Sanly ykdysadyýet: ösüşiň möhüm innowasion ugry

08-01-24

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne gadam basan türkmen ili Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda döwletli döwranyň binýadyny berkden tutýar. Garaşsyz döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde düýpli özgertmeleriň giňden ýaýbaňlandyrylyp, täze tehnologiýalaryň, innowasiýalaryň ornaşdyrylmagyna uly üns berilýär. Şu meselede sanly ykdysadyýetiň giň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanylmagy şu günüň talaby bolup durýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz uly ösüşlere beslenýär, täze mümkinçiliklere eýe bolýar. Munuň özi Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysady ösüşleriniň belent derejelere eýedigini, ösüşlerimiziň dowamat dowam bolýandygyny aýdyň beýan edýär. Häzirki wagtda ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda belent üstünlikler gazanylýar. Esasan hem milli ykdysadyýeti ösdürmekde sanly ulgamyň aýratyn orny bardyr. Sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri hem ylmy esasda öwrenilýär we alymlaryň pikirdir garaýyşlary beýan edilýär.

Sanly ykdysadyýet informasion-kommunikasion tehnologiýalara esaslanan ykdysady, durmuşy we medeni aragatnaşygyň ulgamy diýmekdir. Şonuň üçin hem sanly ulgamyň, informasion-kommunikasion tehnologiýalaryň ähli mümkinçiliklerini giňden peýdalanmak we durmuşa ornaşdyrmak ýokary derejede alnyp barylýar. Bu babatda iň täze mümkinçilikler we gazanylanlar işjeň durmuşa ornaşdyrylýar. Şunda hünärmenleriň taýýarlygyny hem aýratyn bellemek gerek, çünki informasion-kommunikasion tehnologiýalara erk edýän hünärmenleriň zerurlygy üstünlikli çözülýär. Häzirki wagtda uniwersitetimizde ýokary derejeli hünärmenler taýýarlanylýar. Esasan hem ýokary tehnologiýalardan oňat baş çykarýan hünärmenler tebigy bilimleri oňat özleşdirip, dürli ylmy garaýyşlaryny beýan edýärler.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda uly ösüşler gazanylýar, beýik işler durmuşa ornaşdyrylýar. Her bir ykdysady ösüşiň gözbaşynda bolsa ylma esaslanýan başlangyçlar, döredilýän giň mümkinçilikler bar. Hut şonuň üçin hem ylym-bilim döwrebap derejede ösdürilip, kämil hünärmenler bilen üpjün edilýär. Şunda ylym-bilimiň jemgyýetde aýratyn ornunyň bardygyny hem bellemegimiz gerek. Sebäbi kämil hünärmenler ylmyň iň täze gazananlaryndan habarly bolup, sanly ulgamyň ösdürilmeginde öz goşantlaryny goşýarlar. Şonuň üçin hem ýurdumyzda sanly ulgamy ösdürmek üçin ähli mümkinçilikler hem-de ýaşlaryň döwrebap bilim almaklaryna şertler döredilýär.

Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak bilen pudaklara täze tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işleri durmuşa geçirýär. Esasan hem innowasion ykdysadyýeti kemala getirmäge döwlet derejesinde aýratyn üns berilýär. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda ylmyň we bilimiň ösdürilmegi üçin uly işler alnyp barylýar, bu ugurda kanunçylyk binýady hem kämilleşdirilýär.

Häzirki döwürde sanly ulgam durmuşymyza işjeň ornaşýar. Ol tizligi, amatlylygy, döwrebaplygy bilen tapawutlanýar. Sanly ulgamyň kömegi bilen dürli kitaplary elektron nusgada tiz tapmaga we okamaga, uzak aralykdan ylmy maslahatlary guramaga mümkinçilik döreýär. Şeýle mümkinçilikler bolsa ösüşe tizlik berýär, işleriň çalt durmuşa ornaşdyrylmagynda şertleri döredýär.

Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň kabul edilmegi möhüm ädim boldy. Täze ugruň ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli ulgamynyň işini has-da kämilleşdirmekdäki ähmiýeti örän uludyr. Sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylmagy köptaraplaýyn amatlyklary bilen tapawutlanýar. Biz muňa ýokary okuw mekdebimiziň mysalynda doly göz ýetirýäris. Kämil ulgamdan netijeli peýdalanylmagy talyp ýaşlara bilim berip, hünär öwretmekde biz, talyplar üçinem, geljekki hünärmenlere hünär öwretmekde mugallymlar üçinem bähbitli amatlyklara ýol açýar. Ýaşlaryň halkara ülňülerine laýyk gelýän döwrebap bilim almagynda, saýlap alan hünärleri boýunça bilimlerini artdyrmagynda, ylmy we döredijilik işlerine höweslenmeginde,dünýägaraýşlarynyň giňelmeginde, beden terbiýe we sport bilen meşgullanmagynda hemmetaraplaýyn goldaw bermek hormatly Prezidentimiziň öňde goýan baş wezipeleriniň biridir. Bilimi hil taýdan täze derejä çykarmak, ylmyň, tehnikanyň gazananlaryny giňden ulanmak, ylmy barlaglaryň we tehniki işläp düzmeleriň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak, bilim ulgamynyň işini dünýä tejribesiniň gazananlarynyň derejesinde kämilleşdirmek babatda bitirilen beýik işler ýaşlaryň kämilleşmeginde oňyn netijeleri berýär. Şonuň üçin hem bu babatda uly işler ýola goýulýar.

Ýokary okuw mekdeplerinde talyplaryň we mugallymlaryň, ylmy-barlag institutlarynyň her bir ylmy işgäriniň gerekli maglumatlary alyp, peýdalanyp bilmegi üçin internet ulgamynyň giňişleýin ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Zehinli, ukyply ýaşlar halypa alym-professor mugallymlaryň ýolbaşçylygynda ylmy işlere çekilýär. Ýaşlaryň ylym babatdaky başarnyklaryny doly ýüze çykarmak, ösdürmek mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek üçin ýokary okuw mekdebimizde ähli şertler döredilýär, ýaş alymlar höweslendirilýär. Munuň özi jemgyýetimizde ylmyň we bilimiň gymmatynyň has ýokarydygyny, ýaşlarymyzyň bilim almaga, ylymly bolmaga höwesiniň barha artýandygyny aňladýar. Bu ugurda amala aşyrylýan beýik işler eziz Diýarymyzda ylym-bilim binýadynyň berkden tutulýandygynyň, ýurdumyzyň şöhratly geljeginiň üpjün edilýändiginiň nyşanydyr.

Bilim ulgamynda alnyp barylýan oňyn özgertmeleriň netijesinde häzirki wagtda talyp deň-duşlarymyz ýurdumyzyň çäklerinde we dünýäde geçirilýän halkara ýaryşlaryna gatnaşyp, baýrakly orunlary eýeleýärler. Halkymyzyň ýagty geljegi ugrunda edilýän aladalar bizde ýokary jogapkärçilik duýgusyny oýarýar. Biziň ýüregimizde Watana bolan söýgi, geljege bolan ynam, döretmäge höwes bar. Biz jemgyýetde mynasyp ornuňy tapmak, dünýä ýüzündäki deň-duşlarymyz bilen bäsleşmäge ukyply nesiller bolmak üçin döredilip berilýän mümkinçiliklerden peýdalanýarys.

Berkarar döwletimizde yglan edilen 2024-nji ýylda – «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda sanly ulgamyň mümkinçilikleri barha ösdürilýär, ähli şertler döredilýär. Bularyň hemmesi ýurdumyzyň durnukly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilendir. Ylym-bilimi ösdürmäge, sanly ulgamy durmuşa ornaşdyrmaga giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Serdar ÖWÜLÝAGULYÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň "Ulaglar" fakultetiniň Howa ulagynyň ulanylyşy kafedrasynyň mugallymy.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.