SANLY YKDYSADYÝET – DÖWREBAP ÖSÜŞLERIŇ ÖZENI

10-05-24

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň iň täze gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek babatdaky alnyp barylýan uly işler aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Sanly ykdysadyýet düşünjesi tizlik, amatlylyk, tygşytlylyk düşünjeleri bilen berk baglanyşyklydyr.

Dünýäniň ösen ýurtlarynyň tejribesinden görnüşi ýaly, sanly ykdysadyýet ýurduň ösüş depgininiň çaltlanmagyna we sanly tehnologiýalary ulanmagyň hasabyna ilatyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagyna, şeýle-de, milli ykdysadyýetiň düýbünden tapawutlanýan täze hile geçmegine ýardam berýär. Bu bolsa ösüşiň täze belentlikleri bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzda sanly tehnologiýalary ulanmagyň hasabyna ilatyň ýaşaýyş derejesiniň has-da ýokarlanmagynda, şeýle-de, milli ykdysadyýetiň mundan beýläk-de kuwwatlanmagynda ygtybarly hem giň mümkinçilikleri özünde jemleýär.

Ykdysadyýetiň ähli pudaklary bilen bir hatarda, sanly tehnologiýalar ulgamynyň güýçli depginlerde ösmegi, ilatymyza häzirki zaman ýokary hilli internet hyzmatlarynyň elýeterli bolmagy maglumatlaryň giň gerimini seljermäge we aragatnaşygyň täze hem ykjam görnüşlerini durmuşa ornaşdyrmaga oňyn şertleri döredýär. Bu bolsa sanly ulgamyň diňe şu gününiň däl, eýsem, geljeginiň hem ösüşli bolmagyny üpjün edýär. Esasy zat ýurdumyzda häzirki wagtda ösen tehnologiýalaryň önümçiligi ýola goýuldy. Munuň özi bu ugruň ösdürilmeginde täze mümkinçilikleri döredýär. Ýakynda, Türkmenistanda Internet tory bilen bagly bolmadyk özbaşdak Milli sanly toruny döretmek, şeýle hem bu işler bilen bagly durmuşa geçirilmeli çäreleri ulgamlaýyn alyp barmagyň esaslaryny kesgitlemek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, milli sanly toruny döretmegiň Konsepsiýasyny işläp taýýarlamak hem-de Milli sanly toruny döretmek baradaky taslamany durmuşa geçirmek boýunça iş topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda «Türkmenistanda 2019 - 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» üstünlikli amala aşyrylýar. Bu resminama ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň we ýurdumyzyň jemgyýetçilik edaralarynyň işiniň netijeliligini maglumat tehnologiýalaryny ulanmagyň hasabyna ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Resminama kabul edilmezinden ozal Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça zerur işler ýerine ýetirildi. «Aragatnaşyk hakynda», «Türkmenistanda internet torunyň ösüşini we internet hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda», «Şahsy durmuş barada maglumat we ony goramak hakynda», «Kiberhowpsuzlyk hakynda», «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» we beýleki kanunlar kabul edildi. Ýurdumyzda transmilli optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň bolmagy internet akymlarynyň üstaşyr geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem, hormatly Prezidentimiz ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak, bu pudagyň işgärler kuwwatyny pugtalandyrmak, döwlet dolandyryşynyň netijeliligini, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak üçin elektron we ylmy ulgamy özleşdirmek, ýokary tehnologiýalaryň hem-de kiçi we orta telekeçiligiň mümkinçiliklerini çekmek arkaly pudaklary döwrebaplaşdyrmak meselelerine aýratyn ähmiýet berýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzda halk hojalygynyň ähli pudaklarynda sanly ulgam, ylmy işläp taýýarlamalary önümçilige ornaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Munuň özi döwrüň talabyna laýyklykda, pudaklaryň işini kämilleşdirmekde aýratyn ähmiýetlidir. Şunda öňdebaryjy tejribeler hem öwrenilýär, ylmyň iň täze gazananlary işjeň durmuşa ornaşdyrylýar. Bularyň hemmesi döwrümiziň beýik ösüşleriniň, milli ykdysadyýetimiziň has-da kuwwatlanýandygynyň aýdyň beýanydyr. Şeýle ajaýyp zamanada il bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriň durmuşa geçirilmeginde bimöçber aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!

Ogultäç KULLYYEWA,
Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Sanly tehnologiýalar Kiberhowpsuzlyk fakulteti Kiberhowpsuzlyk kafedrasynyň mugallymy.

16828e9089dae2.jpeg
GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.


16828e872d720e.jpeg
AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY

Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.


16828e79d0aab4.jpeg
BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem  dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.


16828e4589b060.jpeg
ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY

Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.


16828e2f1b58f9.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.