Türkmeniň göz guwanjy türkmen halylary

16-05-23

Hormatly Prezidentimiziň “Türkmen halysy ynsan kalbyny joşa getirýän gudratdyr, türkmeniň öz milletine, diline, dinine, sungatyna, asylly däp-dessurlaryna bolan egsilmez söýgüsiniň nyşanydyr. Türkmen halysy halkymyzyň ruhy ahwalydyr. Gözelligi, nepisligi, müň dürli öwüşgünliligi, reňkleriniň ajaýyp sazlaşygy bilen göreni haýrana goýýan halylarymyzda halkymyzyň ähli ajaýyp häsiýetleri, milli aýratynlyklary jemlenendir” diýip belleýşi ýaly halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň biri bolan halylarymyz türkmen halkynyň göz guwanjy. Bu günki gün gelin-gyzlarmyzyň uz barmaklarynyň hünäri bolan türkmen halylary dünýä belli muzeýleriň törüni bezeýär, gadyr-gymmaty has-da rowaçlanýar.

Türkmen halky gadymýetden ylymly-bilimli sowatly halk hasplanypdyr. Sebäp diýeniňde entek ylmyň-bilimiň ösmedik döwründe türkmen zenanlary haly we beýleki el işlerini örän ussatlyk bilen dokapdyrlar. Ot çöplerden tebygy boýaglaryň alnyşy himiýa bilimine ýetik bolanyny aňlatsa, hala dürli nagyşlaryň, gölleriň salnyşy hasap-hesibiň dogry we dürs alyp barmagyň ýollaryny bilýändigini aňladýar. Türkmen halylaryny üns berip synlanyňda dünýä göz öňünde janlanýar, onda gülleri, kölleri, daglary we guşlaryň  aýak yzlaryny görmek bolýar.  Şeýle hem olaryň her bir nagyşlary çuňňur many-mazmuna eýe bolupdyr. Muňyň şeýledigine il arasynda haly nagyşlary, keçeler, el işleri  baradaky aýdylýan rowaýatlar güwä geçýär.

Türkmen halkynyň durmuşy haly bilen berk baglanyşyklydyr. Biziň eramyzdan öň II müňýyllyga degişli haly ýüpligini kesmäge niýetlenen bürünç keserleriň Türkmenistanyň günorta-günbatar tarapynda Sumbar jülgesinde tapylmagy, Altaý daglarynyň Pazryk belentliginde bäş müň ýyl mundan ozal dokalan haly türkmen halyçylygyna mahsus görnüşleriň saklanyp galmagy türkmen zenanlarynyň irki döwürlerde hem haly dokandygyny äşgär edýär.

Irki wagtlarda ene-mamalarymyz halydan  her dürli önümleri dokap, ak öýleri bezemek üçin, öý goşlaryny salmak üçin atlary we düýeleri toý günlerinde bezemek üçin peýdalanypdyr. Öý goşlary saklamak üçin torwa,  iklik, uk ujy, çuwal, horjun dokan bolsalar, ak öýleri bezemek üçin gapylyk, ýeňsi dokapdyrlar. Toý güni düýäni bezemek üçin kejewelik, atlar üçin bolsa içirgi, eýerlik dokapdyrlar.

Gadymdan ene-mamalarymyz bize özleriniň örän inçelik bilen dokan halylaryny we beýleki el işlerini miras goýup gidipdir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlykdöwründe Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde gelin-gyzlarmyzyň el işlerine uly baha berilýär.  Gadymdan gelýän el işleriniň taryhyny öwrenmek olary täzeçe öwüşginde dokamak, ýaş nesillerimize öwretmek işleri alnyp barylýar, ene-mamalarymyzyň ýol-ýörelgeleri, edim-gylymlary mynasyp dowam etdirilýär. Gahryman Arkadagymyz halyçylyk sungatyna bagyşlanyp neşir edilen “Janly rowaýat”, “Arşyň nepisligi” atly kitaplaryň üsti bilen türkmen halkynyň genji-hazynasy bolan nepis halylarymyzyň ruhy we maddy gymmatlygymyzyň at-abraýyny has-da belende göterdi.

2019-njy ýylyň dekabr  aýynda Kolumbiýanyň paýtagty Bogota şäherinde geçirilen ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasyny goramak boýunça hökümetara komitetiniň 14-nji mejlisiniň dowamynda türkmen milli halyçylyk sungatyny ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Türkmen milli halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi türkmen halylarynyň dünýä ýüzinde ýene-de bir gezek ykrar edilmeginiň aýdyň subutnamasydyr.

Ene-mamalarymyzyň yhlasyndan döräp, sungat derejesine ýeten halylarymyz ýaş nesillerimiz üçin bahasyna ýetip bolmajak milli gymmatlygymyz bolup durýar. Türkmen halkynyň taryhynda uly orny eýeleýän halyçylyk sungaty Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mynasyp dowam etdirmek, şan-şöhraty has-da artyrmak ugrunda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Sona ORAZSÄHEDOWA,
Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň 3-nji ýyl talyby.

TÜRKMEN BEDEWLERI BÜTIN DÜNÝÄŇ YKRARYNDA

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň milli buýsanjy we baýlygy hasaplaýan behişdi ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, olaryň baş sanyny köpeltmek boýunça başyny başlan başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär.


BAGTLY DÖWRE BUÝSANÇ

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek, ýaşlary ylmy gözleglere we innowasion açyşlara ugrukdyrmak döwlet syasatynyň iň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bagtyýar döwrümiziň berýän şeýle giň mümkinçiliklerinden ruhlanyp, ylmyň çet-gyrasyz dünýäsine gadam basan ýaşlaryň biri hökmünde, golaýda maňa "Ýaş alym" diýen abraýly adyň dakylmagy meniň üçin örän uly buýsanç we şol bir wagtda belent jogapkärçilik boldy.


Ahalteke bedewleriniñ dünýä jemgyýetindäki orny.

Ahalteke bedewi diňe bir at däl-de, eýsem türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren janly sungat eseridir. Taryhyň dowamynda türkmen halkynyň aýrylmaz bölegine öwrülen ahalteke bedewleri, diňe bir gözelligiň nusgasy däl, eýsem, Türkmenistanyň halkara giňişligindäki abraýynyň we medenýetiniň möhüm sütünidir.


TÜrkmen bedewi ― parahatçylygyň ilçisi

«Türkmen bedewleri gadymy topragymyzyň gudratydyr, öý-ojagymyzyň ýaraşygydyr, bahasyna ýetip bolmajak milli baýlygymyzdyr» diýip hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu günki eşretli Diýarymyzyda ahalteke bedewleri dünýä arenasynda abraýyna mynasyp hormat münberinde orun alýar.


169c969169252b.jpeg
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlar wekiliýetiniň Hindistan bilen tanyşlyk sapary

Häzirki döwürde ýaşlaryň arasynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, medeniýetleriň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak we ylym-bilim ugrundaky täze tejribeleri alyşmak aýratyn ähmiýete eýedir. Şu maksat bilen 2026-njy ýylyň 24-nji marty 2-nji apreli aralygynda Hindistan Respublikasynyň Mumbai, Goa we New Delhi şäherlerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň gatnaşmagynda tanyşlyk sapary geçirilýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.