BILIM ULGAMYNA DÜNÝÄ TEJRIBESI

06-01-24

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ähli ugurlarda uly ösüşlere beslenýän Türkmenistan döwletimiz ykdysady taýdan kuwwatly ýurda öwrüldi. Häzirki wagtda ýurdumyzda döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly milli ykdysadyýetimiz barha kuwwatlanýar. Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda sanly dolandyryş ulgamyna geçmek işleri üstünlikli alnyp barylýar. Şol sanda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasy» esasynda mekdeplerde, bilim edaralarynda sanly ulgamy ornaşdyrmak işiniň gerimi barha giňeýär.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklary ýokary ösüşlere beslenýär. Hormatly Prezidentimiz Seredar Berdimuhamedowyň başda durmagynda ýurdumyzyň bilim ulgamynda birnäçe işler durmuşa geçirilýär. Bilim ulgamynda maglumat tehnologiýalaryny, elektron serişdeleri ulanmak bilen, okatmagyň we bilim işini dolandyrmagyň kadalaşdyryjy hukuk namalary seljerildi, degişli gözükdirijiler, düzgünnamalar taýýarlanyldy. Ýurdumyzyň ähli bilim edaralarynda sanly bilim portallary döredilip, bilim-terbiýeçilik işlerine degişli maglumatlar, elektron gollanmalar, kitaplar, wideo hem-de audio materiallar, interaktiw-multimedia programmalar, prezentasiýalar, ylmyň we tehnikanyň gazananlary baradaky maglumatlar yzygiderli ýerleşdirilýär.

«Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň tapgyrlarynyň barşynda sanly bilim portallary işlenilip taýýarlanyldy. Bu bilim portallary elektron poçta, elektron resminama, uzak aralykdan bilim almak, ylmy işler, okatmagyň elektron serişdesi okuw kitaplary, okuw gollanmalary, sözlükler ýaly bölümleri özünde jemläp, ýaş nesilleriň bilimleriň çuň ummanyna aralaşmagyna ýardam berýär. Ýaşlaryň bilim almaklary, saýlap-seçen hünärleriniň eýeleri bolmaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzyň okuw mekdeplerinde okadylýan ähli sapaklaryň we dersleriň arasynda matematika dersi aýratyn orny eýeleýär. Matematika durmuşymyzyň islendik ugrunda hasaplamalary amala aşyrmaga, ölçemäge mümkinçilik berýär. Her bir işiň talabalaýyk bolmagynda matematika ylmynyň ähmiýeti uludyr. Şonuň üçin ösüp gelýän ýaş nesliň matematika babatynda düşünjeli, bilimli bolmagy döwrüň talabydyr. Matematika dersinde ony okatmagyň usuly saýlananda, bu dersi öwretmegiň maksatlaryna we meselelerine seredilende pedagogikanyň hem-de psihologiýanyň umumy kanunalaýyklyklaryna daýanylýar.

Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzyň bilim ulgamy dünýä tejribesi we täze tehnologiýalar bilen ösüşli menzillere gadam goýýar. Dünýäniň ösen tejribeleriniň bilim ulgamyna ornaşdyrylmagy bilimli, terbiýeli, tejribeli şahsyýetleriň taýýarlanmagyna we kemala gelmegine oňyn täsir edýär. Şoňa jogap edip, biz bilim işgärleri ýaş nesliň Watanymyza, hormatly Prezidentimize wepaly bolup ýetişmegi hem-de dünýä ülňülerine laýyk bilim almagy üçin ähli şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza çäksiz sag bolsun aýdýarys.

Möwlam ABASOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň "Ulaglar" fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.