Asudalygyň hem rowaçlygyň ýoly bilen

04-05-21

Parahatçylyk, agzybirlik adam üçin tapylgysyz gymmatlykdyr. Parahatçylyk, dost-doganlyk ynsany bagtyýar edýän gymmatlyk bolup, häzirki we geljekki nesilleriň bagtynyň güwäsidir. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bu ýylyň 2021-nji ýyly — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi bolsa parahatçylyk ýörelgesiniň dünýädäki ykrarnamasyna öwrüldi.

Her bir ýurduň döwlet syýasaty, onuň halkynyň ýaşaýyş-durmuş derejesi dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde tutýan ornunyň beýanydyr. Dünýäniň abraýly halkara guramasy bolan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 50-nji ýubileý mejlisiniň geçirilen ýylynda Türkmenistan döwletimize hemişelik Bitaraplyk statusynyň berilmegi ata-babalarymyzdan gelýän ýörelgeleriň täzeçe many-mazmunyna öwrüldi. Şondan bäri geçen 25 ýylyň içinde Türkmenistan dünýä ýüzünde ynsanperwerlikli, adalatly we döredijilikli gatnaşyklaryň berkarar edilmegi, dürli ýurtlaryň, yklymlaryň halklarynyň ýakynlaşmagy ugrunda işjeň çykyş edýär.

Ata Watanymyzyň Bitaraplyk derejesine laýyklykda ýurdumyzda bolup geçýän özgerişlikler, ýetilen belent sepgitler Türkmenistanyň halkara arenasynda abraýyny artdyrdy. Ýurdumyzyň agza bolup durýan halkara guramalary bilen köpugurly hyzmatdaşlygyň gerimi barha giňeýär. Munuň özi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyna oňyn täsir edýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynyň many-mazmunyndan hem parahatçylygyň, dost-doganlygyň güýji eriş-argaç bolup geçýär. Hormatly Prezidentimiz bu kitabynda şeýle belleýär: «Diňe parahatçylygy dörediji taslamalaryň islendik ýurdy we bütin adamzady ýagty geljege alyp barýan köprüleriň ygtybarly sütünleri bolup biljekdigine bil baglaýandygyny men öwran-öwran gaýtalaýaryn. Türkmenistan özüniň yzygiderli daşary syýasy başlangyçlarynda şundan ugur alýar. Bu başlangyçlar, aslynda, häzirki zamanda durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen ählumumy howpsuzlygyň täze binýadyny kemala getirmegiň taslamasydyr». Bu pikirler ýurdumyzyň parahatçylyga näderejede hormat goýýandygyny alamatlandyrýar.

Parahatçylygy we ynanyşmagy ýaýýan Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan adalatly syýasatynyň dowamaty dowam, tutumly işleri rowaç bolsun!

Bezirgen GARATAÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.