BILIMLI ÝAŞLAR – KUWWATLY WATAN
20-11-25
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe tarypy dünýä ýaňlanýan, raýatlarynyň sarpasy perişdä deňelýän Ata Watanymyzyň şan-şöhraty dünýä ýaýylyp, halkymyzyň mertebesi has-da belende göterilýär. Sabalarymyzy bagtyýar çagalaryň gülküsi, mährem eneleriň hüwdüsi, ak sakgally gojalaryň pähimi garşy alýar. Bagtyýarlyk zamanamyzda ýaşlaryň netijeli okamagy, göwnejaý bilim almaklary üçin ähli şertler döredilendir. Ylym-bilim ulgamyndaky gazanylan üstünlikler bolsa ähli ugurlardaky ösüşleriň we özgerişlikleriň hamyrmaýasydyr. Eşretli eýýamyň bagtyýar hem-de abadan günleriniň kerwenini çekip barýan Ata Watanymyz bu günki gün belent ösüşleriň aýdyň ýoly bilen öňe barýar.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar we geljekki uly ösüşleriň binýady tutulýar. Bu wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde, öňde goýlan belent maksatlara ýetmekde bilimiň, ylmyň orny ýurdumyzda örän uludyr. Diýarymyzyň ykdysady, syýasy, medeni ugurlardaky ösüşi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagy köp babatda ylym-bilim pudagynyň ösüş derejesine baglydyr. Milli Liderimiziň peşgeş beren eşretli zamanasynda halkymyzyň günsaýyn ösýän durmuşy, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň, syýasatynyň oňyn özgertmeleri, saglyga, medeniýete berilýän üns adamlaryň bagtyýar we eşretli durmuşda ýaşaýandygyndan habar berýär. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ählitaraplaýyn ösýän Watanymyz bu gün ylym-bilim ýolunda hem täze şöhle saçýan ösüşleriň, özgerişleriň gujagynda ýaşaýar.
Hawa, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda ählitaraplaýyn ösýän Watanymyz bu gün täze eýýamyň Galkynyşy döwrüniň goýnunda ýaşaýar. “Ylymly il ozar” diýen paýhasa uýýan halkymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň bu gün öz höwes edýän hünäriniň ussady bolmaklary üçin ýurdumyzda ähli mümkinçilikler döredilendir. Döwletiň, jemgyýetiň her bir babatdaky ösüşi bilimiň, ylmyň näderejede ösýändigine bagly bolup durýar. Binanyň berkliginiň binýadyň mäkämligine baglydygy bize durmuş hakykatyndan mälimdir. Binýat näçe berk, oýlanyşykly goýulsa, gurýan ymaratymyz hem şonça gaýym hem ajaýyp bolar. Ýaş nesliň bilim binýadynyň berkden tutulmagy hem ýurduň geljekki ösüşiniň aýdyň kepilidir. Bilimiň gurluşyny we mazmunyny dünýä ölçeglerine laýyk getirmek, mekdeplerde okatmagyň häzirkizaman innowasion usullaryny hem-de öňdebaryjy tejribäni giňden ornaşdyrmak bolsa esasy wezipelere öwrüldi. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzyň bilim ulgamynda düýpli özgertmeleriň dowam edýändigine, bilim edaralarynyň maddy üpjünçiliginiň barha berkeýändigine aýdyň subutnamadyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlarymyz diňe bir Türkmenistan döwletimizde däl, eýsem, daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde hem okap, bilim alyp, eziz Watanymyza gerekli hünärmenler bolup ýetişýärler. Bilim-bagtyň binýadydyr. Bilimli adam hemişe dürs hereket edip, islendik kynçylykdan dogry netije çykarmagy başarýar. Bilimiň nur saçýan ýerinde garaňkylyk bolmaýar. Bilim, öçmeýän şamçyrag ýaly ýagtylygy bilen özüniň bar ýerinde täze ösüşleri kemala getirýär.
Biz – bilim işgärleri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bildirýän berk ynamyny ýerine salyp, şol ynamdan ruhlanyp, mundan beýläk-de Watanymyzyň gülläp ösmegine öz goşandymyzy goşjakdygymyza ynandyrýarys. Şular ýaly uly mümkinçilikleri döredip, bize ajaýyp zamanany peşgeş beren türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Tyllagözel NURYÝEWA,
Myrat Garryýewa adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmancylyk uniwersitetiniň Mikrobiologiýa kafedrasynyň mugallymy.
GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.
AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY
Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.
BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.
ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY
Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.
DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.