Baky Bitaraplygyň beýik binýady

03-12-24

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda hemişelik Bitarap Türkmenistan ähli gyzyklanma bildirýän döwletler, abraýly halkara guramalary bilen köpugurly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny işjeň giňeldýär, munuň netijesinde ýurdumyzyň ýöredýän daşary syýasaty dünýä bileleşiginiň goldawyna eýe bolýar. Muny Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamanyň kabul edilmeginiň mysalynda hem görmek bolýar. Ýer ýüzüne parahatçylyk ýörelgesini ýaýmak bilen, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Diýarymyz dünýäniň ösüşine, adamzadyň ykbalyna dahylly meselelere oňyn täsir edýän ýurtdugyny dünýä jemgyýetçiligine aýan edýär.

1995-nji ýylyň 12-nji dekabry Garaşsyz Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmaga gönükdirilen ynsanperwer daşary syýasatynyň we işjeň başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen güni hökmünde türkmen döwletiniň sene ýazgysyna hemişelik girdi.

Şol ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň hukuk ýagdaýynyň BMG tarapyndan ykrar edilmegi, 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda bolsa BMG-niň 69-njy mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» Kararnamasynyň ikinji gezek kabul edilmegi türkmen Bitaraplygynyň dünýä ýüzündäki ykrary boldy.

Bu günki gün bagtyýar halkymyz beýik göwrümli özgertmeleriň döwlet maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmäge däl-de, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, dünýäniň ähli ýurtlary hem-de abraýly halkara guramalary bilen özara hyzmatdaşlygy giňeltmäge esas bolan baky Bitaraplygynyň şanly senesine uly ruhubelentlik, zähmet üstünlikleri bilen gelýär. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasaty adamzadyň parahat geljegini üpjün etmek ugrundaky wezipeleriň durmuşa geçirilmegine gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hoşniýetli daşary syýasatynyň düýp mazmuny, esasy maksady ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy gorap saklamak hem-de pugtalandyrmak işine işjeň gatnaşmakdan ybarat bolup durýar. Hut şonuň üçin hem Birleşen Milletler Guramasynda Türkmenistana Bitarap döwlet hökmünde uly ähmiýet berilýär. BMG bilen ýakyn hyzmatdaşlyk Türkmenistana öz Bitaraplyk derejesini sebitde durnuklylygyň we howpsuzlygyň möhüm şerti hökmünde amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.

Hemişelik Bitaraplygymyzdan gelip çykýan adyl syýasatymyz türkmen halkynyň ýagty günleri nazarlan päk niýetini, ýüreginiň mähirden doly ýylysyny dünýä paýlap, halklary dostlukly gatnaşyklary amala aşyrmaga çagyrýar. Türkmenistan döwletimizi ösüşleriň beýikliklerine alyp gitmekde ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin! 

Ogulşeker BERDIÝEWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 2-nji ýyl talyby.

16828e9089dae2.jpeg
GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.


16828e872d720e.jpeg
AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY

Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.


16828e79d0aab4.jpeg
BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem  dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.


16828e4589b060.jpeg
ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY

Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.


16828e2f1b58f9.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.