Baky Bitaraplygymyzyň halkara hyzmatdaşlygyndaky orny
07-12-24

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan döwletimiz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan borçlaryna gyşarnyksyz eýermek arkaly, dünýä döwletleri we halkara guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygyň gerimini has-da giňeldýär. Bilşimiz ýaly, 1995-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» Rezolýusiýasy şol wagt gurama degişli bolan 185 döwlet tarapyndan biragyzdan goldanylan bolsa, 2015-nji ýylda 193 döwlet tarapyndan biragyzdan kabul edildi. Bu bolsa ýurdumyzyň daşary syýasat ugruna dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan uly ynam bildirilýändiginiň subutnamasydyr.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatyny saýlap almagynyň esasy sebäpleriniň biri-de mähriban Watanymyzyň geosyýasy ýagdaýy we bu ugurdaky ykdysady bähbitleridir. Ýurdumyzyň çäginiň Aziýany we Ýewropany birleşdiriji merkez bolup durýandygy sebäpli ulag-üstaşyr mümkinçilikleriniň giň gerimde ösdürilmegine ýardam berýär. Şeýle-de Türkmenistan döwletimiz beýleki döwletler bilen dostluk, birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak, özara ýardam bermek esasynda halkara derejesindäki gatnaşyklaryny ösdürýär we köp ýurtlar bilen hyzmatdaşlyklary, söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeň alyp barýar. Bu bolsa türkmen bitaraplygynyň dünýä nusgalyk häsiýetleriniň biridir.
Ata-babalarymyzyň arzuwlan Garaşsyzlyk eýýamynyň gelmegi halkymyzyň başyny göge ýetirdi, Bitaraplyk bolsa köňül arzuwyny gülletdi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyz ylalaşygyň, parahatçylygyň we halklaryň arasyndaky dostlugyň merkezine öwrüldi. Türkmenistan döwletimiz beýleki döwletler bilen dostluk, birek-biregi hormatlamak, birek-birege ynam etmek, özara ýardam bermek esasynda gatnaşygyny ösdürýär we köp ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk, söwda-ykdysady gatnaşyklaryny saklaýar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy sebitde halkara hyzmatdaşlygynyň we goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösmegine itergi berdi.
Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda Watanymyz BMG-niň münberinden dünýä ýüzüne hemmetaraplaýyn bähbitli başlangyçlaryny öňe sürýär. Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda «Açyk gapylar» syýasaty esasynda halkara kadalaryna laýyklykda daşary ýurt maýa goýumlarynyň goralmagynyň kepillendirilmegi, daşary ýurt telekeçiligi üçin amatly şertleriň döredilmegi, şeýle hem ýurdumyzyň iňňän baý tebigy serişdeleriniň, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň daşary ýurt maýa goýujylaryny özüne çekýänligi oňyn netijelerini berýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň milli ýörelgeleriniň we hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ajaýyp sazlaşygy halkymyza parahatçylyga uzaýan ýoluň aýdyň geljegini görkezýär. Bitaraplyk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri bilen utgaşýan bu gatnaşyklar parahatçylykly hem-de durnukly ösüşi üçin amatly şertleri üpjün etmek bilen, Türkmenistanyň Merkezi Aziýa sebitinde eýeleýän ornuny yzygiderli berkidýär. Şunuň bilen baglylykda sebitiň möhüm meselelerini bilelikde, tagallalary utgaşdyryp çözmek, ýurdumyzyň diplomatiýasynyň möhüm ileri tutulýan ugry bolup durýar.
Mähriban halkymyzy ýetip gelýän şanly sene – hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Bu şanly senä zähmet sowgatlary bilen barmak hyjuwy bilen joşýan bagtyýar raýatlarymyza we halkymyza bagtyýarlyk eçilen Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza jan saglyk, uzak ömür, il-halkymyz, galyberse-de umumadamzat bähbitli tutumly işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris!
Ogultagan TAGANOWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 1-nji ýyl talyby.

GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.

AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY
Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.

BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.

ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY
Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.

DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.