Döwrebap bilim ulgamy
02-01-24

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň baş maksady halkyň eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirilýär. Bu asylly maksada ýetmekde jemgyýetiň ruhy durmuşynyň täze many-mazmuna eýe bolmagyna, munuň üçin bolsa ylym-bilim ulgamlarynda düýpli özgertmeleriň geçirilmegine uly orun degişlidir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim edaralarynyň işini kämilleşdirmek bilen bagly meselelere aýratyn üns berilmek bilen, giň gözýetimli, täzeçe pikirlenmegi başarýan, döwrüň ösen talaplaryna düşünýän, innowasiýa esaslanýan ykdysadyýeti ösdürmäge goşant goşmaga ukyply ýaşlary terbiýelemek möhüm wezipe bolup durýar. Hut şol sebäpli Gahryman Arkadagymyzyň nusga alarlyk göreldesine eýerip, Arkadagly Serdarymyz hem ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny durmuş-ykdysady ösüşe kuwwatly itergi berýän, jemgyýeti ösdürýän dörediji güýç hökmünde uly alada bilen gurşap alýar.
Häzirki zaman şertlerinde islendik döwletiň ýa-da dünýä ykdysadyýetiniň üstünlikli ösüşi, ilkinji nobatda, bilim we ylym ulgamynyň ösüş derejesi bilen kesgitlenilýär. Şunda jemgyýetiň intellektual kuwwatyndan netijeli peýdalanmak möhüm şert bolup durýar. Şeýlelikde, ylmyň öňdebaryjy gazananlarynyň ulanylmagy ýokary derejede ösen döwletleriň ösüşiniň möhüm şertidir.
Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, iň öňdebaryjy tejribeleri özüne siňdiren häzirkizaman jemgyýetiniň hakyky gymmatlygy baýlyklarda däl-de, adamlarda, olaryň ylmynda, biliminde, hünär derejesinde hem-de zähmetiniň netijesinde jemlenýär. Hormatly Arkadagymyzyň şu çuň mazmunly pähim-parasadyndan we bilimiň binýadyny berkitmek babatda edýän asylly işlerinden ugur alnyp, ýurdumyzda giň möçberli işler durmuşa geçirilýär.
Bilim edaralarynda berilýän bilimiň hiliniň dünýä ülňülerine laýyk getirilmegi, ykdysadyýetiň ösüşi üçin zerur bolan hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärleriň açylmagy, bilim edaralarynyň ylmyň we tehnikanyň gazananlarynyň ýokary derejesine laýyk enjamlaşdyrylmagy ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak barada alnyp barylýan syýasatyň ajaýyp miweleridir. Bilim ulgamynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagy irki tapgyrlardan çagalaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaga we ösdürmäge, olary öňdebaryjy dünýä tejribesine hem-de milli mugallymçylygyň baý mirasyna daýanyp terbiýelemäge mümkinçilik berýär. Munuň özi soňra olardan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ägirt uly meýilnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmäge ukyply ýokary hünärli işgärleri taýýarlamaga ýardam edýär. Kabul edilen milli maksatnamalaryň çäklerinde güneşli Diýarymyzyň ähli künjeginde orta we ýokary okuw mekdepleriniň, çagalar baglarynyň hem-de sagaldyş merkezleriniň döwrebap desgalary halkyň hyzmatyna berilýär. Şu okuw ýylynyň ilkinji gününde ýurdumyzyň ähli sebitleri bilen birlikde biziň welaýatymyzda hem häzirkizaman kompýuterleri, okuw-tehniki serişdeleri, interaktiw multimediýa tehnologiýalary bilen doly üpjün edilen orta mekdep we çagalar bagy açylyp, ulanyşa girizildi.
Bilim ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi umumymilli bähbitleriň hem-de her bir raýatyň bähbitleriniň sazlaşýan ulgamyna, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmeginiň, türkmen jemgyýetiniň medeni we ruhy taýdan sazlaşykly ösmeginiň esasy şertine öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiziň ýörite Karary esasynda Aşgabat şäherindäki Söwda-senagat edarasynda geçirilen, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň dabaraly jemlenmesine öwrülen halkara ylmy-amaly maslahat hem-de köpugurly sergi ýurdumyzyň bagtyýar ýaşlarynyň durmuşynda sözüň doly manysynda taryhy waka boldy. Hormatly Prezidentimiziň eden taryhy çykyşy ýaşlaryň bilimde, ylymda, zähmetde ukyp-başarnygyny görkezmäge bolan höwesini has-da artdyrdy. Döwlet Baştutanymyzyň ylymly-bilimli, sagdyn ýaşlaryň döwletimiziň kuwwatly güýjüdigi, nurana geljegidigi barada aýdan jaýdar sözleri biziň ruhumyzy has-da beýgeltdi.
Berkarar döwletimizde yglan edilen 2024-nji ýylda – «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda biz ata Watanymyzyň ösüşiň täze derejesine çykmagy, ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary ugrunda alyp barýan giň möçberli işleri üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys. Milli Liderimize we Arkadagly Serdarymyza jan saglyk, uzak ömür, asylly işlerinde we tutumly başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw edýäris!
Dawut BÄŞIMOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Mehanika-tehnologik fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.

AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY
Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.

BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.

ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY
Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.

DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.