Hemişelik Bitaraplygymyz halkymyzyň baky bagtydyr
03-12-24

Berkarar döwletimizde yglan edilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Garaşsyz Watanymyz gün-günden gülleýär, gül açýar. 12-nji dekabr Türkmenistanyň halkara abraýynyň ýokarydygyny, ynsanperwer syýasatymyzyň dünýä derejesinde ykrar edilendigini aýdyň görkezýän taryhy senedir. Şoňa görä-de, halkara Bitaraplyk güni parahatçylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýän, halklar we sebitler bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ileri tutýan, amatly geosyýasy we geoykdysady mümkinçiliklerini umumadamzat bähbitleriniň we ösüşiniň hatyrasyna gönükdirýän döwlet hökmünde eziz Watanymyzyň dünýä giňişligindäki abraýyny has-da pugtalandyrýar we gadymy dostluk ýörelgelerimizi, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarymyzy dabaralandyrýan aýratyn ähmiýetli baýram hökmünde döwlet derejesinde giňden bellenilýär.
Türkmen halkynyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 50-nji ýubileý mejlisinde dünýäniň 185 döwletiniň biragyzdan goldamagynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» hakynda Rezolýusiýa kabul edildi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň her günki ösüşleri nusgalykdyr. Bu zatlaryň özi Bitaraplyk derejesiniň pugtalandyrylmagynyň miwesidir.
Hormatly Prezidentimiziň başda durmagy bilen kabul edilen meýilnama «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň taryhy we syýasy ähmiýeti», «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň ykdysady ugrunyň möhüm ähmiýeti», «Ynsanperwerlik meseleleri we medeni gymmatlyklar barada» hem-de «Türkmenistanyň Bitaraplygy — häzirki döwrüň hakykaty we biziň geljegimiz» atly dört bölümi özünde jemleýär.
Türkmenistan baky Bitaraplygyň esasy ýörelgelerinden ugur alyp, sebitiň we dünýäniň halklarynyň bähbidine gönükdirilen işjeň daşary syýasaty amala aşyrýar. Halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna, deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine eýermek bilen, halkara giňişliginde mynasyp orny eýeleýär.
Häzirki wagtda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalary hem-de dünýäniň köp ýurtlary bilen ýola goýlan syýasy, ykdysady, medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga we çuňlaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berýär.
Häzirki döwürde bütin adamzadyň parahat, asuda durmuşyny, durnukly ösüşi üpjün etmek gaýragoýulmasyz meseleleriň birine öwrülýär. Sebit howpsuzlygynyň üpjün edilmegi boýunça Türkmenistan halkara hyzmatdaşlyga işjeň goşulmak bilen sebitde aýratyn orun eýeleýär. Hormatly Prezidentimiz BMG-niň belent münberinden umumadamzat bähbitli başlangyçlary, sebitde parahatçylygy we abadançylygy pugtalandyrmak, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça pähim-paýhasly teklipleri öňe sürýär. Bu başlangyçlar dünýä bileleşigi tarapyndan uly gyzyklanma bildirilip, giň goldawa eýe bolýar.
Hemişelik Bitaraplygymyz halkymyzyň baky bagtydyr. Bu bagtyň aňyrsynda bolsa, yhlasy ýagny geçmişimize bolan buýsanjymyz bilen birlikde ýurdumyzyň ýagty geljegi hem bar. Türkmenistan özüniň halkara–hukuk derejesine üýtgewsiz ygararly bolmak bilen, bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik hem-de hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyny iş ýüzünde durmuşa geçirýär, ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasyny düzýär.
Goý, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň halkara abraýyny barha belende galdyrýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Sonatäç NURMYRADOWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.

GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.

AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY
Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.

BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.

ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY
Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.

DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.