary Gazagystana iş saparynyň çäklerinde ýurduň Aktau we Kuryk portlarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ulag-logistika ugurlaryny ösdürmek meselelerine aýratyn üns berdiler. Bu barada Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň resmi metbugat gullugy duşenbe güni habar berdi.


169cca7441b1da.jpeg
Türkmenistan bilen GIZ Transhazar geçelgesi boýunça hyzmatdaşlygy giňeldýär

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Nazar Agahanow bilen Türkmenistandaky Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) utgaşdyryjysy Ýoahim Frits 2024-nji ýylyň mart aýynda gol çekilen özara düşünişmek baradaky Ähtnama üýtgetmeler girizmek hakynda teswirnama gol çekdi. Resminama Türkmenistanda Transhazar ulag geçelgesiniň mümkinçiliklerini ösdürmek boýunça maksatnamanyň durmuşa geçirilmegini dowam etdirmegi göz öňünde tutýar.


169cca5d1d8285.jpeg
Türkmenistan we ÝB Türkmenbaşy portunyň Transhazar geçelgesindäki ornuny berkitmegi maslahatlaşdylar

Türkmenbaşy halkara deňiz portunda Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň we portuň ýolbaşçy düzümi Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Merkezi Aziýa we Owganystan boýunça bölüminiň başlygy Şarlotta Adrianyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen 2026-njy ýylyň 27-nji martynda duşuşyk geçirdi. Duşuşykda Hazarüsti ulag geçelgesiniň mümkinçiliklerini netijeli ulanmak we bu ugurda Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň strategiki ornuny has-da berkitmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.


169cca1c76b82c.jpeg
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Aşgabat şäherinde 2026-njy ýylyň 25-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigini geçirmek bellenildi

Türkmen halkynyň milli baýlygy we buýsanjy bolan behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak maksady bilen, şeýle hem “Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli bäsleşikleri geçirmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.


169cca007b6e01.jpeg
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi

31-nji martda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Onda ýurdumyzda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalygyna hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň ýerine 29-njy martda geçirilen saýlawlaryň gutarnykly netijeleri jemlenildi, tassyklanyldy we yglan edildi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.