Awtomobil

01-01-20

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman, Arkadag Prezidentimiziň başda durmagynda we bimöçber aladalary netijesinde ata Watanymyzyň her güni üstünliklere beslenýär. Bu üstünlikler ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýy bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Oňyn Bitaraplyk ýörelgeleri Türkmenistanyň daşary syýasy doktrinasynyň esasy ugurlaryny kesgitlemek bilen çäklenmän, syýasy durnuklylygy saklamak, dostlukly gatnaşyklary we netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrundaky tagallalaryň netijeli bolmagyna ýardam berýär.

2020-nji ýyl «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» diýlip atlandyryldy. Bu at Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagy bilen belent sepgitlere ýetendigini aňladýar. Hemişelik Bitaraplygymyzy gazanmagymyzdan bäri geçen 25 ýylda ýetilýän sepgitler ýylyň-ýylyna artýar. Bu döwürde ýurdumyzyň ähli pudaklary bilen bir hatarda «Türkmenawtoulaglary» agentliginde hem uly sepgitlere ýetildi. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen dünýä belli kompaniýalaryň önümleri bolan ýokary hilli ýolagçy awtobuslar, ýeňil taksi awtoulaglary we ýük awtoulaglary yzygiderli satyn alynýar hem-de döwrebap binalar we desgalar gurulýar.

  • Türkmenistanyň Prezidentiniň 2007-nji ýylyň 23-nji martyndaky «IRAN KHODRO City Bus-O457» kysymly şäheriçi awtobuslaryny satyn almak hakynda 8471-nji kararyna laýyklykda, «IRAN KHODRO City Bus-O457» kysymly şäheriçi awtobuslaryň 35 sanysy satyn alyndy.
  • Türkmenistanyň Prezidentiniň 2007nji ýylyň 18-nji iýunyndaky «IRAN KHODRO City Bus-O457» kysymly şäher we «IRAN KHODRO SC-457 Intercity Bus» kysymly şäherara awtobuslaryny satyn almak hakynda 8718-nji kararyna laýyklykda, «IRAN KHODRO City Bus-O457» kysymly şäher awtobuslarynyň 300 sanysy we «IRAN KHODRO SC-457 Intercity Bus» kysymly şäherara awtobuslarynyň 10 sanysy satyn alyndy.
  • Türkmenistanyň Prezidentiniň 2008- -nji ýylyň 16-njy maýyndaky «Hyundai New Super Aero City» kysymly şäheriçi awtobuslary satyn almak hakynda» 9827-nji kararyna laýyklykda, «Hyundai New Super Aero City» kysymly şäheriçi awtobuslaryň 10 sanysy satyn alyndy.
  • Türkmenistanyň Prezidentiniň 2008-nji ýylyň 22-nji noýabryndaky «Hyundai Universe Luxury» we «Hyundai Universe Noble» kysymly şäherara awtobuslaryny satyn almak hakynda 10103-nji kararyna laýyklykda, «Hyundai Universe Luxury» kysymly awtobuslaryň 20 sanysy we «Hyundai Universe Noble» kysymly awtobuslaryň 10 sanysy satyn alyndy.
  • Türkmenistanyň Prezidentiniň 2008-nji ýylyň 4-nji awgustyndaky «Ýolagçy awtobuslary satyn almak hakynda» 9939-njy kararyna laýyklykda, «PAZ-32054» kysymly awtobuslaryň 1000 sanysy satyn alyndy.
  • Türkmenistanyň Prezidentiniň 2009-nji ýylyň 5-nji ýanwaryndaky «Hyundai New Super Aero City» kysymly şäheriçi awtobuslaryny satyn almagyň meseleleri hakynda» 10154-nji kararyna laýyklykda, «Hyundai New Super Aero City» kysymly şäheriçi awtobuslaryň 490 sanysy satyn alyndy.
  • Türkmenistanyň Prezidentiniň 2009-njy ýylyň 25-nji aprelindäki10389-njy kararyna laýyklykda, «Kamaz 65115» kysymly awtoulaglaryň 400 sanysy satyn alyndy.
  • Türkmenistanyň Prezidentiniň 2009-njy ýylyň 25-nji dekabryndaky 10734-nji kararyna laýyklykda, «Hyundai Elantra» kysymly ýeňil awtoulaglaryň 300 sanysy satyn alyndy.
  • Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 20-nji maýyndaky «Hyundai Super Aero City» hem-de «Yutong ZK6129H» kysymly awtobuslary satyn almak hakynda» 12311-nji kararyna laýyklykda, «Hyundai Super Aero City» kysymly awtobuslaryň 200 sanysy we «Yutong ZK6129H» kysymly awtobuslaryň 50 sanysy satyn alyndy.
  • Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 20-nji maýyndaky 14781-nji kararyna laýyklykda, Koreýa Respublikasynyň «Hyundai» korporasiýasyndan 496 sany şäheriçi we mümkinçiligi çäkli adamlar üçin niýetlenen 4 sany «Hyundai New Super Aero City» kysymly awtobusy satyn alyndy.
  • Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 4-nji fewralyndaky 15114-nji kararyna laýyklykda, Hytaý Halk Respublikasynyň «Zhengzhou Yutong Bus Co., LTD» kompaniýasyndan 40 sany «Yutong ZK6122H9» kysymly uly awtobus we 50 sany «Yutong ZK6729D» kysymly orta synply awtobus hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň «Toyota Central Asia FZE» kompaniýasyndan 50 sany «Toyota Hiace» kysymly kiçi awtobus we 200 sany «Toyota Corolla» kysymly ýeňil awtoulag satyn alyndy.
  • Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 6-njy oktýabryndaky «KAMAZ 6520» kysymly awtoulaglary satyn almak hakynda 390-njy kararyna laýyklykda, 250 sany «KAMAZ 6520» kysymly awtoulag satyn alyndy.
  • Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 21-nji iýunyndaky «KAMAZ» kysymly awtoulaglary, ýörite tehnikalary we ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak hakynda 1283-nji kararyna laýyklykda, 2019-2021-nji ýyllarda «KAMAZ 6520» kysymly 600 sany awtoulag we düzüminde «KAMAZ 5490» kysymly eýerli çekiji we «NEFAZ-93341» kysymly tentli ýarym tirkegi bolan 50 sany ýük awtootlusyny satyn almak bellenen.

Häzirki wagtda «KAMAZ 6520» kysymly awtoulaglardan 200 sanysy we düzüminde «KAMAZ 5490» kysymly eýerli çekiji we «NEFAZ-93341» kysymly tentli ýarym tirkegi bolan 20 sany ýük awtootlusy ýurdumyza getirildi. Hormatly Prezidentimiziň degişli kararlaryna laýyklykda, Balkan welaýatynyň Bereket we Serdar şäherlerinde 100 orunlyk awtomenzil we 70 orunlyk awtoulag kärhanasy, Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň Garlyk şäherçesinde 100 orunlyk awtomenzil, Aşgabat şäherinde Halkara awtomenzili gurlup ulanmaga berildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň 11-nji aprelindäki «Awtoulag kärhanalar toplumyny we Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň okuw-türgenleşik merkezini gurmak hakynda» 736-njy kararyna laýyklykda, Aşgabat şäheriniň «Aşgabat – Daşoguz» awtomobil ýolunyň ugrunda Awtoulag kärhanalar toplumynyň we Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň okuw-türgenleşik merkeziniň gurluşygy alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiziň parahatçylyk söýüji daşary syýasatyndan ugur alyp, halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek we ulag ulgamyndaky köpugurly halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek ugurda degişli işler alnyp barylýar. Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Türkiýäniň we Türkmenistanyň Hökümetleriniň üstaşyr we ulag hyzmatdaşlygy hakyndaky Ylalaşygy (Lapis Lazuli ylalaşygy) hem-de «Halkara ulag we üstaşyr geçelgesini döretmek hakynda Eýran Yslam Respublikasynyň, Oman Soltanlygynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşygy (Aşgabat Ylalaşyk)» üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan 18 sany, ýagny Owganystan, Azerbaýjan, Gruziýa, Türkiýe, Eýran, Täjigistan, Özbegistan, Gazagystan, Pakistan, Belarus, Russiýa, Gyrgyzystan, Ermenistan, Ukraina, Latwiýa, Rumyniýa, Sloweniýa we Bahreýn döwletleri bilen Awtomobil gatnawy hakyndaky ylalaşyklara gol çekilen. Şeýle hem awtoulag boýunça ýurdumyz 7 sany Halkara konwensiýalara we ylalaşyklara gatnaşýar.

2015-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisinde kabul edilen «Durnukly köpugurly ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegine ýardam bermek maksady bilen ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üpjün edilmegi ugrunda» atly Kararnama laýyklykda, Hormatly Prezidentimiziň degişli karary esasynda, 2016-njy ýylyň noýabr aýynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahaty ýokary derejede we guramaçylykly geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatyna laýyklykda, ulag ulgamyndaky köpugurly halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek hem-de berkitmek maksady bilen, Hormatly Prezidentimiziň degişli kararyna laýyklykda, 2018-nji ýylyň maý aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň ulag ministrleriniň nobatdaky IX mejlisi ýokary derejede we guramaçylykly geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz tarapyndan 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda geçirilen Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň ýokary derejedäki duşuşygynda Hazarýaka döwletleri bilen köpugurly gatnaşyklary ösdürmek we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak barada öňe sürlen teklipleri we bu duşuşykda kabul edilen çözgütleri iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen, Hormatly Prezidentimiziň degişli kararyna laýyklykda, 2019-njy ýylyň awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde, «Türkmen sährasy – 2019» atly halkara awtosergisini hem-de Hazarýaka döwletleriniň ulag ministrleriniň duşuşygy ýokary derejede we guramaçylykly geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, bu halkara awtosergisi ýurdumyzda her ýylda geçiriler. Hormatly Prezidentimiziň Bitaraplyk ýörelgelerinden ugur alýan parahatçylyk söýüji daşary syýasatyna laýyklykda, halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek we ulag ulgamyndaky köpugurly halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek we bu ugurda alnyp barylýan işleri mundan beýläk hem dowam etdirmek maksady bilen, Hormatly Prezidentimiziň degişli kararyna laýyklykda, 2018-nji ýylyň noýabr aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Halkara ulag maslahaty ýokary derejede we guramaçylykly geçirildi.

Hormatly Prezidentimiziň ulag diplomatiýasyny ösdürmäge we häzirki zaman ulag-üstaşyr geçelgelerini kämilleşdirmek arkaly durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen daşary syýasatyny iş ýüzünde durmuşa geçirmek we bu babatda halkara guramalary bilen geçirilýän çäreleri yzygiderli dowam etdirmek maksady bilen, Hormatly Prezidentimiziň degişli kararyna laýyklykda, Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatyny geçirmek boýunça işler alnyp barylýar. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019–2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, «Türkmenawtoulaglary» agentligi tarapyndan, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde we Mary welaýatynyň Mary şäherinde ýolagçy awtomenzilini hem-de Ahal welaýatynyň dolandyryş merkezinde, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde we Mary welaýatynyň Mary şäherinde elektron enjamlar bilen enjamlaşdyrylan awtotürgenleşik meýdançasyny gurmak bellenip, bu wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň ähli ugurlarda sanly ulgama geçmek baradaky tabşyryklaryna laýyklykda:

  • Agentligiň Aşgabat şäherindäki we welaýatlardaky kärhanalarynyň hasabyndaky şäheriçi «Hyundia New Super Aero Сity» kysymly awtobuslarda nagt däl görnüşli elektron töleg ulgamy (walidator) ornaşdyryldy;
  • Paýtagtymyzdaky ýeňil taksi awtoulaglaryny internet ulgamynyň üsti bilen sargyt etmek hyzmatlar ýola goýuldy;
  • Paýtagtymyzdan ýurdumyzyň welaýatlaryna amala aşyrylýan şäherara we şäherýaka ugurlar boýunça gatnaýan awtobuslaryň ýol peteklerini internet ulgamynyň üsti bilen satyn almak hyzmatlary ýola goýuldy;
  • Agentligiň Aşgabat şäherindäki kärhanalarynyň hasabyndaky döwrebap awtobuslarda, ýeňil taksi awtoulaglarda, ýük awtoulaglarda we welaýatlardaky kärhanalaryň hasabyndaky döwrebap ýük awtoulaglarda GPS/Glonass ulgamy ornaşdyryldy.

Agentligiň https://www.awtoulag.gov resmi saýtynda Agentlik boýunça maglumatlar 4 dilde, ýagny türkmen, rus, iňlis we pars dillerinde ýerleşdirilen.


10-09 001-profile - 00.jpg
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW:

– Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde ýaşaýan ynsanlaryň ählisi her bir ädimde özi hakynda Döwletimiziň, hökümetimiziň, Prezidentiniň özüniň yzygiderli alada edýändigini duýup ýaşamalydyr.