MILLI LIDERIMIZIÑ ULAG DIPLOMATIÝASY
29-06-21
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow:
- “Geljek iri halkara we sebitleýin deňiz-derýa, awtomobil, demir ýol we howa ýollaryna çykmak arkaly ulag gatnawlarynyň utgaşykly ulgamy, olaryň her biriniň artykmaçlyklaryndan netijeli peýdalanylmagy bilen baglanşyklydyr”.
Biziň ýurdumyz Ýewropa, Aziýa-Ýuwaş umman we Günorta-Aziýa ykdysady ulgamlarynyň özara gatnaşyklarynyň transkontinental ykdysady köprüsiniň wezipesini ýerine ýetirýär. Şonuň üçin bu ugurda “Gündogar-Günbatar” we “Demirgazyk-Günorta” ugurlarda ýollary birleşdirýän esasy ugurlar boýunça milli düzümi has-da giňeltmek möhüm wezipeler hökmünde kesgitlendi. Halkara ulag geçelgeleri dünýä ykdysadyýetiniň globallaşmagynyň esasy ugurlaryna öwrüldi. Türkmenistan bu ösüşlerden çetde galman, öz çäginde yklymyň möhüm ulag merkezlerini döredýär. Ol ýurdumyzyň durnukly ykdysady we durmuş taýdan ösüşine, ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň we hyzmatlaryň dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga daýanýar, bu bolsa oňa dünýäniň senagat düzüminde mynasyp orny eýelemegine uly mümkinçilik berýär.
Türkmenistanyň yklymyň esasy ýollarynyň çatrygynda geografik ýagdaýynyň artykmaçlyklary biziň ýurdumyza Ýewraziýa gatnaşyklaryny üpjün etmek üçin milli serişdelerini amatly amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Hormatly Prezidentimiz bu konsepsiýany öňe ilerletmek bilen, häzirki zaman ulag we aragatnaşyk ulgamyny emele getirmegiň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtaýar. Bu syýasat ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge hem-de ählumumy abadançylygyň bähbidine giň sebit we halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmaga gönükdirilendir.
Türkmenistanyň ulag ulgamy önümçilik kuwwatlyklarynyň uly ätiýaçlyklaryna eýe bolup, oňa ýük daşalyşynyň we ýolagçy gatnadylyşynyň, şol sanda biziň ýurdumyzyň çäklerinden geçýän üstaşyr ugurlaryň artýan möçberlerini üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Ulag-üstaşyr ulgamy Türkmen döwletiniň geosyýasy maksadyna sazlaşykly goşulýar. Şol geosyýasy maksat öz öňünde häzirki zaman depginli ösýän dünýäde ýörelgeleriň berkemeginiň takyk strategik wezipelerini goýar.
Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli alyp barýan döredijilikli, parahatçylyk söýüjilik syýasatynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde Bitarap Türkmenistan anyk başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edýär. Şol başlangyçlar ählumumy ykrar edilmä eýe bolýar hem-de sebit we dünýä möçberinde hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň we netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna hyzmat edýär. Türkmenistan bu meselelere öz çemeleşmelerini kesgitläp, ilkinji nobatda, özüniň tiz ösýän üstaşyr-ulag geçelge artykmaçlyklaryny, şol sanda deňiz-derýa ulaglarynda diňe bir sebitiň ýurtlarynyň däl, eýsem, has giň – yklymara möçberlerde hem ykdysady bähbitlerde herekete getirmegiň mümkinçiliginden ugur alýar.
Watanymyzda ulag ulgamynyň işini kämilleşdirmek we halkara ulag ulgamlaryna birikmek hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň ählumumy durnukly ösüş boýunça 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynyň çäginde ulag ulgamynyň ösüşiniň geljegini kesgitleýän birnäçe meselelere serdilip, ulag we logistika ýaly geljegi uly ulgamda halkara hyzmatdaşlygyň dünýä ykdysadyýetiniň globallaşmak şertlerinde goşulyşmagyň möhüm şerti bolup durýandygy baradaky wajyp işler ara alnyp maslahatlaşylýar. Çünki, häzirki zamanyň ösen ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ulgamy köpsanly we howpsuz halkara ulag - logistika düzüminiň bolmagyny talap edýär.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen gurlup ulanylmaga berlen Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz menziliniň Hazaryň kenarynda bina edilmegi hem tutuş Merkezi Aziýa sebitiniň esasy logistik halkasyna öwrülmäge gönükdirilendir. Geljekde bu portuň ulanylmagynyň netijesinde Aziýanyň we Ýewropanyň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny täze derejä çykarjakdygy hem-de Aziýa bazarlarynyň Ýewropa üçin elýeterliligini ýokarlandyrjakdygy şübhesizdir. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi bilen Türkmenbaşydaky Halkara deňiz porty arkaly Hytaýdan, Ýaponiýadan, Koreýadan, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlaryndan gelip gowuşýan ýükleri Eýranyň Bender Abbas, Enzeli, Mirabad portlaryna, Russiýanyň we Gazagystanyň portlaryna ýa-da Azerbeýjanyň Baku portuna, şol ýerden bolsa Gruziýanyň Poti portuna ugratmaga mümkinçilik peýda bolar. Munuň özi dünýä ummanyna, ýagny, dünýäniň islendik ýurduna çykalgany açar. Iň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilýän halkara deňiz porty Ýewropa ýurtlary üçin Ýakyn we Orta Gündogar hem-de Hindi ummanynyň sebitindäki ýurtlaryň haryt we çig mal bazarlaryna çykmaga hem aňrybaş amatly şertleri üpjün eder. Şunlukda, ol giň möçberli ýük gatnawlarynyň ýoluna harçlanýan wagty has gysgaltmaga şert döreder. Munuň özi bolsa logistikanyň esasy şertleridir. Mundan başga-da täze deňiz menzili Türkmenistanyň ykdysady taýdan ösüşine, senagat we ulag düzümleriniň kämilleşdirilmegine, täze iş orunlarynyň döredilmegine oňyn şertleri üpjün eder we iri maýa goýumlarynyň çekilmegini şertlendirer.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň esasy “deňiz derwezesiniň” geljekki mümkinçilikleri barada aýdyp, ýurdumyzyň çäkleriniň “Gündogar – Günbatar ” we “Demirgazyk – Günorta” ugry boýunça tebigy ulag geçelgesi bolup durýandygyny nygtady we bu geçelgäniň iri dünýä bazarlaryna çykmaga kömek berjekdigini belledi.
Türkmenistanyň ulag ulgamy önümçilik kuwwatlyklarynyň uly ätiýaçlyklaryna eýe bolup, oňa ýük daşalyşynyň we ýolagçy gatnadylyşynyň, şol sanda biziň ýurdumyzyň çäklerinden geçýän üstaşyr ugurlaryň diňe bir deňiz-derýa ulaglary ulgamynda däl, eýsem ykdysadyýetimiziň awtomobil ulaglary ulgamynyň üsti bilen hem dürli görnüşli ýükleri daşamakda uly işleri amala aşyrýar. Mälim bolşy ýaly häzirki döwürde Türkmenbaşy şäherinde ýokary tizlikli, döwrebap awtobany gurulýar. Bu ýoluň ulanylmaga berilmegi netijesinde Merkezi Aziýadan gelýän ýükleri Aşgabat – Türkmenbaşy ugur boýunça täze deňiz menziline äkidilip, Hazar deňziniň üsti bilen Kawkaza, şol ýerden bolsa Türkiýä hem-de Ýewropa ýaly ýurtlara halkara ýük gatnawlary amala aşyrylar.
Häzirki döwürde Türkmenistan ýurdumyz ulag-kommunikasiýa ulgamyny ösdürmek, demir ýol, awtomobil, deňiz, howa ulaglarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň möçberli milli maksatnamalary, şeýle hem hereket edýän ulag geçelgelerini giňeltmek we täzelerini döretmek boýunça geljegi uly meýilnamalary amala aşyrýar. “Biziň döwletimiziň üstaşyr gatnawlar logistikasynda mümkinçilikleriniň gerimi işe girizilen Gazagystan – Türkmenistan – Eýran hem-de Kerki – Ymamnazar (Türkmenistan) – Akina (Owganystan) – Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň birinji nobatdakysyny, Amyderýanyň üstünden geçýän demir ýol we awtomobil köprülerini, howa menzillerini, döwrebaplaşdyrylýan ýokary tizlikli awtomobil ýollaryny nazara alanyňda, aýratyn täsir galdyrýar” diýip hormatly Prezidentimiz belleýär.
Türkmenistan ýurdumyz öz ykdysadyýetiniň kuwwatyny yzygiderli artdyrýar, innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy, serişdeler bilen bagly mümkinçilikler, durmuşyň ähli ugurlarynda giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmaga mümkinçilikler berýär.
Bagtyýarlyk döwrümizde milli Liderimiziň ykdysadyýetimiziň ulaglar ulgamyny ýokary derejä ýetirmek bilen baglanyşykly edýän tagallalary ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösmegine, halkyň eşretli durmuşda ýaşamagyna uly goşant goşýar. Türkmen halkyny bagta ýetirip, bagtyýarlykda ýaşadýan, ulag we aragatnaşyk düzüminiň has-da kämilleşmeginde bimöçber aladalary edýän Arkadag Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak we il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri elmydama rowaç alsyn!
Möwlam HAÝTGULYÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty.
Türkmenistanyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilýän halkara mediaforumyna gatnaşýar
Türkmenistanyň wekiliýeti Özbegistan Respublikasynyň Daşkent we Samarkant şäherlerinde 24–29-njy awgust aralygynda geçirilýän «Yslam siwilizasiýasy: täze garaýyş, täze açyşlar» atly halkara mediaforumyna gatnaşýar. Forumyň işine dünýäniň 50-den gowrak ýurdundan köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ylmy we medeni ulgamlaryň wekilleri gatnaşýarlar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
“elkitap” programmasy bäş dilde elektron we audiokitaplary hödürleýär
“elkitap” programmasy ulanyjylara türkmen, rus, iňlis, türk we ýakynda goşulan nemes dillerinde elektron hem-de audiokitaplary hödürleýär. Bu barada programmanyň kontent menejeri Oleg Sanjiýew Aşgabatda 19–22-nji awgust aralygynda geçirilen “Kids Expo 2026: Ähli zat çagalar üçin” halkara sergi-ýarmarkasynyň dowamynda “Business Turkmenistan” neşirine beren gürrüňdeşliginde aýtdy.
Pakistanyň işewür wekiliýeti “Aýdyň Gijeler” kärhanasynyň önümçilik işleri bilen tanyşdy
Pakistanyň işewür toparlarynyň we resmi edaralarynyň wekilleri iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmak maksady bilen “Aýdyň Gijeler” kompaniýasyna iş saparyny amala aşyrdylar. Bu barada kompaniýa şenbe güni habar berdi.
Türkmenistan bilen Pakistan maglumat tehnologiýalary ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürer
Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynda Pakistan Yslam Respublikasynyň Maglumat tehnologiýalary we telekommunikasiýalar ministrliginiň Halkara utgaşdyrma bölüminiň agzasy Muhammad Amir Maligiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyk 20-nji awgustda geçirilip, onuň dowamynda taraplar maglumat tehnologiýalary ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Astrahanda noýabr aýynda IV “Demirgazyk — Günorta” halkara forumy geçiriler
Çäräni gurnaýjylar forumyň halkara düzümini giňeltmegi meýilleşdirip, gatnaşyjy ýurtlaryň sanyny 15-den 22-ä, wekilleriň sanyny bolsa 350-den gowrak adama ýetirmegi göz öňünde tutýarlar. Çärä Russiýanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň, Yragyň, Owganystanyň, Türkiýäniň, Omanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň logistika kompaniýalarynyň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.