Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda

17-05-24

Bagtyýar türkmen halky bu gün beýik akyldar, şirin dilli söz ussady Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda - berkarar döwletde ýaşamak bilen, nusgawy şahyryň döredijiligine, edebi-mirasyna uly sarpa goýýar. Hormatly Prezidentimiziň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek bilen baglanyşykly Karara gol çekmegi hem munuň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Gün­do­ga­ryň nus­ga­wy şa­hy­ry we be­ýik akyl­da­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň hal­ky­na mi­ras go­ýan dür­dä­ne­li mi­ra­sy­ny dün­ýä ýaý­makda yzygiderli alada edýän Gahryman Arkadagymyz: “Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy adam­za­da tä­miz ruh­ly, sag­dyn ah­lak­ly, şi­rin zy­ban­ly, aja­ýyp şy­gyr­la­ry mi­ras gal­dy­ran akyl­dar şa­hyr­dyr. Bu gün­ki gün bü­tin adam­zat türk­men hal­ky­nyň be­ýik akyl­dar og­ly Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň ha­ty­ra­sy­ny be­lent­de tu­tup, be­ýik söz us­sa­dy­nyň şy­gyr­la­ryn­dan eg­sil­mez yl­ham, ru­hy güýç al­ýar” di­ýip, örän jaý­dar bel­le­ýär.

Hormatly Prezidentimiz Magtymguly Pyragynyň eserleriniň dürli dillere terjime edilmegi, dürli ýurtlarda dana şahyrymyzyň ýadygärliginiň dikeldilmegi, baý edebi mirasynyň çuňňur öwrenilmegi ugrunda hem uly tagalla edýär. Türk­me­niň mil­li buý­san­jy, şyg­ry­ýet äle­mi­niň şam­çy­ra­gy be­ýik akyl­dar şa­hyr Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň şa­hy­ra­na poe­zi­ýa­sy­ny türk­me­niň hut öz mil­li ru­hun­da öw­ren­mek bag­ty­nyň bi­ze ber­ka­rar eýýamda mi­ýes­ser eden­di­gi­ni gu­wanç bi­len bel­lä­si­miz gel­ýär. Magtymgulynyň özüniň gözel hem-de çuň manyly döredijiligi bilen türkmen we dünýä edebiýatynyň baý hazynasyna ägirt uly goşant goşan beýik pelsepeçidigi hemmä aýan hakykatdyr. Ýurdumyzda we daşary döwletlerde şahyryň durmuş we döredijilik ýoluna, onuň eýýamyna bagyşlanyp geçirilýän köp sanly çäreler, şeýle hem täze ylmy barlaglar, türkmen nusgawy şahyrynyň eserleriniň dünýäniň halklarynyň köpüsiniň dillerine terjime edilmegi diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, dünýä medeniýetiniň buýsanjy bolan beýik söz ussadymyzyň şahsyýetine we mirasyna gyzyklanmany artdyrýar.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwletimiz tarapyndan türkmen alabaýlaryny ýetişdirmek sungatynyň, türkmen keçe sungatynyň, türkmen demirçilik senediniň, türkmen tazysynyň we elguş sungatynyň, türkmen milli göreşiniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmeginiň zerurdygy, ÝUNESKO derejesinde bellenilýän şanly seneleriň sanawyna bolsa, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň goşulmagy we bu ugurda ileri tutulýan ençeme wajyp wezipeler alnyp barylýar. Çünki, jemgyýetiň hem-de şahsyýetiň deňagramly we sazlaşykly ösmeginde halkara medeni hyzmatdaşlygy oňyn täsirini ýetirýär. Şol oňyn täsiriň netijesinde-de tutuş adamzadyň gymmatlyklar hazynasy giňeýär, bütin dünýäde dost-doganlyk ruhy artýar.

Magtymguly Pyragy watançylyga ýugrulan şygyrlary bilen parahat ýaşamagyň, azatlygyň we özbaşdaklygyň ýeňilmez beýik güýçdügi baradaky garaýyşlaryny halkyň arasynda wagyz edipdir. Şahyr watançylyk temasynda ýazan eserlerinde halky asuda hem abadan durmuş ugrunda göreşmäge, türkmen ýigitlerini Watana wepaly bolmak ruhunda terbiýelemäge çalşypdyr. Beýik söz ussady watançylyk äheňinde ýazan «Gidiji bolma», «Bardyr», «Il ýagşy», «Ýol bile» ýaly eserlerinde Watanyna bolan gyzgyn söýgüsini çeper beýan edipdir. Her bir halk, islendik adam üçin öz mähriban Watanyndan eziz zadyň ýokdugyny, päk zähmet çekip, ýurduň asudalygyny, il-ýurduň abadançylygyny goramaga mynasyp goşant goşmagy nesihat edipdir. Magtymguly Pyragy öz ýurdunyň tebigatyny dürli çeperçilik serişdeleriň üsti bilen wasp edipdir. Şahyr «Taraşlap, şaglatgyl köňle geleniň, senden soňkulara ýadygär bolar» diýip, çuň many-mazmunly eserlerini miras goýupdyr. Türkmen halkynyň durmuşyny, milli häsiýetini, däp-dessurlaryny, ruhy dünýäsini çeperçilik bilen suratlandyrypdyr.

Beýik şahyryň türkmen halkynyň durmuş mekdebi hökmünde ýurduň özygtyýarlygy we gülläp ösüşi, döwleti dolandyrmagyň kadalary, ylym-bilimi goldamak, rehimlilik, hormat goýmak, jomartlyk, myhmansöýerlik, bitewilik baradaky nesihat beriji goşgulary ýaş nesilleri terbiýelemekde görelde mekdebidir. Gündogaryň beýik akyldary, şirin dilli söz ussady Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda ýaşamak, berkarar döwletimiziň ajaýyp ösüşlerine gözli şaýat bolmak biz üçin çäksiz bagtdyr. Şeýle bagtyýarlyga ýetiren Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza hoşallygymyzyň çägi ýokdur.

Orazmämmet MÄMMETBAÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Demir ýol ulaglary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

16828e9089dae2.jpeg
GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.


16828e872d720e.jpeg
AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY

Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.


16828e79d0aab4.jpeg
BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem  dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.


16828e4589b060.jpeg
ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY

Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.


16828e2f1b58f9.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.