PARAHATÇYLYGYŇ HEM HOŞNIÝETLILIGIŇ BAÝRAMY
10-12-22
Düşünişmek, ylalaşmak, parahat, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine wepalylyk bu häsiýetleriň ählisi türkmene asyrlarboýy mahsus bolan häsiýetler. Buýsandyrýan ýeri, milletimiziň zandyna ornan şol häsiýetler häzirki wagtda-da dowam etdirilýär. Onda-da diňe öz halkymyzyň bähbitlerini nazara alman, eýsem, dünýä halklarynyň hem parahatçylygyny gazanmagy esas edinýär. Bu günki gün bolsa şol milli häsiýetlerimiz türkmen bitaraplygynyň mysalynda aýdyň şuglalanýar.
«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda ýurdumyzyň ynsanperwerlige esaslanýan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy barha rowaçlyklara beslenýär. Çünki Türkmenistan BMG tarapyndan dünýäde resmi taýdan iki gezek ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet hökmünde öz üstüne alan umumadamzat gymmatlyklaryna ygrarly bolmak, beýleki ýurtlaryň içerki işlerine goşulyşmazlyk, sebit we dünýä möçberinde dostluk, parahatçylyk söýüjilikli hem-de özara bähbitli deňhukukly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge hemmetaraplaýyn ýardam bermek ýaly borçnamalaryna yzygiderli eýerýär.
Hemişelik Bitaraplyk Türkmenistanyň ykdysady taýdan ösmegine, onuň sebitde işjeňlik görkezýän syýasy subýektleriň birine öwrülmegine, Merkezi Aziýada we Hazar sebitinde howpsuzlyk we durnuklylyk derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam edýär. Hut Bitaraplyk hukuk derejesi ýurdumyza häzirki zaman howpsuzlyk ulgamy döredilende, sebitleýin hem halkara gapma-garşylyklaryň syýasy çözgütleri kabul edilende, töwekgelçilikleriň, wehimleriň öňi alnanda we olar aradan aýrylanda hyzmatdaşlygyň iň bir netijeli ugurlaryny saýlamaga mümkinçilik berýär. Umuman, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyz biziň ýurdumyza bildirilýän ynama we dünýä sahnasynda onuň eýeleýän ornunyň ykjamlygyna güwä geçýär.
Parahatçylygy we durnuklylygy gorap saklamak boýunça Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary, şol başlangyçlaryň dünýä halklarynyň gyzgyn goldawyny tapmagy bolsa aýdanlarymyzyň anyk we aýdyň delili. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy sessiýasynda 193 döwlet tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» Rezolýusiýasynyň biragyzdan ikinji gezek kabul edilmegi bolsa öz gezeginde milli Liderimiziň «Ösüş arkaly parahatçylyk» syýasatynyň goldanýandygynyň ýene bir güwäsidir.
Türkmeniň ynsanperwerlik syýasatynyň halkara giňişlikde parahatçylygy berkitmekde, halklaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmakda iň täsirli gural hökmünde ykrar edilýändiginiň subutnamasy bolan bu karar milletimiziň umumadamzat gymmatlygyna goşan nobatdaky goşandy boldy.
Bitarap Türkmenistan Watanymyzy ösüşleriň beýikliklerine alyp gitmekde ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Şyhnazar BAÝRAMDURDYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
TÄZE TEJRIBE – KÄMILLIGE ÝOL
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim binýadyny ýokarlandyrmak ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda talyplaryň bilim almagy diňe nazaryýet bilen çäklenmän, eýsem, olary amaly tejribe ýoluna ugrukdyrmak zerur bolup durýar.
TÜRKMEN BEDEWLERI BÜTIN DÜNÝÄŇ YKRARYNDA
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň milli buýsanjy we baýlygy hasaplaýan behişdi ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, olaryň baş sanyny köpeltmek boýunça başyny başlan başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär.
BAGTLY DÖWRE BUÝSANÇ
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek, ýaşlary ylmy gözleglere we innowasion açyşlara ugrukdyrmak döwlet syasatynyň iň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bagtyýar döwrümiziň berýän şeýle giň mümkinçiliklerinden ruhlanyp, ylmyň çet-gyrasyz dünýäsine gadam basan ýaşlaryň biri hökmünde, golaýda maňa "Ýaş alym" diýen abraýly adyň dakylmagy meniň üçin örän uly buýsanç we şol bir wagtda belent jogapkärçilik boldy.
Ahalteke bedewleriniñ dünýä jemgyýetindäki orny.
Ahalteke bedewi diňe bir at däl-de, eýsem türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren janly sungat eseridir. Taryhyň dowamynda türkmen halkynyň aýrylmaz bölegine öwrülen ahalteke bedewleri, diňe bir gözelligiň nusgasy däl, eýsem, Türkmenistanyň halkara giňişligindäki abraýynyň we medenýetiniň möhüm sütünidir.
TÜrkmen bedewi ― parahatçylygyň ilçisi
«Türkmen bedewleri gadymy topragymyzyň gudratydyr, öý-ojagymyzyň ýaraşygydyr, bahasyna ýetip bolmajak milli baýlygymyzdyr» diýip hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu günki eşretli Diýarymyzyda ahalteke bedewleri dünýä arenasynda abraýyna mynasyp hormat münberinde orun alýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.