Döwletimiziň ynamly geljegi
03-01-24
Berkarar döwletimizde yglan edilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň her bir güni uly üstünliklere beslenýär. Döwletimiziň we jemgyýetimiziň ähli ugurlarynda, şol sanda, ylym-bilim ulgamynda hem uly ösüşler gazanylýar. Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli kabul edýän çözgütleri, berýän tabşyryklary eziz Watanymyzyň rowaçlanmagyna, halkymyzyň eşretli durmuşynyň hatyrasyna gönükdirilýär, ylym-bilim ulgamyna berýän ägirt ünsi zehinli ýaşlaryň ýüze çykmagynda, bilim ulgamynda täze-täze oýlap tapyşlaryň döremeginde, türkmen ylmynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginde oňyn netijeleri berýär.
Ýurdumyzda ýaşlaryň hukuk we durmuş taýdan goraglylygy baradaky meselelere yzygiderli üns berlip, Türkmenistan döwletimizde öňdebaryjy tejribelere hem-de dünýäniň döwrebap ösüşlerine laýyk gelýän beýik işler amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda ýaşlar syýasatynyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek nukdaýnazaryndan, milli kanunçylygyň çäklerinde we halkara ýörelgeler esasynda durmuşa geçirilýändigini bellemek möhümdir.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmekde gazanylýan üstünlikler bilen biz XXI asyrda Watanymyzyň durnukly ösüşini üpjün edýäris, onuň geljegini gurýarys. Şundan görnüşi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan ýaşlar syýasaty hut ýaş türkmenistanlylaryň şahsyýet taýdan kemala gelmegine, ösmegine, ukyp-başarnyklarynyň ýokarlanmagyna, jemgyýetiň bähbitlerine, ýaşlaryň aň-paýhas, döredijilik, ruhy mümkinçiliklerini doly amala aşyryp bilmekleri üçin mümkinçilikleri giňeltmäge has oňaýly şertleri döretmäge, iň esasy-da, bularyň üsti bilen ata Watanymyzyň geljekki ösüşlerini üpjün etmäge gönükdirilendir. Şeýlelikde, ýaş raýatlaryň hukuk we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, türkmen halkyna gadymdan bäri mahsus bolan ruhy-ahlak hem-de medeni gymmatlyklary dünýä ýaýmak, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ýaşlarda watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, raýat jogapkärçiligini terbiýelemek, olaryň başlangyçlaryny goldamak we höweslendirmek milli strategiýanyň esasy ugurlarynyň, wezipeleriniň hatarynda durýar.
Mälim bolşy ýaly, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynyň dowamynda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi kabul edildi. Bu Kanunyň kabul edilmegi jemgyýetde taryhy ähmiýetli waka boldy. Çünki ol döwrüň anyk ýagdaýlaryny beýan edýär hem-de häzirki täze eýýamda ýurdumyzyň hut ýaş nesilleriniň amala aşyrmaly giň gerimli özgertmelerini durmuşa geçirmek üçin täze mümkinçilikleri açýar. Döwlet Baştutanymyzyň gurultaýdaky çykyşynda: «Ylymly-bilimli, sagdyn ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir, nurana geljegidir» diýip nygtamagy hem aýdanlarymyza güwädir. Bir söz bilen aýdanyňda, dünýäniň häzirki zaman syýasy, ykdysady we durmuş şertlerinde ýaşlar syýasaty Türkmenistan ýurdumyzyň ösüşi bilen birlikde, uzak möhletleýin geljekde döwletara gatnaşyklaryň hem ösüşini kesgitleýän strategik ugra öwrülýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary ylmy mümkinçiligi bolan giň gözýetimli, maksada okgunly, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, ýokary hünärli, taýýarlykly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça ähli tagallalar ediler. Bilim bermekde sanly tehnologiýalar giňden ulanylyp, uzak aralykdan okatmak we maglumatlary alyşmak işleri amala aşyrylar» diýip belleýşi ýaly, ýurdumyzyň ýörite orta hünär, ýokary okuw mekdepleriniň, ähli ylym-bilim edaralarynyň kompýuterler, dünýä derejesine laýyk gelýän täze tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi netijesinde bu ugurda uly ösüşler gazanylýar.
Döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen bir hatarda bilim ulgamy düýpli kämilleşdirilýär, ýaş nesle bilim we terbiýe bermegiň, ýagny okuw-terbiýeçilik işleriniň esaslary, wezipeleri, görnüşleri, usullary yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar.
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» öňde goýlan wezipelere, «Türkmenistanda on iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň Konsepsiýasyna», «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna», şeýle hem «Daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda bilim ulgamynda geçirilýän özgertmeler döwletimiziň syýasy, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylmy-tehnologik taýdan sazlaşykly ösüşine, jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna hem-de ykdysadyýetimizi ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjün etmäge niýetlenilip, bu ugurda ýaşlaryň döwrebap bilimleri özleşdirmegi, giň gözýetimli, zähmetsöýer nesiller bolup ýetişmegi üçin ähli şertler döredilýär.
Ata Watanymyzyň beýik geljegi ýaşlarymyzyň döwrebap bilim almagyna, syýasat, ykdysadyýet, hukuk, inženerçilik, sanly ulgamlar, taryh, dil we edebiýat, sungat ugurlary boýunça ökde hünärmenler bolup ýetişmegine berk baglydyr. Ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işleriň gymmatyna doly düşünýän nesilleri kemala getirmegiň ilkinji we möhüm şerti bolsa, ýaşlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirýän kanunçylyk namalarynyň kabul edilmegi we olaryň iş ýüzünde amala aşyrylmagy bilen baglydyr. «Ýaşlaryň zähmet çekmäge bolan hukugynyň kepillendirilmesi hakynda», «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda», «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda», «Bilim hakynda», «Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary, Türkmenistanyň Zähmet we Maşgala kodeksi, Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksi ýaly kadalaşdyryjy namalar bu ugurda ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli işleriň hukuk binýadyny emele getirýär.
Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, bagtyýar ýaşlarymyz bu gün döwlet, häkimiýet we dolandyryş edaralarynda, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda, iň kämil we çylşyrymly tehnologiýaly iri kärhanalarda milli hem-de döwlet maksatnamalarymyzy üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda yhlasly zähmet çekýärler. Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadag Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Zaman GELDIÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.
Halypa mugallymy: Deňizguly AŞYROW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Çyzuwly geometriýa we inzenerçilik grafikasy kafedrasynyň mugallymy.
HAÝRAN GALDYRÝAN ULAGLAR
Awtoulagy bellenen tizlikden ýokary dolandyrýandygy üçin ýazylan iň köp jerime töleginiň möçberi 1 million amerikan dollaryna barabardyr. Bu jerime ulagyny sagatda 288 km tizlik bilen dolandyran şweýsariýaly sürüjä degişlidir. Ýeri gelende bellesek, bu ýurtda jerimeler gazanylan girdeji bilen baglanyşykly bolup durýar.
Dünýädäki iň täsin howa menzilleri
Singapur adaty bolmadyk binagärlikden we haýwanlary iň tebigy mekanynda görkezýän meşhur haýwanat bagyndan, ajaýyp seýilgähleri we baglary bilen bütin dünýäde meşhurdyr. Çangi - howa menzili Singapuryň ähli aýratynlyklarynyň bir görnüşidir. Dünýäniň iň gowy howa menzili hökmünde ençeme gezek ykrar edildi. Çangide menziliň ýokary gatlaryna münüp, menziliň içinde döredilen tropiki baglara tomaşa edip, onda gezelenç edip, hatda 40 metrlik şarlawuga haýran galyp, üçek howuzunda dynç alyp bolýar.
Watanyň daýanjy, geljegi ýaşlar
Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli kabul edýän çözgütleri, berýän tabşyryklary eziz Watanymyzyň rowaçlanmagyna, halkymyzyň eşretli durmuşynyň hatyrasyna gönükdirilýär, ylym-bilim ulgamyna berýän ägirt ünsi zehinli ýaşlaryň ýüze çykmagynda, bilim ulgamynda täze-täze oýlap tapyşlaryň döremeginde, türkmen ylmynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginde oňyn netijeleri berýär.
Goýberiliş №42 (17.10.2020 ý.)
Goýberiliş №41 (10.10.2020 ý.)
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.