SANLY ULGAM - ÇÄKSIZ MÜMKINÇILIKLER!
07-01-24
Häzirki wagtda sanly ulgam ösüşiň hereketlendiriji güýji hökmünde doly ykrar edilýär. Ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň sanlylaşdyrylmagy ýurduň ykdysady güýjüniň artmagyna mümkinçilik berýär. Olar döwletiň önümçilik, gaýtadan işleýän senagat, hyzmatlar we eksport kuwwatlyklarynyň ýokarlanmagynda öz beýanyny tapýar. Bu bolsa halk hojalygynyň döwrebap innowasiýalar bilen üpjün edilmegini we milli ykdysadyýetiň pudaklaryna sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyny zerurlyga öwürýär.
Sanlylaşdyrmak — milli ykdysadyýetimiz üçin hil taýdan täze döwür bolup, durmuş-ykdysady ösüş babatda döwlet Baştutanymyzyň takyk, çuňňur oýlanyşykly we ylmy taýdan esaslandyrylan strategiýasy esasynda oňa geçmek mümkin boldy. Ol ösüşiň durnukly oňyn depginini üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, degişli şertleriň üýtgemegine uýgunlaşmagy, daşarky ýagdaýlar bilen şertlendirilen töwekgelçilikleriň azalmagyny üpjün etdi.
Sanly ykdysadyýetiň kemala getirilmegi, ozaly bilen, ýurdumyzda ylmy-tehniki ösüşiň belent derejelere çykýandygyndan habar berýär. Bu bolsa ýurdumyzyň her bir raýaty üçin ykdysady bähbit babatda köpsanly artykmaçlyklara eýedir. Sanly ykdysadyýetiň üstünlikli durmuşa geçirilmegi döwletimizde sarp edijileriň isleglerini has çalt we ýokary derejede kanagatlandyrmaga giň mümkinçilikler döredýär.
Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda halk hojalygy çalt depginler bilen sanlaşdyrylýar. Bu babatdaky özgertmeler “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna” laýyklykda üstünlikli amala aşyrylýar. Ady agzalan resminama milli ykdysadyýetimizi sanly ulgama geçirmegiň ähli ugurlaryny öz içine alýar we tapgyrlaýyn esasda durmuşa ornaşdyrylýar. Şonuň bilen baglylykda, ýurdumyzda häzirki zaman täze önümçilik kuwwatlyklarymyz artyp, taýýar önümler babatda eksport mümkinçiliklerimiz ýokarlandy we importa bolan baglylykda has-da peseldi.
Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda bu ugurda yzygiderli maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar, şol sanda zerur düzümi döretmek boýunça çäreler görülýär. Degişli ugurda kadalaşdyryjy-hukuk binýady kämilleşdirilýär. Bu babatda «Aragatnaşyk hakynda» (2019-njy ýylda rejelenen görnüşde), «Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Maglumatlar we olary goramak hakynda», «Kiberhowpsuzlyk hakynda», «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary hem-de beýlekiler kabul edildi.
Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça Pudagara toparyň döredilmegi diwersifikasiýa ýoly bilen ösüşi we senagatlaşdyrmagy, ýokary goşulan bahaly taýýar önümiň öndürilmegini ugur edinýän ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň düzümini üýtgedýär. Ýokary tehnologiýaly, ylmy işleri talap edýän we innowasion pudaklary, hususan-da, elektron senagatyny ösdürmegiň binýady döredilýär.
Bu ugurda maliýe pudagyna uly orun degişlidir. Ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň arasynda pul görnüşindäki serişdeleriň çeýe, netijeli paýlanylmagyny üpjün etmek durmuş wezipelerini çözmäge, maýa goýum işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmaga hem-de durnukly ykdysady ösüşi saklamaga, ähli pudaklary öňdebaryjy tehnologiýalara geçirmäge ýardam eder.
Tehnologiýa taýdan ösen ýurtlaryň tejribesinden görnüşi ýaly, hut sanlylaşdyrmak işi olara batly depginler bilen öňe gitmäge hem-de dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň hataryna girmäge mümkinçilik berdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz hökümeti, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň ýolbaşçylaryny ählumumy meýillere hem-de ähli derejede halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirýär.
Sanly ykdysadyýete geçmegiň esasy serişdesi hökmünde kesgitlenen kompýuter tehnologiýasyny ornaşdyrmakda hem-de döwrebap aragatnaşyk ulgamyny kemala getirmekde ýurdumyzda uly ösüşler gazanylýar. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde reňkli monitorly kompýuterleri, telewizorlary öndürilýän kärhananyň döredilmegi we ýeten sepgitlerimiziň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmenistan döwletimizde sanly ulgamyň ösdürilmegi ykdysady ulgam bilen bir hatarda, ylym-bilim, maglumat giňişligi, mahabatlandyrma, hyzmatlar ýaly ugurlarda hem oňyn netijeleriň gazanylmagyna ýardam berýär. Häzirki wagtda sanly bilim ulgamynyň ösdürilmegi we döwlet edaralarynyň binýadynda täze internet saýtlarynyň döredilmegi muny dolulygyna tassyklaýar. Ýurdumyzda mahabatlandyrma has-da döwrebaplaşdyrylýar, ilata köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň elýeterligi gazanylýar we hyzmatlar ulgamy netijeli işleýär.
Sanly ykdysadyýeti ösdürmekde döwletiň orny iki maksada ugrukdyrylandyr. Munuň özi täze ýagdaýlara uýgunlaşan kanunçylyk binýadyny emele getirmekden hem-de önümçiligi sanly ýörelgä kybap getirmekden ybaratdyr. Sany ykdysadyýet, sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy alnyp barylýan işleriň häsiýetli aýratynlyklarynyň biri bolup durýar. Ol mikroelektronika, maglumat we maglumat aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamlaryndaky üstünliklere esaslanýar.
Mahlasy, Türkmenistan sanly ykdysadyýete toplumlaýyn, yzygiderli esasda geçmek wezipesini çözýär. Çünki hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, sanlylaşdyrmak işiniň esasy netijesi — onuň köp derejeliligi we giň gerimi bolup durýar. Munuň özi milli howpsuzlygyň berkidilmegine, ýurdumyzyň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna üstünlikli goşulyşmagyna, Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna hem-de mundan beýläk-de gülläp ösmegine ýardam eder.
Berkarar döwletimizde yglan edilen 2024-nji ýylda – «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda şeýle mümikinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadag Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, dünýä ähimýetli alyp barýan işleriniň elmydama rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!
Serdar ÖWÜLÝAGULYÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň "Ulaglar" fakultetiniň Howa ulagynyň ulanylyşy kafedrasynyň mugallymy.
HAÝRAN GALDYRÝAN ULAGLAR
Awtoulagy bellenen tizlikden ýokary dolandyrýandygy üçin ýazylan iň köp jerime töleginiň möçberi 1 million amerikan dollaryna barabardyr. Bu jerime ulagyny sagatda 288 km tizlik bilen dolandyran şweýsariýaly sürüjä degişlidir. Ýeri gelende bellesek, bu ýurtda jerimeler gazanylan girdeji bilen baglanyşykly bolup durýar.
Dünýädäki iň täsin howa menzilleri
Singapur adaty bolmadyk binagärlikden we haýwanlary iň tebigy mekanynda görkezýän meşhur haýwanat bagyndan, ajaýyp seýilgähleri we baglary bilen bütin dünýäde meşhurdyr. Çangi - howa menzili Singapuryň ähli aýratynlyklarynyň bir görnüşidir. Dünýäniň iň gowy howa menzili hökmünde ençeme gezek ykrar edildi. Çangide menziliň ýokary gatlaryna münüp, menziliň içinde döredilen tropiki baglara tomaşa edip, onda gezelenç edip, hatda 40 metrlik şarlawuga haýran galyp, üçek howuzunda dynç alyp bolýar.
Watanyň daýanjy, geljegi ýaşlar
Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli kabul edýän çözgütleri, berýän tabşyryklary eziz Watanymyzyň rowaçlanmagyna, halkymyzyň eşretli durmuşynyň hatyrasyna gönükdirilýär, ylym-bilim ulgamyna berýän ägirt ünsi zehinli ýaşlaryň ýüze çykmagynda, bilim ulgamynda täze-täze oýlap tapyşlaryň döremeginde, türkmen ylmynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginde oňyn netijeleri berýär.
Goýberiliş №42 (17.10.2020 ý.)
Goýberiliş №41 (10.10.2020 ý.)
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.