ARKADAGLY SERDAR BILEN ÖŇE BARÝAR BAGTYÝAR ZAMANA
02-01-24

Bu günki gün ata-babalarymyzdan miras galan döwletlilik ýörelgelerine ygrarly agzybir halkymyz — Arkadagly Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşip, beýik geljegini gurýar. Ösüşleriň aýdyň ýolundan ýöräp, belent maksatlar bilen öňe barýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň barha belende galýan halkara abraýyny, gazanýan uly üstünliklerini bu gün tutuş dünýä jemgyýetçiligi ykrar edýär.
Berkarar döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň artmagy, halkara abraýynyň ýokarlanmagy hem-de merdana halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda tagalla edýän Hormatly Prezidentimiziň şa gadamynyň düşen ýeri berekediň, rysgalyň, bolçulygyň çeşmesine öwrülýär. Arkadagly Serdarymyz her gezekki iş sapary täze ajaýyp üstünlikleriň başyny başlaýar. Bu bolsa türkmen halkynyň bagtyýar geljegine bolan ynamyny, hormatly Prezidentine, Watanyna bolan söýgüsini hem buýsanjyny artdyrýar.
Türkmenistanlylaryň çuňňur hormatlap, hormatly Prezidentimize bütin durklary bilen bil baglandyklarynyň aýdyň ýüze çykmasydyr. Döwrüň bedew batly şol ösüş-özgerişinde, jemgyýetiň, döwletiň durmuşynyň parahatçylygyň ýoly bilen ösüşinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň görnükli döwlet işgäri, öňdengörüji syýasatçy hökmündäki orny juda ýokarydyr. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty üstünlikli amala aşyrylýar. Ata-babalarymyzdan miras galan bitaraplyk ýörelgelerine ygrarly ýurdumyz dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen deňhukukly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da ösdürýär. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglandy.
Halkymyzda durmuşyň abadançylygy, adamlaryň ýaşaýyş derejesiniň barha gowulanýandygy aýdyň görünýär. Şu babatda 2024-nji ýyl – «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hem ýurdumyzyň, halkymyzyň iň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylar. Her ýylyň mynasyp at bilen atlandyrylmagy halkymyzda indi asylly ýörelgä öwrüldi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri agzybir halkymyzyň — Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň daşyna jebisleşen zamanasydyr! Merdana halkymyzyň abadanlygyny hem bagtyýarlygyny hemra edinip, «Watan diňe halky bilen Watandyr!» diýýän hormatly Prezidentimiz bilen belent maksatlaryna, beýik geljegine tarap ynamly gadam urýan zamanasydyr! Bu zamana beýik ösüşleriň, özgerişleriň zamanasydyr! Hormatly Prezidentimiziň il bähbitli beýik maksatnamalaryndan ugur alýan bedew batly ösüşlerimiz Diýarymyzda abadançylygyň, rysgal-berekediň we asuda durmuşyň höziriniň hasam artjakdygyny aňladýar.
Netijede, halkymyzyň ruhytaryhy köklerine daýanyp, berkarar Watanymyzy has-da ösdürmek ugrunda beýik we nusgalyk işler durmuşa geçirilýär, çünki türkmen halkynyň Watana bolan belent söýgüsi milli mirasymyzdan, atababalarymyzyň ruhy ahlak ýörelgelerinden gözbaş alýar. Şeýlelik-de, halkymyzyň ajaýyp zamanynda gadymdan galan mirasyny sarpalamak boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işler giň gerimliligi bilen wajyp häsiýete eýe bolýar. Üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmeler ilkinji nobatda Garaşsyzlygymyzy pugtalandyrmak, halkymyzyň jebisligini berkitmek, agzybirlik, ýurt parahatçylygy, Watan berkararlygy bilen berk baglanyşyklydyr. Ähli babatda ösüşleriň, özgerişleriň döwri bolan Garaşsyzlyk eýýamynyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň beýik tutumlary özünde jemleýän giň möçberli maksatnamalary netijesinde, ýurdumyzda gazanyljak üstünlikler dünýä jemgyýetçiligi bilen hoşniýetli gatnaşyklaryň has-da giňeldilmeginiň aýdyň mysaly bolar. Eziz Diýarymyzda gazanylýan ähli üstünliklerimiziň ruhlandyryjysy hem-de ýol görkezijisi bolan Arkadagly Serdarymyza buýsanç duýgulary ildeşlerimiziň diliniň senasyna, köňlüniň owazyna öwrülýär.
Biz — bagtyýar ýaşlar Arkadagly Serdarymyzyň başlangyçlaryna eýerip, öňde goýan wezipelerini üstünlikli amala aşyrmak üçin ähli güýjümizi birleşdirip, tutanýerli zähmet çekmelidiris.Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň eşretli ýaşaýşy, ýurdumyzyň abadançylygy ugrunda nusgalyk işleri durmuşa geçirýän hormatly Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin! Halkymyzyň röwşen geljegi üçin tutýan belent tutumlary hemişe rowaçlyklara beslensin! Öňe, öňe, ýaşlar bilen diňe öňe, jan Watanym Türkmenistanym!
Medetmyrat MEREDOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.

AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY
Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.

BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.

ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY
Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.

DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.