ARKADAGYŇ AK ŞÄHERI
04-05-21
Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen gözel paýtagtymyz ekologiýa taýdan arassa, ak mermere beslenen binalary bilen dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine öwrüldi. Gurulýan ajaýyp binalar, ýaşaýyş jaý toplumlary dünýä ülňülerine laýyklykda, milli binagärlik ýörelgelerimiz bilen sazlaşýar.
Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny has-da gowulandyrmak ugrunda alyp barýan işleriniň netijesinde gözel şäherimizi ençeme desgalaryň, ýaşaýyş toplumlarynda ýüzlerçe binalaryň gurulmagy müňlerçe maşgalalaryň täze jaýlara göçüp barmagyna getirdi. Gurulýan ähli binalar dünýä ülňülerine laýyklykda bezeg aýratynlygy bilen tapawutlanýar, ýokary amatlyklary bolan innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilýär. Öz gözelligi bilen birnäçe gezek Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda orun alan gözel paýtagtymyzyň binagärlik özboluşlylygynyň kemala gelmeginde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň durandygyny aýratyn bellemelidiris.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, paýtagtymyzda hem maşgalalaryň müňlerçesi ähli şertler bilen üpjün edilen ajaýyp binalarda täze öýleriň, şeýle hem kottej görnüşli jaýlaryň bagtyýar eýeleri boldular. Ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryna müňlerçe maşgalalaryň göçüp barmagy döwrüň möhüm aýratynlygy bolup, onuň belent döredijilik hem-de ynsanperwer ýörelgeleriniň beýanyna öwrülýär. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzy ösdürmek babatdaky toplanylan oňyn tejribe häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär. Şunda Aziýanyň merjen şäherine öwrülen ak şäherimiz Aşgabadyň toplumlaýyn ösüşleri, onuň täsin keşbi ähli türkmenistanlylarda bolşy ýaly, daşary ýurtly myhmanlarda hem ýakymly duýgulary döredýär. Döwlet Baştutanymyz Aşgabatda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli berjaý edilmegini gazanmak maksady bilen amala aşyrylýan işleriň barşy bilen yzygiderli tanşyp, bu ugurdaky işleriň durmuşa geçirilişini berk gözegçilikde saklaýar.
Ýylyň islendik paslynda ajaýyplygy bilen haýrana goýýan paýtagtymyzyň döredilenine 25-nji maýda 140 ýyl dolýar. Şanly toýuny toýlaýan ýurdumyzyň baş şäheriniň dürli öwüşginler bilen çar ýana nur saçýan suw çüwdürimleri, salkyn saýaly baglara bürenen seýilgähleri aýratyn gözellige, özüne çekiji tebigy häsiýete eýedir. Her bir güni toýdur baýrama beslenýän bagtyýarlyk döwrüni halkymyza peşgeş beren hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tutýan tutumly işleri rowaç bolsun!
Aýman ERKÄÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.