BITARAPLYGYŇ BAGT ŞUGLASY
02-12-24

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýörelgeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde Türkmenistan Watanymyz Merkezi Aziýada we tutuş dünýäde durnuklylygyň oňyn ýagdaýyny emele getirmek bilen sebitde möhüm orny eýeleýär.
Türkmen bitaraplygy ykdysady hem-de geosyýasy ugurlarynyň sebitleýin ösüşine oňyn täsir edýär. Hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi türkmen döwletiniň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ýörelgeleriniň biri bolmak bilen, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bedew bady bilen okgunly ösüşlerimiziň möhüm şertidir, goňşy we beýleki döwletler bilen netijeli hyzmatdaşlygymyzy giňeltmäge ýardam berýän hadysadyr. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýylynyň içinde Watanymyz ykrar edilen parahatçylyk dörediji merkez hökmünde belent halkara abraýyna eýe boldy.
Garaşsyz Türkmenistanyň durmuşa geçirýän parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň dünýäde giňden dabaralanmasy hökmünde halkymyzyň hakydasynda ebedilik orun alan Bitaraplyk ýurdumyzyň şanly taryhynda gazanan iň uly üstünlikleriniň biridir. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» Rezolýusiýasy kabul edilip, 185 döwletiň biragyzdan goldamagynda ýurdumyz bu gurama tarapyndan ykrar edilen ýeke-täk hemişelik Bitarap döwlet boldy.
Türkmenistan Watanymyzyň giň halkara hyzmatdaşlygyna ygrarly bolmagy, ilkinji nobatda, belent mertebeli Liderimiziň alyp barýan oňyn daşary syýasatynyň dabaralanmagy netijesinde gazanylýar. Taryhy tejribäniň görkezişi ýaly, islendik döwletara gatnaşyklarynyň netijeliligi halklaryň arasyndaky özara düşünişmek we ynanyşmak ýagdaýynyň, olaryň dostlukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagy bilen kesgitlenilýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň dünýäniň abraýly halkara guramalary, şol sanda Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy barha giň gerime eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda, Durnukly Ösüşiň maksatlaryny gazanmak ýaly ileri tutulýan ugurlarda netijeli gatnaşyklar barha pugtalandyrylýar. Bu babatda Türkmenistanyň sebit we dünýä howpsuzlygy, energetika, ulag-aragatnaşyk, ekologiýa ýaly möhüm ugurlarda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek bilen bagly döredijilikli başlangyçlarynyň ähmiýeti has hem artýar.
Şeýle hem Türkmenistan howanyň üýtgemegi we daşky gurşawy goramak meseleleri boýunça BMG bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýär. Biziň ýurdumyz geçen ýyl Fransiýanyň paýtagtynda geçirilen Howa baradaky halkara maslahatynda «Pariž ylalaşygyna» gol çekişip, Aşgabatda Merkezi Aziýada we Hazar sebitinde howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini açmak bilen bagly we başga-da birnäçe anyk başlangyçlar bilen çykyş etdi.
2015-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň 193 döwletiniň goldamagy netijesinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Rezolýusiýanyň ikinji gezek ykrar edilmegi hormatly Prezidentimiziň sebit we dünýä möçberinde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen netijeli syýasatynyň ählumumy ykrar edilmeginiň ajaýyp subutnamasydyr.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan oňyn Bitaraplygyň esasy ýörelgelerinden ugur almak bilen, sebitiň we dünýäniň halklarynyň bähbidine işjeň daşary syýasaty amala aşyrýar, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna, deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine eýermek bilen, halkara giňişlikde mynasyp ornuny eýeleýär.
Sebitde we dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmak boýunça Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlarynyň mundan beýläk hem diňe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris! Milli baýramymyz — hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 29 ýyllyk baýramy bilen bütin türkmen halkyny mähirli gutlaýarys!
G. ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.

GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.

AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY
Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.

BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.

ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY
Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.

DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.