SANLY TEHNOLOGIÝALARYŇ MILLI YKDYSADYÝETIMIZDÄKI ORNY

03-01-24

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan içeri hem-de daşary syýasatynyň netijesinde ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna halkara ülňülerine laýyk gelýän täze innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça işler üstünlikli amala aşyrylýar. Şol sanda ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda sanly tehnologiýalaryň ulanylmagyny giňden ýola goýmak, elektron resminamalar dolanyşygyny we elektron senagatyny kämilleşdirmek, şäherleriň hem-de obalaryň sanly tehnologiýalaryň üpjün ediliş derejesinde bolan aratapawudyny aradan aýyrmak ýaly wezipeler amala aşyrylýar. Sanly ykdysadyýete geçmek boýunça wezipeler maglumat-aragatnaşyk üpjünçilik ulgamynyň, şol sanda Internet hyzmatlarynyň hiliniň ýokarlandyrylmagyndan, şeýle hem adamyň intellektual ukyplarynyň doly derejede ulanylmagyndan we zerur bolan beýleki şertleriň ýerine ýetirilmeginden ybaratdyr.

Häzirki wagtda öňdebaryjy ýurtlaryň tejribesinde hökümet tarapyndan ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak meselelerine işeňňirlik bilen çemeleşilýär, hususan-da, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagy, şeýle hem döwlet hyzmatlarynyň elektron görnüşleriniň hereket edip başlamagy ýaly özgertmeler yzygiderli amala aşyrylýar. Dünýä ykdysady ulgamynda sanly özgertmelere sezewar bolmaýan pudaklaryň sany barha azalýar, sebäbi olar döwrüň talaplaryna laýyk gelip bilmeýär, şonuň netijesinde bolsa pudak özüniň bäsleşige ukyplylygyny ýitirýär. Sanly ykdysadyýete geçmek meselesinde, ilki bilen, döwlet dolandyryş edaralaryna we bank ulgamlaryna innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny gazanmaly, soňra şol tehnologiýalaryň degişli ykdysadyýetiň pudaklarynda we jemgyýetde ýüze çykýan gaýry zerurlyklary kanagatlandyrmak üçin peýdalanylmagynyň aýdyň netijeleri ykdysadyýete umumylykda oňaýly täsirini ýetirýär.

Ykdysadyýetiň sanly ulgamy jemgyýetçilik durmuşynda bolup geçýän ykdysady we durmuş hadysalardan düzülen ulgam bolmak bilen, şol bir wagtda Internet torundan peýdalanmaga giň mümkinçilikleri bolan täze görnüşli ykdysady nusgany emele getirýär. Sanly ykdysadyýet şertlerinde zähmet öndürijiliginiň artmagy, önümçilik harajatlarynyň pese düşmegi, harytlaryň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlanmagy şonuň ýaly-da, beýleki peýdaly aýratynlyklar ýüze çykýar. Ykdysadyýetde innowasion özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin üpjünçilik ulgamynyň döwrebaplygyna, elektron dolanyşygynyň ýola goýulmagyna we elektron söwdasynyň amala aşyrylmagyna aýratyn üns berilýär.

Ykdysadyýetiň innowasion pudaklarynyň emele gelmegi bolsa sanly ykdysadyýetde bolup geçýän prosesleriň kanunalaýyk dowamaty hökmünde çykyş edýär. Şeýlelikde, sanly ykdysadyýet jemgyýeti we döwleti düzýän ähli elementleriň bütinleýin yzygiderli sanlylaşdyrylmagynyň netijesinde emele gelýär, sanly ykdysadyýetiň ösüşi bolsa onuň subýektleriniň özara amala aşyrylýan sanly şertnamalaýyn gatnaşyklaryny ýola goýmak işiniň gurnalmagy bilen bagly bolup durýar. Şu işde berk kanunçylyk binýadynyň döredilmegi ilkinji mesele bolup çykyş edýär. Bu wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin «Türkmenistanda 2019 - 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edildi. Ol resminama Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, «Elektron resminama hakynda», «Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we Internet-hyzmatlaryny elýeterli etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda işlenip taýýarlandy hem-de sanly ulgamy ösdürmegiň maksatlaryny we esasy ugurlaryny, şeýle hem ýerine ýetirilmeli esasy wezipelerini özünde jemledi. Bazar gatnaşyklarynyň kämilleşmegi dürli şertnamalaryň hem-de amallaryň döwrebap görnüşleriniň ýüze çykmagyna oňyn şert döredýär. Bu bolsa ykdysadyýetiň hususy bölümlerini ösdürmekde, ilatyň durmuş wezipelerini çözmekde, şertnamalaýyn gatnaşyklaryň aýdyňlygyny ýokarlandyrmakda netijeli gural bolup durýar.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda amala aşyrylýan işleriň ählisi Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak baradaky taýsyz tagallalarynyň netijesidir. Şeýle mümikinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadag Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, dünýä ähimýetli alyp barýan işleriniň elmydama rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!

Seýrangeldi BORJAKOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary fakultetiniň 4-nji ýyl talyby. 

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.