Beýik zamananyň nusgawy şäheri

08-05-23

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy hem-de şäher gurluşygy we binagärlik sungaty babatdaky ýiti zehini bilen Arkadag şäherinde häzirki zaman talaplaryna laýyk enjamlaşdyrylan bilim, saglygy goraýyş, medeniýet edaralary we beýleki binalar gurlup ulanylmaga berilýär.

Arkadag şäherinde milli we häzirki zaman binagärliginiň ösen tejribeleri utgaşdyrylyp, «akylly» şäher konsepsiýasy ýokary derejede durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda täze şäher ägirt uly gurluşyk mekany bolup, ol ýerde şäher häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, Atçylyk sirkiniň, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň, Ruhyýet we Bagt köşkleriniň, kitaphana, drama teatr, muzeý ýaly medeni-aň bilim edaralarynyň, saglygy goraýyş we bilim edaralarynyň, çagalar baglarynyň, şäher derejesindäki kärhanalardyr guramalaryň binalarynyň hem-de köp gatly ýüzlerçe ýaşaýyş jaýlarynyň, durmuş maksatly beýleki desgalaryň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiziň: «Biz beýik işlerimizi Watanymyza bolan söýgimiz bilen amala aşyrýarys. Gaýratly zähmetimiz bilen Watanymyzyň beýikligini has-da şöhratlandyrýarys» diýen sözlerinden ruhlanyp, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagynyň, ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň hatyrasyna halk bähbitli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär.

Ata-babalarymyzyň şöhratly pederlerimize sarpa goýmak, ösüp gelýän ýaş nesli ata Watanymyza buýsanç ruhunda terbiýelemek, ýaşlaryň ruhubelent we sagdyn bedenli bolup ýetişmekleri baradaky wesýetlerine wepaly bolup, ýurdumyzyň bilim, ylym, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlaryny ösdürmekde bitiren hyzmatlaryny hem-de Ahal welaýat häkimliginiň towakganamasyny, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň teklipnamasyny göz öňünde tutup, «Döwlet kärhanalaryna, guramalaryna, edaralaryna, geografik we beýleki obýektlere at dakmagyň we olaryň adyny üýtgetmegiň tertibi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi täze, döwrebap edara ediş merkezinde gurlan bilim, saglygy goraýyş, medeniýet edaralaryna we sungat binasyna halkyň ykbalynda abraýly yz galdyran taryhy şahslaryň adyny dakmak hakda karar kabul etdi.

Milli Geňeşiň Mejlisiniň kabul eden karary esasynda, çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyny dakmak, merkezi seýilgähdäki belent sungat binasyna döwrümiziň görnükli syýasatçysy, türkmen halkynyň beýik Ogly Gurbanguly Berdimuhamedowyň — Gahryman Arkadagymyzyň adyny dakmak we mundan beýläk ony «Arkadag Binasy» diýip atlandyrmak, Halkara atçylyk ýokary okuw mekdebine Aba Annaýewiň, Ahal welaýat mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebine Berdimuhamet Annaýewiň, lukmançylyk orta hünär okuw mekdebine Saçly Dursunowanyň, Ahal atçylyk sirkine türkmen halkynyň milli gahrymany Göroglynyň, welaýat kitaphanasyna Döwletmämmet Azadynyň, drama teatryna Aman Gulmämmedowyň, ýörite sungat mekdebine Sahy Jepbarowyň, çagalar sungat mekdebine Şükür bagşynyň adyny dakmak bellenildi.

Arkadag şäheri täze döwrüň nusgalyk şäheridir. Şonuň üçinem, Arkadag şäheriniň geljekki ýaşaýjylary hem bagtdan paýly ynsanlardyr. Halkymyzyň bagtyýar, eşretli durmuşyny nazarlaýan asyrlara barabar işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Annamuhammet ÇARYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby.

Mekan ATAÝEW,
Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň 1-nji ýyl talyby.

1683803e45a58f.jpeg
Bitaraplyk — Parahatlyk

Häzirki wagtda döwletimiz ykdysadyýeti, durmuş ulgamy okgunly ösýän, döredijilik başlangyçlary öňe sürýän ýurt, halkara bileleşigiň işjeň agzasy hökmünde giňden tanalýar. Bu üstünlikleriň gözbaşynda giň ykrarnama we dünýäniň goldawyna eýe bolan oňyn Bitaraplyk syýasatymyz durýar.


1683804b380e91.jpeg
MUKADDESLIKLERIMIZE SEŽDE

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň gurluşynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän resminamadyr. Esasy Kanunymyzda müňýyllyklardan gözbaş alýan Watan, halk we döwlet baradaky mukaddes düşünjelerimiz, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiz bitewüleşdirilýär, berkararlygymyzyň ygtybarly binýady öz beýanyny tapýar.


1683400122a15f.jpeg
«Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi we maslahat geçirildi

24-nji maýda paýtagtymyzda Aşgabat şäher häkimliginiň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergi we maslahat öz işine başlady.


16834010cead65.jpeg
Diýarymyzda Türkmen halysynyň baýramy bellenildi

25-nji maýda paýtagtymyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisi geçirildi.


1683694565d992.jpeg
Döwlet gullugy akademiýasynyň wekillleri adam serişdelerini dolandyrmakda innowasion çemeleşmeler boýunça onlaýn okuwlaryny geçdiler

2025-nji ýylyň maý aýynyň 26-30-y aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň wekilleri Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Russiýanyň halk hojalygy we döwlet gullugy akademiýasynyň arasynda Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyň çäklerinde adam serişdelerini dolandyrmak ulgamy boýunça onlaýn okuwlaryny geçýärler.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.