YKBALY GALKYNAN BAGTYÝAR ÝAŞLAR
17-04-23

Ýurdumyzda döwlet Baştutanymyzyň parasatly syýasaty we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary netijesinde Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň geljegi, onuň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň daýanjy bolan ýaşlara uly üns berilýär. Ýaş nesil baradaky alada eziz Watanymyzyň ertirki güni baradaky aladadyr. Häzirki wagtda türkmen ýaşlary bu alada mynasyp jogap bermäge çalşyp, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň mundan beýläk-de ösmegine, onuň halkara giňişligindäki abraýynyň has-da belende galmagyna saldamly goşant goşýar. Ýakynda bolup geçen Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VIII gurultaýynda kabul edilen kararlaryň hem ýaş nesillerimiz üçin täze mümkinçilikleri açmagy - täze eýýamyň täze owazy bolup, ýaş nesilleriň kalbynda buýsanç duýgusyny oýarýar, ýaşlaryň ýagty ertirine bolan beýik ynamyna ynam goşýar.
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet Baştutanymyzyň beýik başlangyçlary netijesinde bilim ulgamynda ösüş-özgerişler gazanylýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ylym-bilim almaga, okamaga, döretmäge, sport bilen meşgullanmaga, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermäge ähli mümkinçilikler bar. Döwletimiziň bilim kuwwatyny artdyrmakda, ylmyň gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmakda ýurdumyzda beýik işler üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Ýurdumyzda ýaş nesliň döwrebap bilim almagy we olaryň kämil ýaşlar bolup ýetişmegi üçin bilim ojaklarynyň ençemesi interaktiw tagtalarydyr kompýuterleri bilen enjamlaşdyryldy. Munuň özi ýaş nesil baradaky aladanyň aýdyň subutnamasydyr.
Hormatly Prezidentimiz ylymly-bilimli, watansöýüji kämil şahsyýetleri kemala getirip, ýaş nesilleriň aň we bilim taýdan döwür bilen aýakdaş gitmelidigini aýratyn belläp geçýär. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde açylyp, ulanylmaga berilýän, dünýä ülňülerine laýyk gelýän, kämil tehnologiýalar bilen üpjün edilen, giň we ýagty otagly ak mekdepleriň we çagalar baglarynyň, sport we sagaldyş dynç alyş merkezleriniň sanynyň barha artmagy ýaşlar barada edilýän aladanyň çäksizdigini subut edýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ylym-bilimi ösdürmäge döwlet derejesinde aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzda bu möhüm ulgamyň işini düýpli kämilleşdirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmakda, sanly bilimi ornaşdyrmakda, dürli ugurlar boýunça hünärmenleri taýýarlamakda oňyn özgertmeler amala aşyrylýar.
Ylymly-bilimli ýaşlar biziň ertirimizdir. Häzirki wagtda ýaşlaryň döwrebap bilim-terbiýe almaklary, saýlan hünärleriniň eýeleri bolmaklary üçin döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär. Bilim babatda kabul edilen kanunlar giň gözýetimli, döwrüň ruhuna laýyk derejede pikirlenýän, döwrebap tehnologiýalardan baş çykarýan, saýlan hünärine yhlasly bolan türkmen ýaşlaryny terbiýelemäge, bilim işgärleriniň has netijeli işlemekleri üçin uly mümkinçilikleri açdy.
Türkmenistanyň ylym-bilim edaralarynyň internet ulgamyna birikdirilmegi bolsa, Watanymyzyň ylym-bilim ulgamynda gazanan üstünliklerini dünýä ýüzüne ýaýmak üçin şert döredýär. Şeýle hem bilim ulgamynyň işini döwrebap derejede guramak, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak boýunça dünýä tejribesinden ugur alnyp, sanly bilim ulgamyna geçmek babatynda giň möçberli işler alnyp barylýar. Bilim ojaklarynda sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda, şol sanda bilim babatda hyzmatdaşlyk edilýän daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri, ylym-bilim merkezleri bilen uzak aralykdan sapaklar, wideoşekilli maslahatlar yzygiderli guralýar. Çünki ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde, alnyp barylýan bilim-terbiýeçilik, ylym, sport, medeni-köpçülik işlerini, döwlet ähmiýetli özgertmeleri, ösüşleri giňden şöhlelendirmekde sanly bilim ulgamynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak maksadalaýykdyr.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Diýarymyzda durmuşa geçirilýän tutumly işleriň gözbaşynda ylym-bilimiň goýulmagy, bu ugurda dünýäniň iň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylmagy ösüp gelýän ýaş nesliň kämil bilim almagyna oňaýly täsirini ýetirýär. Bilim ulgamyndaky öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bu ugurda oňyn netijeleriň gazanylmagyny şertlendirdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bu ugra aýratyn ähmiýet bermegi bilen ähli ösüşleriň pugta binýadyny düzýän ylym-bilim ulgamynyň işi döwrüň talabyna görä, dünýä ülňülerine laýyk derejede yzygiderli kämilleşdirilýär. Aýratyn hem, bu ulgamda ylmy-tehniki innowasion ösüşlere, öňdebaryjy işläp taýýarlamalar tejribelerine, sanly bilime we sanly ykdysadyýete, täze hünär ugurlarynyň açylmagyna uly ähmiýet berilmegi öňegidişligiň gazanylmagyny has-da işjeňleşdirdi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň "Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar" ýyly alnyp barylýan işleriň rowaçlyklara beslenmegine badalga berýär. Türkmen ýaşlarynyň ylymly, bilimli, kämil dünýägaraýyşly bolmagy üçin beýik işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadag Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Kerwen MEREDOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Maglumat howpsuzlygynyň menejmenti hünäriniň 2-nji ýyl talyby.
Enegözel AŞIRNEPESOWA,
Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň 3-nji ýyl talyby.

Bitaraplyk — Parahatlyk
Häzirki wagtda döwletimiz ykdysadyýeti, durmuş ulgamy okgunly ösýän, döredijilik başlangyçlary öňe sürýän ýurt, halkara bileleşigiň işjeň agzasy hökmünde giňden tanalýar. Bu üstünlikleriň gözbaşynda giň ykrarnama we dünýäniň goldawyna eýe bolan oňyn Bitaraplyk syýasatymyz durýar.

MUKADDESLIKLERIMIZE SEŽDE
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň gurluşynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän resminamadyr. Esasy Kanunymyzda müňýyllyklardan gözbaş alýan Watan, halk we döwlet baradaky mukaddes düşünjelerimiz, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiz bitewüleşdirilýär, berkararlygymyzyň ygtybarly binýady öz beýanyny tapýar.

«Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi we maslahat geçirildi
24-nji maýda paýtagtymyzda Aşgabat şäher häkimliginiň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergi we maslahat öz işine başlady.

Diýarymyzda Türkmen halysynyň baýramy bellenildi
25-nji maýda paýtagtymyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisi geçirildi.

Döwlet gullugy akademiýasynyň wekillleri adam serişdelerini dolandyrmakda innowasion çemeleşmeler boýunça onlaýn okuwlaryny geçdiler
2025-nji ýylyň maý aýynyň 26-30-y aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň wekilleri Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Russiýanyň halk hojalygy we döwlet gullugy akademiýasynyň arasynda Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyň çäklerinde adam serişdelerini dolandyrmak ulgamy boýunça onlaýn okuwlaryny geçýärler.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.