SANLY BILIM — ÖSÜŞLERIŇ GIREWI

08-01-24

Soňky ýyllarda türkmen jemgyýetinde ylym, bilim, hünär, terbiýe meselelerine bolan talaplar Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda täze mazmuna eýe boldy. Hormatly Prezidentimiz bu barada: «Häzirki zaman jemgyýetinde hakyky gymmatlyklarynyň baýlyklarda däl-de, eýsem, adamlardadygyny, olaryň bilimindedigini, hünär derejesindedigini we zähmetiniň netijesindedigini görkezýär» diýip belleýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, maglumat tehnologik ösüşlerden gowy baş çykarýan ýokary bilimli, beden we ruhy taýdan sagdyn, watansöýüji, arassa ahlakly hünärmenleri taýýarlamakda uly aladalar edýär. Arkadagly Serdarymyzyň ýokary okuw mekdeplerimizde ýaşlara ýokary bilim bermek üçin döwrebap innowasion okuw serişdeleri bilen enjamlaşdyrmak, innowasion tehnologiýalary ulanmak arkaly sapaklary interaktiw usulda geçirmek mümkinçiligini döredýär. Munuň özi okuw işlerine ýurdumyzyň hem-de dünýä ylmynyň iň soňky gazananlaryny, maglumat tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmaga, ylmy-barlag işini işjeňleşdirmäge mümkinçilik berer.

Gündelik işe öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga aýratyn üns berilýär. Mugallymlara we talyplara düýpli barlaglary, içgin ylym synaglary geçirmäge has giň mümkinçilikler döredilýär. Bilşimiz ýaly, şu günki durmuşymyzy innowasion tehnologiýasyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Sanly bilimi ösdürmek talyplara has çuňňur bilimlerini ýokarlandyrmak, täze okuw endiklerini we innowasion enjamlary öwretmek, talybyň bilim derejesini, okuwa höwesini artdyrmaga uly ýardam berýär.

Häzirki wagtda ähli bilim ojaklarynda ýokary okuw mekdepleriniň arasynda uzak aralykda sapaklar, wideoşekilli maslahatlar, dersler boýunça döwrebap elektron toplumlary, elektron okuw kitaplary, okuw görkezme esbaplary, okuw sapaklaryna degişli wideo şekilli görnüşler döredip talyplara ýetirmek işi dowam edýär. Ýokary okuw mekdebimiziň ýaş mugallymlary we talyp ýaşlary ýaş alymlaryň arasynda ylmy işler boýunça yzygiderli bäsleşikler ýygy-ýygydan geçirilýär. Munuň özi ýokary bilim ulgamynda ylmyň sanly tehnologiýa esasynda alnyp barylýan işleriň aýdyň netijesidir.

Hormatly Prezidentimiziň başda durmagy bilen bilim ulgamyndaky özgertmeler has-da kuwwatlanyp, mugallymçylyk işine talyplaryň, geljekki ýaş hünärmenleriň taýýarlanmagy bilen baglanyşykly öňde durýan wezipeler täze mazmuna eýe bolýar. Jemgyýetimizde ýokary bilimli, hünärli talyp ýaşlary ýetişdirmek meselesini üstünlikli amal etmek hem bilim işgärleriň mukaddes borjy bolup durýar. Şeýle wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagynyň sakasynda milli Liderimiziň bimöçber aladalary durýar.

Berkarar döwletimizde yglan edilen 2024-nji ýylda – «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda eziz Watanymyzda ýaşlaryň kämil bilim almagy, ösen tehnologiýa enjamlaryndan dogry we dürs baş çykaryp, bilim bermäge döredýän mümkinçilikleri üçin hormatly Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Merdan GURBANOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary fakultetiniň 5-nji ýyl talyby. 

Halypa mugallymy: Amanmämmet BEKMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň "Inžener ulgamlary we torlary" kafedrasynyň mugallymy.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.