Bilimden binýatly türkmen ýaşlary

16-05-24

Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda batly depginler bilen gülläp ösýän Watanymyzda ýaşlar syýasatynyň barha dabaralanýandygy hem buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr. Ata Watanymyzda ýurdumyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmek, türkmen ýaşlaryny dünýä ülňülerine laýyk gelýän kämil, giň dünýägaraýyşly, Watansöýüji ýaşlar edip ýetişdirmek döwrümiziň öňde goýýan wezipeleriniň esasyny düzýär.

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty hem hormatly Prezidentimiziň döredip beren ähli şertlerinden netijeli peýdalanýan, ýokary derejeli inženerleri we tehnologlary taýýarlaýan döwrebap ýokary okuw mekdebidir. Olaryň hemmesinde binagärlik we inženerçilik desgalaryň kommunikasiýalarynyň sazlaşykly we takyk işlemegi üçin zerur enjamlar hem-de gözegçilik ulgamlar bilen enjamlaşdyrylan ýörite tehniki toplum göz öňünde tutulandyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ulag we kommunikasiýa pudagynda häzirki zaman ösen tehnologiýalar işjeň ornaşdyrylýar. Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda hem sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmakda uly öňegidişlikler gazanylýar. Institutyň kafedralarynda sanly ykdysadyýeti ösdürmäge gönükdirilen wezipeleri ýerine ýetirmekde, ylym-bilimiň, innowasiýalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak, ylmy-barlag işleriniň ykdysady bähbitliligini artdyrmak boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Ýokary okuw mekdebinde gurnalan ýerli kompýuter tory ähli bölümleri özünde birleşdirip, ýokary derejeli maglumat aragatnaşygyny amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.

Ylmy tejribe bilen utgaşdyrmak talyplaryň alan bilimlerini önümçilikde ulanmak başarnyklaryna eýe bolmak mümkinçiliklerini artdyrýar. Institutyň mugallymlarynyň alyp barýan tutanýerli işleri hem-de talyplaryň bilim almakdaky erjelligi ýaşlarymyzyň döwletiň ykdysady ösüşlerine özleriniň goşantlaryny goşjak hünärmenler bolup ýetişjekdiklerine ynam bildirmäge esas berýär. Bilimiň many-mazmunyny baýlaşdyrmak, hilini dünýä derejesine laýyk getirmek maksady bilen, sanly bilim ulgamy ösdürilýär. Şu ulgamda ylmyň soňky gazananlary we okatmagyň innowasion usullary giňden ornaşdyrylýar. Ýaşlaryň döwrebap hünärleri ele almaklaryna, nazary bilimlerini kämilleşdirmeklerine, iş başarnyklaryny ýokarlandyrmaklaryna, sanly tehnologiýalary öwrenmeklerine ýardam bermek meselelerine döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde garalýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlar syýasaty milli kanunçylygyň çäklerinde hem-de umumy ykrar edilen kadalaryň esasynda üstünlikli amala aşyrylýar. Häzirki zaman dünýäsiniň syýasy, ykdysady we durmuş şertlerinde ýaşlar diňe bir döwletimiziň uzak geljegi nazarlaýan ösüşlerinde strategik güýç bolmak bilen çäklenmän, eýsem, halkara gatnaşyklarda hem möhüm orny eýeleýärler. Şunuň bilen baglylykda ýaş, kalby joşgundan doly we işe, okuwa, ylma-bilime yhlasly ýaşlaryň dünýä dillerini öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şol maksatlar dünýä we sebit abadançylygynyň gülläp ösmegine gönükdirilendir.

Türkmen halkynyň nurana ertirleriniň eýeleri bolan şu günki nesillerimiziň döwrebap bilimli, Watanymyza wepaly, ata-babalarymyzyň mizemez ruhuna mynasyp, edep-terbiýeli bolup ýetişmekleri ugrunda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan döwletli işleriniň hemişe üstünliklere beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris!

Saparmyrat ANNADURDYÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Mehanika-tehnologik fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

16828e9089dae2.jpeg
GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.


16828e872d720e.jpeg
AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY

Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.


16828e79d0aab4.jpeg
BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem  dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.


16828e4589b060.jpeg
ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY

Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.


16828e2f1b58f9.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.