SANLY BILIM — ÖSÜŞLERIŇ NUSGASY

24-12-25

Watanymyzyň bedew batly gadamlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly başlangyçlary esasynda döwrüň täze gazananlary bilen depginli dowam edýär. Muny häzirki wagtda ýurduň ösüşi üçin wajyp bolan ugurlaryň esasy orunda goýulýanlygy hem subut edýär. Çünki şu günüň gözi bilen dünýäniň häzirki ösüş derejesine nazar aýlanyňda, tehnologiýanyň döredýän mümkinçiliklerini amatlyklar üçin peýdalanmak zerury ýagdaý bolup ör-boýuna galýar.

Bu zerurlygyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dünýä tejribesiniň öňdäki basgançagy bolan sanly ulgamyň şertleri bilen çözülmegi ýurdumyzda baş ösüş ugurlarynyň biri bolup, mynasyp alnyp barylýar. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanda 2026 — 2028-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» esasynda amala aşyrylyp, gysga döwrüň içinde görnetin netijelerini berdi. Munda bilim ulgamynyň hem kämillik derejesi täze ösüş döwrüne gadam basdy. Sebäbi öňden hem ýurdumyzda kompýuterleşdirilen şertlerde kämil usullaryň, interaktiw synp tagtalarynyň esasynda alnyp barylýan okuw sapaklarynyň has-da ösen tehnologiýalara esaslanyp guralmagy ýeňillikleri döretdi.

Konspesiýanyň meýilnamasynda göz öňünde tutulan çäreler boýunça ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hünärmenler, professor-mugallymlar, şeýle-de talyp ýaşlar tarapyndan sanly bilim ulgamynyň tor programma üpjünçiligi, onuň binýadynda sanly bilim portaly işlenip taýýarlanyldy. Sanly bilim portaly elektron poçta, elektron resminama, uzak aralykdan bilim almak, ylmy işler, okatmagyň elektron serişdesi, bäsleşikler, olimpiadalar, maslahatlar, forumlar, okuw kitaplary, okuw gollanmalary, sözlükler ýaly bölümleri özünde jemleýär. Bulardan başga-da bilim ojaklarynda sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde ýurdumyzyň ýokary hem-de orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda, şol sanda bilim babatda hyzmatdaşlyk edilýän daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri, ylym-bilim merkezleri bilen uzak aralykdan sapaklar, wideoşekilli maslahatlar yzygiderli guralýar.

«Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň meýilnamasynda göz öňünde tutulan çärelere laýyklykda, ýokary okuw mekdeplerde hünärmenler, professor-mugallymlar, şeýle-de talyp ýaşlar tarapyndan içki lokal tory döredildi, sanly bilim portalynyň tor programma üpjünçiligi işlenip düzüldi we onuň binýadynda bolsa sanly bilim portaly işlenip taýýarlanyldy.

Bilim ulgamynyň çalt depginde ösdürmegi esasynda ýaşlaryň bilim başarnyklaryny kämilleşdirmäge ýeňillik döredi, olaryň okamak üçin gerek bolan şertlerden peýdalanmagynda wagtlaryny tygşytlaýjy hyzmatlar ýola goýuldy. Häzirki wagtda ýurdumyzyň orta hem ýokary okuw mekdeplerinde okap, bilim alýan ýaşlaryň ýaş aýratynlyklaryna garamazdan, ählisi üçin maglumatlar bilen tanyşmaga, elektron kitaplary, gollanmalary we beýleki edebiýatlary okamaga şertler açylýar. Bu bolsa şu günki günüň sanly bilim ulgamynyň kemala gelýänliginiň görkezijisidir.

Sanly bilim — halkymyzyň şu günki ýaş nesliniň aladasy esasynda ýurdumyzyň ýagty geljeginiň üpjün edilmegidir we onuň ösüşli ýollarynda bolsa ýaşlaryň aň-düşünjesiniň, bilim gorunyň, başarnyklarynyň özgerip, intellektual jemgyýetiň kemala gelmegidir. Şu ugurdan seretsek, biziň her birimiziň sanly ulgamyň mümkinçiliklerini öz işimizde peýdalanmakdaky şertlerimizi ýeterlik derejede öwrenmegimiz zerury ýagdaýdyr.

Berkarar döwletimizde yglan edilen 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda amala aşyrylýan işleriň ählisi bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak baradaky taýsyz tagallalarynyň netijesidir. Ýurdumyzda sanly ulgamy işjeň ornaşdyrmakda giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Maýa GURBANOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Lukmançylyk fizikasy we informatikasy kafedrasynyň mugallymy.

16828e9089dae2.jpeg
GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.


16828e872d720e.jpeg
AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY

Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.


16828e79d0aab4.jpeg
BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem  dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.


16828e4589b060.jpeg
ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY

Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.


16828e2f1b58f9.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.