SANLYLAŞDYRMAGYŇ YLMY ESASLARY
03-12-25
Ata Watanymyz Türkmenistanyň syýasy, ykdysady we medeni taýdan durnukly ösüşini üpjün etmek, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen has-da ösdürilmegini, şeýle-de elektron senagatynyň önümçiligini ýokarlandyrmak maksady bilen, Hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanan “Türkmenistanda 2026 – 2028-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy” amala aşyrylar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklary ýokary ösüşlere beslenýär. Hormatly Prezidentimiz Seredar Berdimuhamedowyň başda durmagynda ýurdumyzyň bilim ulgamynda birnäçe işler durmuşa geçirilýär. Bilim ulgamynda maglumat tehnologiýalaryny, elektron serişdeleri ulanmak bilen, okatmagyň we bilim işini dolandyrmagyň kadalaşdyryjy hukuk namalary seljerildi, degişli gözükdirijiler, düzgünnamalar taýýarlanyldy. Ýurdumyzyň ähli bilim edaralarynda sanly bilim portallary döredilip, bilim-terbiýeçilik işlerine degişli maglumatlar, elektron gollanmalar, kitaplar, wideo hem-de audio materiallar, interaktiw-multimedia programmalar, prezentasiýalar, ylmyň we tehnikanyň gazananlary baradaky maglumatlar yzygiderli ýerleşdirilýär.
«Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň tapgyrlarynyň barşynda sanly bilim portallary işlenilip taýýarlanyldy. Bu bilim portallary elektron poçta, elektron resminama, uzak aralykdan bilim almak, ylmy işler, okatmagyň elektron serişdesi okuw kitaplary, okuw gollanmalary, sözlükler ýaly bölümleri özünde jemläp, ýaş nesilleriň bilimleriň çuň ummanyna aralaşmagyna ýardam berýär. Ýaşlaryň bilim almaklary, saýlap-seçen hünärleriniň eýeleri bolmaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzyň okuw mekdeplerinde okadylýan ähli sapaklaryň we dersleriň arasynda matematika dersi aýratyn orny eýeleýär. Matematika durmuşymyzyň islendik ugrunda hasaplamalary amala aşyrmaga, ölçemäge mümkinçilik berýär. Her bir işiň talabalaýyk bolmagynda matematika ylmynyň ähmiýeti uludyr. Şonuň üçin ösüp gelýän ýaş nesliň matematika babatynda düşünjeli, bilimli bolmagy döwrüň talabydyr. Matematika dersinde ony okatmagyň usuly saýlananda, bu dersi öwretmegiň maksatlaryna we meselelerine seredilende pedagogikanyň hem-de psihologiýanyň umumy kanunalaýyklyklaryna daýanylýar.
Konsepsiýany işläp taýýarlamaga ýurdumyzyň ylmy-tehniki mümkinçiliklerini yzygiderli kämilleşdirmek üçin döredilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ýanyndaky Tehnologiýalar merkezi gatnaşyp, bu ýerde sanlaşdyrmak meseleleri maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary barlaghanalarynda öz çözgüdini tapdy, şolarda kompýuter programmalary, önümçiligi awtomatlaşdyrmagyň innowasion usullary işlenip taýýarlanylýar. Konsepsiýanyň durmuşa geçirilmeginde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan we hünärlerini kämilleşdirýän ýaşlarymyz işjeňlik görkezýärler.
Ylym — kämilligiň gözbaşy, ýaşaýşyň şuglasy. Ylymlar dünýäsine aralaşmak bilen ynsan öz durmuş köprüsiniň sütünlerini berkden gurýar. Bu baýlyk ynsan ömrüni ajaýyplyklara besleýär. Ylym öwrenmek arkaly ähli barlyga göz ýetirilýär. Geçmiş taryhymyzda hem ata-babalarymyz ylym-bilime uly sarpa goýupdyrlar. Zehin kämilligiňi açmak üçin ylym genji-hazyna bolup hyzmat edýär.
Häzirki wagtda ýurdumyzda her bir edilýän iş ylmy esasda öwrenilip, seljerilip ýerine ýetirilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, edepli-terbiýeli bolup ýetişmekleri üçin ähli oňyn şertler döredilýär. Diýarymyzda bilim, ylym ulgamlary bilen birlikde ähli pudaklarda, şol sanda ylmy edaralaryň işiniň netijeliligi ýokarlandyrmaga gönükdirilen birnäçe düzümleýin özgertmeler amala aşyrylýar. Bu bolsa ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynda ylym-bilimiň tutýan ornunyň ýokarydygyna şaýatlyk edýär.
Berkarar döwletimizde yglan edilen 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda durmuşa geçirilýän uly işleriň arasynda sanly bilim ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde sanly bilim ulgamyny ösdürmek boýunça ýurdumyzyň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar. Ýaş nesle berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmakda, onuň hilini dünýä derejesine laýyk getirmekde, giň dünýägaraýyşlary, ylymly-bilimli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek ugrunda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar.
Il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik başlangyçlary bilen ata Watanymyzyň halkara abraýyny belende göterýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Selbi AMANOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Medisina ekologiýasy we gigiýena kafedrasynyň müdiri.
GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.
AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY
Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.
BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.
ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY
Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.
DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.