BAKY BITARAPLYK — MIZEMEZ GYMMATLYGYMYZ
05-12-24

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan beýik işler halkymyzyň eşretli durmuşynyň binýadyny berkidýär. Il-ýurt bähbitli tutumly işler Arkadagly Serdarymyzyň Watana hem ene topraga söýgüsiniň beýikdigini äşgär edýär. Ýurdumyzyň bedew batly şol ösüşleridir özgerişleri kalbyňy joşa getirip, il-halkyň eşretli durmuşyny üpjün edýän Arkadag Prezidentimize buýsanjymyzy artdyrýar.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň esasy baýramlarynyň biri bolan baky Bitaraplygymyzyň şanly 28 ýyllygyny zähmet ýeňişlerimiz bilen garşy almaga taýýarlanýarys. Çünki 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy esasynda dünýä bileleşiginiň agza döwletleri tarapyndan Türkmenistana hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň biragyzdan berilmegine sanlyja günlerden 29 ýyl dolýar. Watanymyza bu derejäniň berilmegi, ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik daşary syýasat ugrunyň, onuň halkara işlerindäki ornunyň ykrar edilmegidir. Bitaraplyga eýe bolan günümizden başlap döwletimiz üçin täze döwür başlandy. Turuwbaşdan bu wakanyň bir döwletiň çäklerinden çykyp, parahatçylyk döredijilik babatda bütin sebitde, dünýäde möhüm waka öwrülendigini bellemek gerek.
Baky Bitarap Türkmenistan indi dünýä ýurtlarynyň arasynda ýokary depginler bilen ösýän, öz halkyny abadan edýän döwletleriň hatarynda ynamly gadam urýar. Türkmenistan beýleki döwletler bilen dostluk, birek-biregi hormatlamak, birek-birege ynam etmek, özara ýardam bermek esasynda gatnaşygyny ösdürýär we köp ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk, söwda-ykdysady gatnaşyklary saklaýar. Oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanyp, işjeň durmuşa geçirilýän «Açyk gapylar» syýasaty, halkara kadalaryna laýyklykda daşary ýurt maýa goýumlarynyň goralmagynyň üpjün edilmegi, şeýle hem ýurdumyzyň iňňän baý tebigy serişdeleri, amatly geosyýasy ýagdaýy, syýasy durnuklylyk, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň daşary ýurt maýa goýujylaryny birsyhly özüne çekýänligi oňyn netijelerini berýär.
Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda türkmen döwleti uly üstünliklere eýe bolýar. Türkmenistan bütin dünýäde we sebit möçberinde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerinde daşary ýurt maýasyny, tehnologiýasyny, tejribesini ýurduň ykdysadyýetine giňden çekmek arkaly beýleki ýurtlar bilen hoşniýetli, dostlukly hyzmatdaşlygy ýola goýýar. Türkmenistanyň dünýä bileleşigine işjeň goşulmagy, ençeme döwletler bilen söwda-ykdysady we ynsanperwer-medeni gatnaşyklaryň giňemegi, halkara maslahatlaryň, sergileriň, festiwallaryň geçirilip durulmagy ýurdumyzyň häzirki zaman ösüşine kuwwatly itergi berýär we onuň bütin dünýädäki abraýyny belende göterýär.
Türkmenistan Bitarap döwletleriň hataryna goşulmak bilen, öz üstüne birnäçe borçnamalary aldy. Ýurdumyz umumadamzat gymmatlyklaryna we demokratiýanyň ýörelgelerine eýermek, ýurduň içinde raýat asudalygyny üpjün etmek, Birleşen Milletler Guramasy we beýleki halkara guramalary bilen ýakyn hyzmatdaşlykda bolup, öz syýasatyny ýöretmek ýaly borçlary öz üstüne aldy we berjaý edýär. Türkmenistan sebitde we bütin dünýäde asudalygyň, abadançylygyň, parahatçylygyň rowaçlanmagyna mynasyp goşant goşýar.
Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli hem-de adalatly içerki hem daşarky syýasaty adamzadyň kalbyna şugla saçýar, sebitde we bütin dünýäde parahatçylygyň binýadynyň berkidilmegine oňyn täsirini ýetirýär. Türkmen halkyny parahat, eşretli döwletde ýaşadýan, ýurdumyzy gülledip ösdürýän belent mertebeli Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Dursunjemal DUŞEMOWA,
Türkmen oba hojalyk instirtutynyň mugallym-öwrenijisi.

GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.

AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY
Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.

BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.

ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY
Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.

DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.