Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlara uly ynam bildirilýär

23-05-24

Halkymyz ähli döwürlerde ýaş nesliň edep-terbiýesine, bilimine, beden we ruhy kämilligine uly ähmiýet beripdir. Türkmen jemgyýetinde hemişe ýaşlaryň Watana wepaly, il-güne ygrarly, halal, zähmetsöýer, ilhalar ynsanlar bolup ýetişmegi ugrunda uly tagallalar edilipdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata-babalarymyzyň bu parasatly durmuş ýörelgesiniň dünýä nusgalyk derejede dowam etdirilýändigi bolsa guwandyryjydyr.

Ýurdumyzda döwlet Baştutanymyzyň parasatly syýasaty we Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary netijesinde Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň geljegi, onuň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň daýanjy bolan ýaşlara uly üns berilýär. Ýaş nesil baradaky alada eziz Watanymyzyň ertirki güni baradaky aladadyr. Häzirki wagtda türkmen ýaşlary bu alada mynasyp jogap bermäge çalşyp, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň mundan beýläk-de okgunly ösmegine, onuň halkara giňişlikdäki abraýynyň has-da belende galmagyna saldamly goşant goşýarlar.

Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgeden ugur alýan syýasaty hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň yglan eden strategik ugrunda mynasyp dowam edýär. Bu strategik ugruň esasy maksady döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine girişmek dabarasyndaky çykyşyndaky «Watan diňe halky bilen Watandyr!» diýen çuň manyly sözlerinde öz aýdyň beýanyny tapdy.

Döwlet tarapyndan ýaşlaryň dünýäniň abraýly we öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaklary üçin zerur mümkinçilikleriň döredilmegi häzirki döwrüň möhüm talaby bolup durýar. Ýurdumyzyň zehinli ýaşlaryny, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň buýurmalaryna laýyklykda, ykdysadyýetimiziň möhüm ugurlary boýunça daşary ýurt döwletleriniň abraýly ýokary okuw mekdeplerine okuwa ibermek işi ýola goýuldy. Şeýle hem birnäçe ýyllaryň dowamynda hökümetara ylalaşyklar we degişli maksatnamalar esasynda, Wengriýa, Rumyniýa, Hytaý we beýleki döwletlerde türkmen ýaşlarynyň dürli ugurlar boýunça bilim almaklary babatynda giň mümkinçilikler döredilýär.

Häzirki berkarar döwletimizde ýaşlary hakyky watançylyk, ynsanperwerlik, ýokary ahlaklylyk, Watana we şöhratly taryhymyza, halkymyzyň medeniýetine, däp-dessurlaryna, maşgala gymmatlyklaryna hormat goýmak ruhunda terbiýelemek, ylym-bilime höwesini artdyrmak hormatly Arkadagly Serdarymyzyň durmuşa geçirýän ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýar. Şu maksat bilen ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, zehinini ösdürmegi, hünär taýdan kämilleşmegi, giň dünýägaraýyşly, eziz Watanymyza wepaly şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin ähli şertler döredilýär. Halkymyzyň gadymdan gelýän türkmençilik dessurlarynyň biri bolan halypa-şägirtlik ýörelgesi mynasyp dowam etdirilýär.

Häzirki wagtda eziz Diýarymyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasaty üstünlikli amala aşyrylýar. Elbetde, okamak we öwrenmek, sport bilen meşgullanmak, döredijilikli we yhlasly zähmet çekmek bilen, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşmak bagtyýar nesillerimiziň baş maksady bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Diýarymyzda halkymyzyň baý medeni mirasyny gorap saklamak we öwrenmek, milli gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy wagyz etmek arkaly sagdyn, bilimli, ýokary aň-düşünjeli, watansöýüji ýaş nesiller üçin maksatnamalaýyn işler yzygiderli amala aşyrylýar. Türkmenistanyň ýaş raýatlarynyň döwletiň we jemgyýetiň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna işjeň gatnaşmaklaryny gazanmak, şeýle hem olarda belent ruhy-ahlak ýörelgeleri kemala getirmek, ösüp gelýän nesli watançylyk, ynsanperwerlik hem-de zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek işine möhüm ähmiýet berilýär.

Ýaşlarymyzyň bu asylly maksadyna ýetmeklerine ýardam etmekde Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçen ýyl kabul edilen «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» möhüm gollanma, ýol görkeziji bolup hyzmat edýär. Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy ýörelgelerini, maksatlaryny we wezipelerini hem-de esasy ugurlaryny özünde jemleýän bu Maksatnamada ýaş nesillere döwlet goldawynyň möhüm ugurlary beýan edilýär. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşma-gynda ýaňy-ýakynda geçirilen gurultaýda bolsa bu ugurda alnyp barylýan işleriň hukuk binýady has-da berkidildi: «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi kabul edildi. Ýaşlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmegi hem-de olaryň kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri babatda döwlet goldawynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen bu Kanun ýaşlaryň ýurdumyzyň syýasy–ykdysady, medeni durmuşyna işjeň gatnaşyp, döredijilik mümkinçiliklerini ýüze çykarmakda uly ähmiýete eýedir. Bu bolsa esasy zatdyr. Sebäbi Arkadagly Serdarymyz: «Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys» diýip, olara uly ynam bildirýär.

Döredilýän giň şertlerden netijeli peýdalanýan ýaşlar ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynda möhüm orny eýeläp, ähli ugurlar boýunça gazanylýan üstünliklere mynasyp goşandyny goşýarlar. Döwletimiziň ähli ulgamlarda gazanýan üstünlikleri bagtly geljegimiziň eýeleri bolan ýaşlar bilen berk baglanyşyklydyr. Hut şonuň üçinem bagtyýar ýaşlarymyz ýurdumyzyň, halkymyzyň bähbidine durmuşa geçiriljek beýik işlerde Arkadagly Serdarymyzyň daşyna berk jebisleşip, yhlasyny, ukyp-başarnyklaryny gaýgyrman, Watana wepalylygyň we zähmetsöýerligiň belent nusgasyny görkezmäge borçludyr.

Kalplara ganat baglaýan ajaýyp günlerde berkarar Watanymyzda ýaş nesliň bagtyýar durmuşy we nurana geljegi barada çuňňur aladalanýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Ýusup ÝAZLYÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Sanly tehnologiýalar we Kiberhowpsuzlyk fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

16828e9089dae2.jpeg
GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.


16828e872d720e.jpeg
AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY

Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.


16828e79d0aab4.jpeg
BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem  dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.


16828e4589b060.jpeg
ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY

Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.


16828e2f1b58f9.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.