Dünýäniň medeni mirasynyň ajaýyp şäheri

22-05-23

Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky iň iri şäherleriň biri-de Ürgenç - häzirki Köneürgenjiň ýerinde ýerleşen gadymy şäher hasaplanýar. Bu gadymy toprak türkmen halkynyň we bütün  dünýäniň deňsiz-taýsyz medeni mirasynyň ajaýyp nusgalaryny özünde jemleýär.  Köneürgenjiň dünýä ähmiýetli medeni merkezi, owadan şäher bolandygy hakynda dürli döwrüň taryhy ýazuw çeşmeleri we dürli maglumatlary habar berýär.

Bu günki gün şol baý geçmiş taryhdan aýry-aýry gaýtalanmajak sungat höküminde  binagärlik ýadygärlikleri bolup bize miras galypdyr. Köp taryhy we durmuş kynçylyklaryny başdan geçiren  şol gadymy şäheriň taryhy medeni ýadgärlikleri ÝUNESKO-nyň “Dünýä mirasynyň sanawyna” goşulmagy onuň umumy adamzat gymmatlygy bolup durýandygyny alamatlandyrýar.

Ürgenç - gadymy Horezm döwletiniň paýtagty hökmünde hem öz ösen medenýeti, ylmy, sungaty bilen has irki döwürlerden bäri meşhurlyk gazanyp gelipdir. Dürli sebäplere görä paýtagt bu ýerden göçirilip, häzirki Horezimiň ýerinden täze şäher döredilip, ony hem Ürgenç diýip atlandyrypdyrlar. Iki Ürgenç bolansoň, bitine “öňki” ýa “gadymy” manysynda Köneürgenç diýip at beripdirler.

Bu ýerdäki her bir ýadygärligiň, her bir depäniň baý taryhy maglumatlary we gyzykly rowaýatlary bar. Hytaý taryhçylarynyň işlerinde Köneürgenç şol döwriň uly ylmy we ykdysady merkezi hökmünde getirilýär. Abu Reýhan Beruny X asyrda şäherde uly kitaphananyň bolandygy barada ýazgy galdyrypdyr. Köneürgenç meşhur “Mamunyň akademiýasy” hem hereket edipdir. Onuň döredilmegi matematikleriň we astronomlaryň ösen mekdebiniň peýda bolmagyna, Köneürgenjiň halkara ähmiýetli söwda merkezine  öwrülmegine amatly şert döredipdir. Ürgenjiň eden söwda gatnaşyklarynda ulanylan harytlar hakda X asyryň başyna degişli şeýle maglumaty Al-Itahri ýazyp galdyrypdyr. “Horezim hasylly, iýmite we miwä baý şäher. Bu ýerde uzak ýurtlarda satmak üçin pagtadan we ýüňden köp zatlar öndürilýär” diýen ýazgylara duş gelmek bolýar.

Hytaýly täjirler Köneürgençden üzüm, ýorunja tohumyny, sogan, hyýar, gawun-garpyz, gawun kaklaryny alyp gidipdirler. Iýmit önümlerini öz ýurtlaryna äkitmeginiň sebäbi Köneürgenç topragynda öndürilýän iýmit önümleri ekalogiýa tarpdan arassa, witaminlara baý önüm hasaplapdyrlar. Gawun kaklaryny bolsa kerwenli uzak ýollara gidenlerinde iýimit hökmünde peýdalanypdyrlar. Hytaýda  şol döwirlerde ýorunja ekilmeýän eken. Soňra Köneürgençden äkidilen tohumlar öz ýurdunda ýörunjanyň giňden ýaýramagyna getirýär. Ýorunja kerwen düýeleriniň  esasy iýmiti bolupdyr. Şonuň üçin Köneürgençli türkmenler köp isleg bildirýän geçginli önümleri köp ekip, ekerançylyk meýdanlaryny has-da giňeldipdirler. Bu bolsa ata-babalarymyzyň irki döwürlerden ekerançylyk bilen meşgurlanýandygyny aňladýar. Pähimdar pederlerimiz müňýyllyklaryň dowamynda adamzady ekleýji, ýedi hazynanyň biri hasaplanýan bereketli topragymyzy mukaddeslik saýyp, oňa çäksiz sarpa goýupdyrlar. Şonuň üçin olar topraga göwnejaý ideg edip, ekinleriň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmegi başarypdyrlar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew bady okunly  öňe barýan ýurdymyzda hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladasy bilen ýurdymyzyň oba-hojalygy pudagyny  ösdürmek, kämilleşdirmek üçin giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Daýhanlara toprakdan bol hasyl alamak üçin ähli döwrebap şertler uly mümkinçilikler  döredilýär. Oba hojalyk toplumynyň ösdürilmegi  köp babatda daşary ýurtdan gelýän harytlaryň ornyny tutýan önümleriň öndürilişini ýokarlandyrmaga we önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmaga mümkinçilik berýär. Şonuň netijesinde ýurdymyzyň babadaýhanlary ýylyň-ýylyna oba-hojalyk önümlerini has-da köp mukdarda  öndürmegi maksat edinýärler. Hasaplaşyklary wagtynda geçirmek, ekerançylaryň, suw, dökin we tehniki üpjünçiligini berkitmek ýaly uly kömek-goldawlary üçin kärendeçiler Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza çäksiz hoşallyk bildirýärler. Şeýle gowy şertlerde janypkeş daýhanlarmyz bereketli topragyň we ekinleriň idegini yhlasly ýerne ýetirip, ata-babalarymyzyň asylly däplerini dowam etdirýärler.

Baýhan DURDYGYLYJOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Agranomçylyk fakultetiniñ oba hojalyk ekinleriniň seçgisi we tohumçylygy hünäriniň 2-nji ýyl talyby.

1683803e45a58f.jpeg
Bitaraplyk — Parahatlyk

Häzirki wagtda döwletimiz ykdysadyýeti, durmuş ulgamy okgunly ösýän, döredijilik başlangyçlary öňe sürýän ýurt, halkara bileleşigiň işjeň agzasy hökmünde giňden tanalýar. Bu üstünlikleriň gözbaşynda giň ykrarnama we dünýäniň goldawyna eýe bolan oňyn Bitaraplyk syýasatymyz durýar.


1683804b380e91.jpeg
MUKADDESLIKLERIMIZE SEŽDE

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň gurluşynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän resminamadyr. Esasy Kanunymyzda müňýyllyklardan gözbaş alýan Watan, halk we döwlet baradaky mukaddes düşünjelerimiz, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiz bitewüleşdirilýär, berkararlygymyzyň ygtybarly binýady öz beýanyny tapýar.


1683400122a15f.jpeg
«Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi we maslahat geçirildi

24-nji maýda paýtagtymyzda Aşgabat şäher häkimliginiň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergi we maslahat öz işine başlady.


16834010cead65.jpeg
Diýarymyzda Türkmen halysynyň baýramy bellenildi

25-nji maýda paýtagtymyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisi geçirildi.


1683694565d992.jpeg
Döwlet gullugy akademiýasynyň wekillleri adam serişdelerini dolandyrmakda innowasion çemeleşmeler boýunça onlaýn okuwlaryny geçdiler

2025-nji ýylyň maý aýynyň 26-30-y aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň wekilleri Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Russiýanyň halk hojalygy we döwlet gullugy akademiýasynyň arasynda Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyň çäklerinde adam serişdelerini dolandyrmak ulgamy boýunça onlaýn okuwlaryny geçýärler.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.