HALKYMYZYŇ MILLI BUÝSANJY

17-05-23

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Ata Watanymyzyň gülläp ösmegi, ýurdumyzyň asuda, halkymyzyň agzybir durmuşda ýaşamagy üçin Arkadagly Serdarymyzyň durmuşa geçirýän ykdysady, syýasy we medeni özgertmeleri, türkmeniň milli buýsanjy bolan ajaýyp halylarymyzyň taryhy köklerini öwrenmek barasyndaky alyp barýan taýsyz tagallalary bizi diýseň buýsandyrýar.

Halyçylyk hünäri ussat gelin-gyzlarymyz tarapyndan sünnälenip, sungat derejesine ýetirildi. Hünäre ussat bolmak üçin başarnyk, zehin, ukyp gerek. Ýöne ukyp-başarnygyň, zehiniň ýeterlik bolaýanda-da, türkmen halysy ýaly sungaty döretmek örän kyndyr. Täsin galdyrýan owadan halylary dokaýan zenanlaryň döredijilik ukybyny görenler haýran galýarlar. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Janly rowaýat” atly kitabynda gyzykly maglumatlar berilýär. Bu kitapda haly gölleriniň nagyşlarynyň manysy hakynda hem giňden gürrüň edilýär. Täsin nagyşlar halyçynyň pähim-paýhasy, oý-pikirleri bilen dünýä inýär. Haly ýöne bir gözelligiň nusgasy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, gaýtalanmajak sungat eseridir.

Halyçylyk sungatymyzyň uzak geçmişden gözbaş alyp gaýdýandygy taryhy hakykatdyr. Arheologik gazuw-agtaryş işleri geçirilende halkymyzyň örän gadymy wagtdan bäri haly sungaty bilen meşgullanyp gelendigini tassyklaýan maglumatlara duş gelindi. Agzalan maglumatlary 1949-njy ýylda Daglyk Altaýyň Pazyryk depesinde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijeleri hem tassyklaýar. Bu ýerdäki gadymy guburlar barlananda milli halylarymyzyň ýüze çykarylmagy türkmen halysynyň köküniň müňýyllyklara uzaýandygyny subut edýär. Tapylan halydaky üýtgemeýän reňkleriň oýlanyp tapylmagy halyçylyk sungatynyň gadymy döwürlerde hem halkymyzyň esasy hünärleriniň biri bolandygyny aýdyňlygy bilen görkezýär.

Ol Daglyk Altaýdaky buzluklaryň arasynda saklanyp galypdyr. Halynyň käbir ýerleri zaýalanan hem bolsa, esasy bölegi biziň günlerimize gelip ýetipdir. Onuň düşegine sugunlaryň, bürgüt ganatly ýolbarslaryň, atlaryň şekili çitilipdir. Gadymy halynyň gyrasyndaky guýrugy düwlen bedewler hem türki halklarda yzygiderli duş gelýän şekilleriň biridir.

«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda türkmen halylarynyň şeýle nepisligi hormatly Prezidentimiziň “Janly rowaýat”, “Arşyň nepisligi” atly ajaýyp kitaplarynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Haly sungatymyzy dünýä ýüzüne ykrar edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Arzygül TÄJOWA, 
Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň 1-nji ýyl talyby.

16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16ab67cad97f60.jpeg
Garaşsyzlyk – durnukly ösüşiň aýdyň nyşany

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab67b8b789bb.jpeg
Mukaddes Garaşsyzlygymyz – milli buýsanjymyzyň, asudalygynyň binýady

Garaşsyzlyk - her bir halkyň milli buýsanjy, asudalygynyň binýady we geljege bolan ynamynyň güýç berýän mukaddes çeşmesidir. Häzirki wagtda Günüň ýagty şöhlesi bilen bezenýän, parahatçylygyň we durnuklylygyň mekanyna öwrülen ata Watanymyz Türkmenistan şanly taryhynyň täze bir belent tapgyryna - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk beýik toýuna buýsançly hem-de uly zähmet ýeňişleri bilen gadam basýar.


16ab37a9ec6d0b.jpeg
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY

Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.


16ab3788b244a0.jpeg
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY

Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.